6-njy oktýabrda Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň binasynda beýikligi 2,5 metre ýetýän, daşy 23 karatlyk altyn bilen gaplanan “Mämişi mergi” (The Orange Plague) atly Trumpyň satiriki heýkeli dikildi. Heýkelde Trump çuw-ýalaňaç halda, özüne mahsus bedroý göwresi bilen bir horumsy adamyň egninde otyr. Bir elinde golf taýagyny, beýleki elinde bolsa adalat terezisini saklaýar. Heýkeliň düýbündäki ýazgyda bolsa şeýle diýilýär: “I am sitting on the back of a man. He is sinking under my burden. I will do anything to help him. Except stepping down from his back.” Ýagny: “Men bu adamyň gerdeninde otyryn. Ol meniň agramymyň astynda ezilýär. Ýöne men oňa elimden gelen kömegi ederin. Diňe gerdeninden düşmekden başga”.

Heýkeliň awtory daniýaly heýkeltaraş Ýens Galşhiot. Onuň aýtmagyna görä, bu eserini döredende Gans Kristian Anderseniň “Täze lybasly patyşa” ertekisinden ruhlanypdyr. Ertekide owadan geýinmegi aşa gowy görýän, şöhratparaz bir patyşa barada gürrüň berilýär. Günlerde bir gün onuň ýurduna özlerini ökde tikinçi diýip tanadan iki sany kezzap gelýär. Olar patyşa diňe akylly adamlaryň görüp biljek jadyly lybasyny tikip berjekdiklerini wada edýärler.
Patyşa olara ummasyz pul we gymmatbaha matalary berýär. Emma tikinçiler aslynda hiç zat tikmeýärler, diňe tikinsireýärler. Olaryň tikýän jadyly lybasyny barlamak üçin patyşa öz ministrlerini ugradýar. Olar hem hiç zat görmeseler-de, akmak saýylmakdan gorkup, ýok lybasyň gözelligini gelip patyşa taryp edýärler. Ahyrsoňy kezzaplar patyşany “geýindirip”, ony dabaraly ýörişe çykarýarlar. Muny görmäne gelen halk hem akmak görünmekden çekinip, patyşanyň lybasyny öwüp, ony arşa göterýärler, tä köpçüligiň içinden bir oglanjyk: “Patyşa ýalaňaç ahyryn!” diýip gygyrýança. Şondan soň beýlekiler hem hakykaty boýun alyp: “Patyşa ýalaňaç! Patyşa ýalaňaç!” diýip uly şowhun bilen gygyrmana başlaýarlar.
Heýkeltaraş bu barada şeýle diýýär: «Trump altyny gowy görýär. Bir tarapdan seretseň, daşyny altyn bilen gaplanymyzdan soň bu heýkel Trumpyň özüne-de ýaraýmagy ähtimal. Ýöne ol altyn çaýlanandan soň şeýle bir şöhle saçýar welin, şol ýagtylykdan ýaňa özünden başga hiç zady görenok».
Awtoryň bu ýerde ýetirmek islän esasy pikiri: ol Trump bilen Anderseniň ertekisindäki patyşanyň arasyndaky meňzeşligi paş edýär — olaryň ikisini hem diňe öz egoizmine batan, şöhratparaz narsist adamlar hasaplaýar. Olaryň töweregindäki köpçülik bolsa akmak görünmekden ýa-da gazaba duçar bolmakdan gorkup, hakykaty aýtmakdan çekinýän gorkak adamlar hökmünde suratlandyrylýar.
Bu awtoryň ýene birnäçe dünýä belli eseri bar. Olaryň biri hem 1989-njy ýylda Pekiniň Týananmen meýdanynda wepat bolan talyplaryň ýadygärligine bagyşlanan “Masgaraçylyk sütüni” (Pillar of Shame) atly 8 metrlik meşhur heýkelidir.


Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...