*Bu ýazgy bolan waka esasynda ýazyldy.
Şol wagt on bir ýaşymdadym.
Ýurdumyzyň günortasyndaky obalaryň birine tomusky dynç alyşda bir aýlyk gidipdim. Enemleriň köçesiniň ileri ujyndaky bir toýa çakylyk edildi. Menem toýa enem bilen toýa gitdim. Obanyň toýa baran özüm ýaly oglanlary bilen tanşyp, gümür-ýamyr edip, güýmendim.
Toýda adat bolşy ýaly pul seçilýär. Obaň çagalary biri-birinden çalasyn bolansoň, seçilen puly ýere gaçyp gaçmanka zybyrdap çöpleýärdiler. Men bolsa, ilkinji gezek gören hezilligimiň garşysynda tolgunyp, aljyrap, hiç-hili diýen ýaly pul çöpläp bilemokdym. Yzly-yzyna seçilýän pullardan zordan birini-ikisini çöpleýänçäm, obaň oglanlary ylgaşlap, biri-biri iteläp, haýdap gysymlaryny dolduryp pul çöpleýärdiler.
Toýuň gelnalyjysy gelip, nahar çekildi. Menem özüm ýaly çagalar bilen hazil edip toý tagamyny iýdim. Nahardan soň, obaň çagalarynyň her biri çöplän pulyny beýlekilere göz edip, sanap görkezýärdir. Nazar atly bir oglanjyk biziň aramyzda iň köp pul çöplan oglandy. Ol, uly bir elýaglygy dolduryp duran petde-petde puly kisesinden çykaryp bize gijeňledi. Meniňem oňa gözüm gitdi. Meň kisämde bary-ýogy dört-bäş sany kagyz pul bardy. Ony obaň çagalaryna görkezmäge-de utandym.
Sähel salymdan kelläme şum pikir geldi: “Nazaryň kisesindäki puly ogurlasam, onda toýda iň köp pul çöplän çaga men bolýaryn”...
Bu pikir esli salym meniň kellämde aýlanyp, meni öz erkime goýmady. On bir ýaşlyja oglan, beýleki çagalaryň arasynda tas hiç-hili pul çöplemändigne utanyp, deň-duşlaryndan kem galmajak bolup, ahyry ýaňky şum pikiri amal etmeli diýen netijä geldi...
Obaň çagalary bolup üýşüp, toý dabara tomaşa edip oturdyk. Men Nazary çagyrdym. Ýanyma geldi. Men oňa, elimi asmana tarap galdyryp, “asmana seret, owadan ýyldyzy gördüňmi” diýdim. Ol başyny galdyryp, ýokary sereden badyna, men onuň galyň kisesine el urdum. Içi puldan doly elýaglygy alyp, bada-bat ol ýerden ökjäni göterdim.
Şeýle bir batly ylgadym welin, tas uçýarmykam öýtdüm. Ýüregimem gürs-gürs urup, gursagymdan çykaýjak bolýardy. Toý ýer bilen enemleriň arasynda bäş kilometr çemesi bardy. Şol aralygy bar güýjüm bulen ylgap geçdim. Yzymdan ylgan käbir çagalaram meni tutup bilmediler. Garamy ýitirdiler. Ýolugra ylgap gelýärkäm, ýaňky içi pully elýaglygyň daňysyny çözüp, elýaglyga ardynjyrandym. Soň bolsa elýaglygy ýolugra bir howla zyňyp görberdim.
Enemleriň howlusyna alňasap geldim. Öýe girsem, meni tapyp ogurlygymy orta çykarjaklary ikuçsyzdy. Enemleriň howlusynyň mellek aýak ujynda içinde ot-çöp basylýan küme bardy. Şol kümä ylgap girdim. Ot-çöpleriň arasyna girip bukuldym.
Aradan ýarym sagat geçmänkä, Nazar ejesi bilen enemleriň öýüne geldi. Öýüň içinden meni gözlediler. Günortan ymyzganýan enemi hem bimaza etdiler. Olar her näme-de bolsa, meniň bukulan ýerimi – kümäň içini barlamadylar. Esli salym gözläp, meni tapman, yzyna dolandylar.
Iki sagat çemesi wagt geçdi. Men henizem kümede bukylyp, bükgüldide otyrdym. Suwsap agzym kepäpdi. Şonda-da, kümeden çykman çydap otyrdym. Eýtmeli-beýtmeli ele düşmeli däldim.
Meýdandan işden gelen kakamyň körpe inisi Agamyrat enemden bolanlary eşidip, howlyň içini mazaly gözlemäge başlady. Ol aralykda kisesindäki pulyny aldyran Nazaryň kakasy hem enemleriň öýüne gelip ýetişipdi. Iki bolup howluň içinde meni gözleýärler. Men bolsa uzakda, kümäň içinde olaryň seslerini eşidýärdim. Kümäň arasyndan yş girýän tagta bölekleriniň aralygyndan Agamyrat bilen Nazaryň kakasyny synlaýardym.
Ýene ýarym sagat çemesi wagtdan, ahyry kümäň gapysyny açdylar...
Ele düşdüm. Ogurlykda tutuldym…
Ine, şeýlelik bilen men ýaşajyk wagtym, enemleriň obasyndaky toýda ogurlyk edip, ile gep-gürrüň, wejera bolupdum...
Gyzykly ýeri - eden ogurlygym üçin maňa berlen temmi. Bu barada, geljekde aýratyn ýazgy edip, siz okyjylara ýetirerin. Hökman ýetirerin. Sebäbi ol temmi, aýratyn ýazgy edip, gürrüň bermäge mynasyp waka. [ine, hut şu pursat, awtor çalaja ýylgyrdy]
Bu bolan waka esasynda ýazan ýazgymdan nähili netije çykarmalydygy, parasatly we talapkär okyjy hökmünde siziň özüňize bagly.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (30)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...