Käbir wakalar adamyň aňyna şeýle bir täsir edýär welin, olary eşideniňde hakykatdan bolup geçendigine ynanmak kyn bolýar. Adam durmuşynda tötänlikleriň nähili uly orun eýeleýändigini görkezýän wakalar az däl. Şolaryň biri hem ýapon raýaty Tsutomu Ýamagutiniň başyndan geçirenleri bolupdyr. Ol adamzat taryhynyň iň pajygaly wakalarynyň biri bolan atom bombalarynyň hüjümine iki gezek gabat gelip, her gezek ölüm howpundan aman galmagy bilen taryhda özboluşly orun eýeläpdir.

1945-nji ýylyň awgust aýynda 29 ýaşly Tsutomu Ýamaguti Ýaponiýanyň Hiroşima şäherinde iş saparynda bolupdyr. Ol Mitsubishi kompaniýasynda inžener bolup işläpdir we şol döwürde birnäçe günläp şäherde iş bilen meşgullanypdyr. 6-njy awgust güni ol öýüne, Nagasaki şäherine dolanmaga taýýarlanyp ýörkä, irden şäheriň asmanynda güýçli ýalpyldy peýda bolupdyr. Birnäçe sekuntdan soň bolsa Hiroşimanyň üstünde atom bombasy partlapdyr. Şol wagt partlama bolan ýerden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşen Ýamaguti hem güýçli zarbanyň täsirine düşüpdir. Ol ýaralanypdyr, gulagynyň eşidiş ukybyna zeper ýetipdir we wagtlaýynça görüş ukybyny hem ýitiripdir. Şäheriň öňki keşbi bütinleý üýtgäpdir. Öýler we binalar weýran bolup, köçeler harabalyga öwrülipdir. Şeýle agyr ýagdaýda-da ol diri galmagy başarypdyr.

Ýamaguti şol betbagtçylykdan soň iki gün töweregi wagt geçenden soň dogduk şäheri Nagasaki şäherine dolanyp barypdyr. Ol maşgalasy bilen duşuşyp, başyndan geçen elhenç wakany gürrüň beripdir. Elbetde, şeýle ýagdaýdan soň onuň üçin iň möhüm zat maşgalasynyň ýanynda bolmak we adaty durmuşyna dolanmak bolupdyr. Emma ol özüniň ýene-de şeýle betbagtçylygyň merkezinde galjakdygyny göz öňüne-de getirmändir. 9-njy awgust güni ol iş ýerine barypdyr we kärdeşlerine Hiroşimada bolup geçen wakalar barada gürrüň beripdir. Ol bir bombanyň şeýle uly şäheri weýran edip bilendigine henizem ynanyp bilmeýändigini aýdypdyr. Şol wagt kärdeşleriniň biri onuň gürrüňlerine geň galyp, bir bombanyň beýle uly zyýan ýetirip biljekdigine ynanmandyr. Ýöne Ýamaguti öz görenlerini düşündirmäge synanyşyp durka, otagyň daşynda ýene-de güýçli ýalpyldy peýda bolupdyr. Bu gezek Nagasaki şäheriniň üstünde atom bombasy partlapdyr.

Şeýlelikde, bary-ýogy üç günüň dowamynda Ýamaguti iki dürli şäherde bolup geçen iki atom bombasynyň hüjümine-de şaýat bolupdyr. Iň geň ýeri bolsa, ol ikinji partlamadan hem aman galypdyr. Iki gezek şeýle uly betbagtçylygy başdan geçirmegine garamazdan, ol maşgalasy bilen bilelikde durmuşyny dowam etdirmegi başarypdyr. Elbetde, bu wakalar onuň saglygyna we ruhy ýagdaýyna agyr täsir edipdir. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen ol ýene-de işine dolanypdyr, inžener hökmünde zähmet çekipdir we soňra mugallymçylyk bilen hem meşgullanypdyr.

Ýyllaryň dowamynda Ýamaguti başyndan geçen wakalary barada köpçülige kän bir gürrüň bermändir. Emma wagtyň geçmegi bilen ol özüniň başdan geçirenlerini diňe şahsy ýatlama hökmünde däl, eýsem bütin adamzat üçin möhüm sapak hökmünde kabul edip başlapdyr. Ol Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde bolup geçen wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin çykyş edipdir, ýadro ýaragsyzlanmagynyň zerurdygyny nygtapdyr. 2006-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde geçirilen çärelere gatnaşyp, öz tejribesi barada gürrüň beripdir. 2009-njy ýylda bolsa Ýaponiýanyň häkimiýetleri onuň iki atom bombasynyň hüjüminden hem aman galandygyny resmi taýdan ykrar edipdirler. Tsutomu Ýamaguti 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda 93 ýaşynda aradan çykypdyr. Şeýle-de bolsa, onuň başdan geçirenleri taryhda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup galypdyr.

*Meniň pikirimçe, Tsutomu Ýamagutiniň başdan geçirenleri diňe bir adamyň täsin ykbaly barada gürrüň bermeýär. Bu waka durmuşda käwagt adamyň göz öňüne getirip bilmejek ýagdaýlarynyň bolup bilýändigini görkezýär. Ýöne meniň üçin bu hekaýanyň iň täsirli tarapy onuň iki gezek ölüm howpundan aman galmagy däl-de, şol agyr wakalardan soň hem ýaşamagyny dowam etdirip, bütin dünýä parahatçylygyň ähmiýetini düşündirmäge çalşanlygydyr. Adamzat taryhy şeýle wakalardan sapak almalydyr. Sebäbi taryhyň iň uly gymmatlygy diňe bolup geçenleri ýatda saklamakda däl, eýsem şol ýalňyşlyklaryň gaýtalanmagyna ýol bermezlikdedir...

Çeşme: Internet maglumatlary esasynda

Makalany internet maglumatlary esasynda toplan we türkmen diline terjime eden: Sabyr Ýegelekow