Towuk bolup ölen bürgüt
Bir adam ýolda barýarka, bir bürgüdiň jüýjesini tapýar we ony öýüne getirip, towuklaryň ketegine salýar. Bürgüdiň jüýjesi towuklaryň içinde ulalýar. Ol özüni towukdyryn öýdýär. Bir gün asmana seredende, belentde süzüp ýören haýbatly bir guşy görýär. Ýanyndakylardan: "Bu nähili owadan guş?" diýip soraýar. Towuklar: "Bu bürgüt, guşlaryň şasy. Ýöne sen oňa öýkünip bilmersiň, sen diňe towuk" diýýärler. Bürgüt şondan soň başga hiç zat soramaýar we ömrüni towuk bolup ýaşap ötürýär. Sebäbi ol özüni şeýle diýip ynandyrypdy... [Gysga bellik: Ýanyňyzda kimler bar bolsa, siziň hem olara meňzemegiñiz ähtimal. Özüňizi çäklendirmäň. Siz bürgüt bolup doglan bolsaňyz, towuklar bilen bile ýaşamak siziň tebigatyňyzy üýtgedip bilmez. Hakyky kuwwadyňyzy ýüze çykaryň!]
Internet sahypalaryndan.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň