Türkmen ýaşlary wagtyny bihuda geçirenine ökünmelidir, netijesiz işlänine namys etmelidir.
Awtory ýadymda ýok, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bolup biler. Atamyz şeýle aýtgylary köp aýdardy... Birem iň jaýdar, gowy sözlerinden şuny haladym: "Türkmeni beýik türkmen edip biljek diňe TÜRKMENDIR!"
Gaty dogry aýdypdyr, a biz bolsa agzala, biri-birimize göriplik edip aýagyndan aslyşyp ýörüs. Ýönekeýje mysal, men şu kanalymda keseki sözleri aýyrmak ugrunda göreşýärin, abyçny, budilnik, mokur salfetka, ablajim, kardeşim, bitänem, garaz, şular ýaly keseki sözleriň ugrunda göreşsem köpler meni inkär edýär. Aýtjak islendik zadymyzy keseki sözlersizem aýdyp bilýäris. Iň gynanýan ýerimem edebiýatçylar garşy maňa. Edebiýatsöýerler toparynyň agzalary bilen şu meselede dawalaşypdyk, barybir men ýeke, olar köplük bolany üçin gepimi düşündirip bilmän çykyp gaýtmaly boldum. Şo ulanýan sözleriniň türkmençesiniň bardygyny aýdýan welin, hamala özüm türkmençe söz oýlap tapyp goşan ýaly etdiler. Öz ene dilini edebiýaty söýýän adamlar harlasa başgalardan geňem görjek däl. Wiii, ýene bir zat, köpler keseki söz bilen alynma, halkara sözleriň ýerini çalyşýar, tapawudyny bilenok. Telefon, kompýuter, täze öndürilýän tehniki enjamlaryň atlary, lukmançylyk tehnikalaryň, derman-därileriň atlary alynma, halkara sözler bolup gidýär, meň meseläm o däldir, meň meseläm ýaňky ýaly "Brat iýmisiň?" diýip ýören, türkmen dilini harlaýanlar barada.
Ahmet Gurbanmyradow.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...