Togsanynjy ýyllaryň ahyrynda Gökdepeli gullukdaşyň obasyna toýa gitdik. Teležka bagşy, çyralar, tutluklar, ýarymdaş, ýarympalçyk köçe...
Garaz, hezillik.
Tans keýpimizi sazlap, teležkanyň alkymynda aýdym diňlän bolup durus welin, birdenkä teležka şol obaly aýdym-saza, bagşyçylyga höwesjeň ýaş oglanlaryň biri mündi. Sypatyndan onuň bizdenem üç-dört ýaş kiçidigi bildirýär.
Äý wopçym (в общем – umuman), gulluk görmedik-dä, heniz!
(Özüňiz bilýänsiňiz, harby gullukdan geläýen uçurlaryň birküç ýyllap dagy deň-duşlaryň, birki ýaş ulular, kiçiler seniň üçin iki topara bölünýär-ä:
1.Gulluk görenler (Diýmek, atduşiler (от души – tüýs ýürekden));
2.Gulluk görmedikler (Diýmek, nemeräkler)).
Onsoň ýaňky ýigdekçe teležka mündi-de, bagşydan özüne-de mikrofon berilmegini haýyş edip, birje aýdym aýtmaga rugsat sorady.
Berdiler.
Aýdyp başlady.
Şol wagt ortada tans edýänlerem mazaly kelleleri sämäp duran, ýaşlaram biziň şol wagtky dilimizde aýtsaň: “gulluk görenlerine eýýäm asyr geçen”, derlegen-derlegen, epeý adamlar.
Onsoň öňküden delräk ses eşidilip ugrady welin, bular patanaklaşmalaryny tapba kesdiler-de, teležkanyň edil çat maňlaýyna hümer boldular.
Hamana her haýsynyň ýalňyz dikrary hünibirýan özelenip nama gaýyrýan mysaly bolup, gara dykgat bilenem ýaňkyja jahyly diňlemäge başladylar.
Dogrusyny dogry aýtmaly, ol gögeläňem heniz sesem doly döwlüp gutarmandyr. Aýdyp durka birdenkä okundan sypýar-da, horazy berip goýberýär.
Şeýdip birsalym ýaňkyja oglany ýaňky epeýler diňlediler. Aýdyp boldy-da, ol oglan öňem birneme ýygrylýany bildirýär, bahymrak köpüň gözünden sumat bolmak üçin, teležkadan düşjek boldy welin, meýdançada üýşüp duran bäş-on kişi ony goýbermedi.
-Ýene-de! Gaýtala! Täzeden!-diýip, ýerli-ýerden gygyryşyp ugradylar.
Bizem olaryň bolşuna gullukdaş dost bilen hüwwet edip aňyrsyna çykyp bilmän durus. Sebäbi ojagaz jahylyň aýdyşyna-ha bizem diňledik.
Ýöne bu adamlar onuň nämesini beýle diňläsleri gelýärkä?
Onsoň ýaňky ýigdekçe kakasy ýaly adamlar teležkadan düşmäge ýol bermän duransoň, nalaç ýene mikrofony aldy-da, ýaňky aýdan aýdymyny aýtmaga başlady.
Ýene şol ses, şol dykgatly diňleme, öňki-öňkülik.
Aýdyp boldy.
Bu sapar hasam gyzarylyp-bozarylyp teležkadan düşjek boldy welin, ýene düşürenoklar. Ýene-de gykylyklaýarlar:
-Täzeden! Dawaý! Aýt!
Nätsin, çaga?!
Mikrofony yzyna aldy-da, olara delmuryp bir bakdy:
-Aý agalar, bolmasa başgasyny aýdaýaýyn-la!-diýip haýyş edýär.
-Ýo-o! Şony! Dawaý! Başla! Ýogsa-da häzir bagşyň-sagşyň bilen baryňyzy birýan ujundan ýaman zakonnyý edip başladýas!
Ýene-de başlady.
Ýene şol ýagdaý.
Zoraýakdan, çygnyp-çygnybragam bolsa aýdymyny gutardym etdi. Bendäň çagasynyň teležka münüp aýdymjyk gaýrasy gelen pursadyna eýýäm müň kerem puşeýman eýleýändigi ýüzünden bildirip dur.
Ýene düşjek boldy.
Ýene düşürenoklar.
-Dawaý! Ýamaşgandan!
Bu sapar ol ýigdekçe çydamady:
-Aý agamjanlar-ow! Ýene näçe gezek gaýtalamal-aý? Irmediňizm-aý?-diýip zarynlady.
-Öwrenýänçäň, blät!-diýşip, aşakda duranlar gygyryşýalar :-).
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Bäşinji kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...