Saýta her gün täze ýazgylar gelýär. Köpüsi diýen ýaly gowy. Käbirini bolsa "Saýlananlar" bölüme geçirmän yzyna gaýtarmaly bolýar. Awtorlaryň "näme üçin?" diýen soraglaryna jogap bereli, bir gezek açyk ýazalyň: bizde näme goldanýar, näme goldanmaýar.
Düzgün ýönekeý:
ýazgyda siziň özüňiz bolmaly.
Aktual tema, öz pikiriňiz
Teswirler pikir aýdylýan ýer. Tema islendik bolup biler: bir waka, täze tehnologiýa, kino, kitap, gündelik durmuş. Esasy zat, siz bu barada näme pikir edýärsiňiz? Ylalaşýarsyňyzmy, garşymy, näme üçin? Habary okyjy başga ýerden hem okar. Siziň pikiriňizi bolsa diňe şu ýerden okap biler.
Öz terjimäňiz
Başga dilde gowy makala, hekaýa okadyňyzmy? Terjime ediň, paýlaşyň. Ýöne terjimäni özüňiz eden bolmaly. Asyl çeşmäni we awtoryny görkezmegi hem unutmaň.
Öz çeper eserleriňiz
Hekaýa ýazýarsyňyzmy? Goşgy düzýärsiňizmi? Onda bu sahypa siziňki. Çekmede ýatan eseri hiç kim okamaýar. Bu ýerde bolsa ony okajak, pikirini ýazjak adam bar.
Başgalaryň eseri, siziň garaýşyňyz
Halaýan ýazyjyňyzyň kitaby ýa-da bir şahyryň goşgusy barada ýazyp bilersiňiz. Ýöne eseri göçürip goýmak ýeterlik däl. Öz sözüňizi goşuň: size näme täsir etdi, haýsy setir ýadyňyzda galdy, näme bilen ylalaşmaýarsyňyz.
Näme goldanmaýar
Başga saýtyň habaryny göni copy/paste edip goýmak. Sebäbi ol ýazgy siziňki däl. Okyjy ony asyl çeşmesinden hem okap biler.
Habar gyzykly göründimi, paýlaşasyňyz gelýärmi? Iki ýol bar. Linkini pikirler bölüminde goýuň. Ýa-da şol habar barada öz pikiriňizi ýazyň, çeşmäni görkeziň. Bu eýýäm siziň makalaňyz bolar.
Ibermezden öň
Özüňize bir sorag beriň:
"Bu ýazgyda meniň özümden näme bar?"
Jogap bar bolsa, garaşýarys.
Teswirler.com administrasiýasy

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň