Ýene-de garşyňyza «Türkmen dili" baradaky mowzuk bilen geldim. Gaharlanasyňyz ýok-laý ))
Meň üçin dil mukaddes we ene dilimiz üçin näme etsegem şonça az ýaly. Mümkin boldugyça arassa ýazmaga we köplere maslahat bermegi halaýan. Dogry, bu hereketim käbir adamlara ýokuş degýär. Ýöne görüp otursak bu ýerde çynlakaý bir mesele bar. “Saňa galypmy dili goramak? Gazanç et, eklenç et, ýaşyň bir çene bardy, öýlen, öz peýdaňy bilip ýaşa. Şu zatlardan saňa peýda barmy? Gaýta zyýan bar. Dil bilen işiň bolmasyn, gowusy gowja dodak tapynda öýlenip öz şahsy durmuşyňy ýaşa!" - diýýän adamlara köp gabat geldim. Türkmen aga "asly zanny bolsun" diýýär, türkmen diline gulluk etmek, ony goramak damarymda türkmen gany aýlanyp durka hökmanydyr. Göräýmäge bolgusyz zat ýöne meň üçin... Aý bor-la, esasy mowzuga geçeli ))
Menem näme, bolgusyzja gysgajyk dialog wiii gepleşik ýazan bolup, keseki sözleri türkmençeleşdirmäge başladym, işe ýarajagyndan ýaramajagy has ýakyn, şonda-da ýaltanman ýazýan ))
— Ahmet nirä ýetdiň?
— Dükanda durun, gerek zadyň barmy?
— Hawa drug, iki ştuk kola alaý welin, "dükan" diýmäň näm-aý? Hemme kişi "magazin" diýip ýörkä ýeke özüň "dükan" diýip ýörseň gülkünç bolmazmy?
— Dükanda sanaşyp oturmaýyn, häzir baraýyn, gulagyňdan çekmeli bolupdyr 😒 IL näme diýse diýsin, men öz türkmen sözlerimizi ulanjak.
Garaz şeýle, ruslardaky "магазин" sözüne derek dükan sözüni ulansaň, "iki [штук] kola" sözüne derek "iki [sany] kola" diýip öz sözlerimizi ulansak, "друг" sözüne deregem "dost" diýip türkmen sözlerimizi ulansak nähili bolar?
***
— Gaty ýadadyg-aý. Bu gün agyr geçdi.
— Aý hawa. Hemişekiker ýaly abyçny işler.
— Abyçny? Abyçnyň türkmençesi näme?
— Aý bilemok men-ä, il diýýä, bizem diýýäs.
— Il kän zat edýär, il edýär diýip erbet zatlary edip ýörmeli däl-ä. Abyçny (обычный) — rus sözi bolup, "adaty" diýmegi aňladýar. Gaýrat edip öz sözüň barka manysyna düşünmeseňem iliň sözüni ulanjak bolup azara galyp oturma ))
***
— Dost şo mokur salfetkany uzadaý kyn görmeseň?
— Mokur salfetka? Türkmençesini aýtsaň bir ýeriň kemelýärmi? Mokur salfetka (мокрый салфетки) rus sözi bolup, "Çygly süpürgiçler" diýmegi aňladýar. Me dost, çygly süpürgiçler barada aýdanyma ýalňyş düşünmäweri :) Öz sözümiz barka gaýrat edip öz sözümizi ulanalyň, gerek bolan ýagdaýynda soň başga dillerden alybereris :)
***
— Budilnigiň sesi gulaga hoş ýakanog-aý wara😐😑🤦
– Oglum, türkmen dilimizi gorajak diýip ýöreniň haçan, "budilnik" diýip ýöreniň haçan?
— Eje, çužoý sözler öz sözümiz ýaly bolup gidipdir. Bu gidişde türkmen diliniň ýitip ýok bolma ähtimallygy bar😐😑🤦
— Senden ene dilimizi goran bolmaz. Boş arzuw-hyýalyňdan oýanyp herekete geç! Budilnik sözüňi inkär edip durkam ikinji keseki sözi ulandyň. Diňle oglum. Özem üns berip diňle. Ýaňky "Budilnik" diýýän sözüň (будильник) rus sözi bolup, "Oýaryjy" diýmegi aňladýar. Çužoý sözüňem biziňki däl, (чужой) olam rus sözi, türkmençe "keseki, ýat, özge" diýen ýaly manylary bar.
— Bolýa eje!
***
— Salam dost! Bu gün işe gidýäňmi?
— Hawa dost, gidýän. Bu hepde gije smen, indiki hepde gündiz.
— Gije smen? [Smen] sözüniň türkmençesi näme? Eger bilmeýän bolsaň aýdaýyn, "smen" sözi rus sözi bolup "смена" sözünden emele gelen, türkmen dilinde "çalşyk" diýmegi aňladýar. Biz bilmän "gije smen" diýip ýörüs, göni terjimesi "gije çalşyk" bolýar. Şonuň üçin mundan beýläk "gijeki çalşyk" ýa "gündizki çalşyk" diýsek ýalňyşmasak gerek...
Hormatlamak bilen, Ahmet Gurbanmyradow.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň