Gowy makala döretmek aňsat däl. Awtor gözleýär, okaýar, pikirlenýär, ýazýar. Okyjy bolsa ony üç minutda okap çykýar. Halasa, pikir galdyrýar. Köplenç bolsa ümsüm geçip gidýär.

Indi awtora “sag boluň” diýmegiň ýene bir ýoly bar. Saýta donate goşduk.

Donate näme?

Bu okyjynyň awtora meýletin goldawy. Çaý haky ýa-da kofe haky. Makala göwnüňize ýaradymy? Awtora goldaw geçirip bilersiňiz. Hiç kim mejbur däl. Makalalar öňküsi ýaly hemmeler üçin açyk.

Goldaw bermek üçin knopkajyk
Goldaw bermek üçin knopkajyk

Nähili işleýär?

Häzirlikçe goldawy telefon balansyňyzdan geçirip bolýar.

Bu entek synag

Açyk aýdalyň: ulgam beta görnüşinde işleýär. Biz ony barlap görýäris. Şonuň üçin käbir ýerde säwlik çykmagy mümkin. Bir zat işlemese ýa-da düşnüksiz bolsa, bize ýazyň. Ýagny maňa şahsy hat görnüşde. Siziň habaryňyz ulgamy düzetmäne kömek eder.

Näme üçin goşduk?

Biz saýtda ýokary hilli makalalaryň köpelmegini isleýäris. Munuň üçin awtor zähmetiniň gadyryny duýmaly. Donate şol ýoldaky ilkinji basgançak. Yzy hem bolar.

Awtor goldawy nädip alýar?

Ýygnanan goldawy awtor balansyň möçberi 10 manatdan geçse, islän wagty çykaryp bilýär. Goldaw onuň telefon belgisine geçirilýär. Platforma hyzmat haky 15%, ol goldaw ugradyjydan alyp galýar. Meselem, 10 manat goldaw gelse, awtora 8,5 manat barýar.

Awtorlara maslahat

Makalaňyzy näçe köp adam okasa, şonça gowy. Ýöne okyjy öz-özünden gelmeýär. Makaladaky “Paýlaş” düwmesini ulanyň. Linki dostlaryňyza iberiň, sosial torlarda goýuň. Käte bir paýlaşma onlarça täze okyjy getirýär.

Okyjylara-da haýyşymyz bar: halan makalaňyzy paýlaşyň. Bu size mugt düşýär, awtor üçin bolsa uly goldaw.


Teswirler.com administrasiýasy