7. Taryhy kim ýazmaly?

T.J. Indi men esasy söhbedimize dolanjak. ”Taryhy nähili ýazmaly? Kim ýazyp biler?” diýen sowaldan başladyk. Sistemanyň emri bilen dogruçyl taryhyň ýazylmajagyna, hökümetiň, partiýanyň döreden topary arkaly-da ýazyp bolmaýandygyny sowet taryhy öwreniş ylmynyň tejribesi aýdyň görkezdi. Siz bu ýagdaýlara belet adam. Ýa-da patyşalaryň, hanlaryň gapdalynda ýörite taryhçylary bolýan ekeni. Mysal üçin, Nedir şanyň gapdalynda bolan Muhammet Kazymy, Muhammet Astrabatly. Olaryň hersi üç-dört tomdan ybarat taryh ýazýar. Olar hakykaty ýazmakdan daşdaky adamlar, olara hakykaty ýazmaly diýenem ýok. Olar Nediriň islegine görä iş edýärler. Başga-da bir sapak alarlyk mysal. Häzir Rossiýada rewolýusiýadan öňki taryhçylaryň: Solowýowyň, Karamziniň, Klýuçewskiniň we beýleki bolşewikler tarapyndan kitaplaryna atanak çekilen alymlaryň işlerine dolanylýar. Olar bitarap, gaýduwsyz, garaşsyz bolmaga çalşan adamlar, taryhyň hakykylygyndan mertebe gözlän adamlar. Gynansagam, bizde öň türkmeniň anyk taryhyny ýazan taryhçylarymyz ýok. Soňam sowet sistemasynda bolduk. Taryhy Merkezi Komitetiň ideologiýa direktiwalary esasynda ýazdyk. Indi türkmen taryh ylmynyň şu güni, geljegi hakynda sizem oýlanyp ýören adam. Taryhy ýazmagyň perspektiwasy hakynda nähili pikir edýärsiňiz? Şu gün hakyky taryh ýazylarmy? Ýa bu iş ýene ertä goýlarmy? Bu işi nähili adamlar bitirerkäler?

K.M. Sen maňa juda bir agyr sowal berdiň. Sowet döwründe taryhdan ylym alyp, özüni taryhçy diýip taýýarlan, taryhdan ýazyp, kitaplar çykardyp giden adam kän. Eger taryhçy däl diýägeden olaryň hemmesiniň üstüne atanak çekip oturybersek, bu bir aýylganç zat bolmazmy?

T.J. Men hakyky, dogruçyl taryhyň nukdaýnazaryndan, şonuň öňündäki borç bilen bagly gep gozgaýaryn. Elbetde, tutuş atanak çekmeli diýýän ýok. Şol adamlaryň ýygnan faktlarynyň özem bir gymmatlyk.

K.M. Men biraz gapdala sowlup aýdaýyn. Çeper edebiýat bar-a, sowet döwründe türkmen sowet edebiýaty diýlen zat bar-a, şonuň özem çeşme, gymmatly taryhy çeşme. Sebäbi, näme üçin ol adam şu wakany şeýle ýazman, beýle ýazypdyr diýmegiň özem çeşme. Ýöne ol ýazmaly zady ýazmady, bir-ä akyly ýetmäni, ukyby ýetmäni üçin ýazmady. Beýlekisiniň ukyby ýetse-de, gaýraty çatmany üçin ýazmady. Depede güýçli kötek dur.
Biz Hydyr Derýaýew barada köp pikir alyşdyk. Eger Hydyr aga özüniň ýigrimi ýyllap bendilikde saklanan ýeriniň wakalary hakynda ýazan bolsa, iň bolmanda, seniň maňa aýdyp beren wakaň bar, bir çatmadan beýleki çatmalyga barýarka, öldürilen tussaglaryň doňan maslyklaryny garda dikeldip gidişlerini görüpdir diýdiň, şol hakynda ýazan bolsa-da ägirt bolardy dälmi?

T.J. Hawa, menem şony Hydyr aga ýalbaryp aýtdym, şolary ýaz, gözüň bilen görüp, egniň bilen çekmeli bolupsyň, şolary ýaz, ömürlik galjak zatlar diýsem: ýok, ýok, olar hakynda ýazyp bolmaz diýdi.

K.M. Aýdyp gowy edipsiň. Dile geldi, menem bir zat aýdaýyn. Bir gün irden Gurbandurdy Gurbansähedow maňa jaň edýär, çalt gel, bile nahar iýeli diýdi. Ýekesiräp etdimi, ýa gowy görüp etdimi, bilemok. Menem bu adamy gowy gördüm, syladym. Barsam, Warlam Şalamowyň “Kolymskiýe rasskazy” diýen kitabyny görkezip, “Şu kitaby okap, men tas däliräpdim, Hydyr Derýaýew iň bolmanda şu hekaýalaryň birini bir ýazan bolsa bolmaýarmy!” diýdi.
Menem ony köşeşdirjek bolup, Hydyr aga näçe tomdan ybarat belent roman ýazdy, şoň bilen at aldy, göterilip gitdi diýdim welin, “Göterilmänler geçse bolmaýarmy diýdi, şoň ýazan romanyny kim ýazanda bolmaýar?! Sibirde çeken hupbatyny ýazmalydy, başga bizde ony ýazyp biljek ýok!” diýdi.
Ony ýazmak üçin başgarak adam bolmaly, Hydyr aga pakyr süňküniň ýiligi sorulan adam ahyry diýdim. Diýip durkamam, içimden, ýüzüne diýmäge utandym, syladym ol ýaşulyny, seň ýazan zatlaryň näme diýjek boldum-da, soňam, äý, bolýa-la diýdim. Onuň özem ellinji ýyllarda gorkuzylyp, gaýdyp abat zat ýazyp bilmedik adam-a! Gürlände bir gowy gürlärdi. Gurbandurdy bilen bir gepimiz alşardy, Garagalpagystandan gelemde, meni özi tapyp aldy. Kakajan, seni göresim geldi diýýär. Dünýägaraýşy giň, informasiýasy diýseň kän, özem gül ýaly adam. Men ony ýürekden hormatladym, syladym. Ýöne ýazýan zatlarynda çyzykdan çykyp bilmedi. Şeýledigini onuň özem menden gowy bilýärdi diýsem, ýalňyşaryn öýdemok.

T.J. Düýn siziň özüňiz Berdi Kerbabaýew bilen bagly gowy fakt aýtdyňyz-a: Atabaýew hakynda gür beremde, dur, muny özüň ýaz, Kakajan, diýdi diýdiňiz-ä.

K.M. Berdi Kerbabaýewi öňem gowy görýärdim, ýöne şol sözünden soň hasam syladym-da.

T.J. Siziň aýdanlaryňyzy ýazyp bilmejegini boýun alypdyr. Indi taryha geçeliň. Siz, Kakajan aga, şu gün taryhçy hökmünde bile işleşip ýören adamlaryňyza gaty belet. Eýse, şol adamlar dogruçyl taryhy ýazarlarmy? Bizde taryhy öwreniş ylmynyň gelejegi nähili?

K.M. Sen gowy sowal berdiň. Biz ýene Atabaýewe dolanmaly bolduk. Atabaýew Türkmenistan Respublikasyny döredip, hökümetiň başyna gelip, türkmeniň taryhyny öwrenmegi ýörite maksat edindi. Seniň ýokarda sanan taryhçylaryň Rossiýanyň taryhyny ýazdylar. Şolaryň käbiri, meselem, Karamzin rus patyşalarynyň mertebesini beýgeldip ýazmaga synanyşanam bolsa, taryhy hakykaty gözden salmandy. Karamziniň kesgitli aýdan sözi bar: halkyň taryhyny ýazmak üçin halk bilen bile aglamagy başarmaly. Aglan ýerinde aglap bilseň, gülen ýerinde gülüp bilseň, şonda eliňe galam al, ýogsa, taryhyň gyrasyndan barmaga het etme diýýär. Şu jähtden garanyňda, hany biziň taryhymyzy ýazan adam? Iň beýik şahsyýetimiz Magtymguly, ol hem biziň taryhymyzy ýazmandyr ahyry! Magtymguly bize akyl-paýhas öwredipdir, oturyp-turmany öwredipdir. Ol şahyr. Ol eserleriniň üçinde ady äleme dolan belli taryhy şahslaryň ýekesiniň adyny tutmandyr. Çowdur han, Fetdah, Döwletaly diýen ýaly adamlaryň adyny tutýar, ýöne şolaryňam kimdikleri barada anyk fakt aýdanok. Men Magtymgula bir zat diýjek bolamok, Magtymguly belendiň belendi, ol beýik şahyr, ol şygryýet dünýäsi bilen iş salyşýar.
Ýaňy sen Nedir şa bilen bagly bir mysal aldyň. Nedir şany türkmen diýip alsak, türkmendigini tassyk etsek, ýöne şanyň gapdalyndakylaryň ýazany barybir türkmeniň taryhy däl ahyry.
Şu ýerde bir mysal getireýin. Süleýmanyň, ýagny Solomonyň ýanynda bir taryhçysy bolupdyr, nirä gitse-de, ony ýanyndan aýyrmandyr. Günleriň bir güni taryhçydan ýazdyňmy diýip sorapdyr. Olam, ýazdym, ynha, şunça tom boldy diýipdir. Süleýman okapdyr-da: sen meniň taryhymy ýazmansyň, sen meni ýazypsyň, hany bu ýerde halk? diýipdir. Ýöne beýle diýmek üçin Süleýman ýaly dana bolmaly-da! Nedir şanyň ýanyndakylaram şonuň ýaly taryhçylar, diňe Nediri öwüpdirler, diňe Nediri mahabatlandyrypdyrlar, türkmenlere bolsa, gargapdyrlar. Onsoň ol türkmeniň taryhy bolup bilmez-ä.
Muny uzaklaşdyryp oturman, netijä geleli. Biziň taryhçylarymyz bolmandyr, şu hakykaty Gaýgysyz Atabaýew gowy bilipdir. Soňra nädipdir diýsene, muny tolgunman aýtmak mümkin däl. Opsýetden belent taryhçylary gözläp tapýar, Bartold, Ýakubowskiý, Zahoder, Popow, soňragyndan Tolstow, soňundan Masson Mihail Ýewgenýewiç, Wadim Masson däl, Wadim Masson taryhçy däldir, gatam gidýän bolaýmaýyn, onuň Altyndepesi gowy, ýöne türkmene dahylly edip ýazan ýeri ýok. Hawa, Wadim hakynda meniň aýratyn pikirim bar. Ol Roslýakowa meňzeş taryhçy. Uly Masson, Mihail Ýewgenýewiç Masson, maňa Hudaýyň bereni, men ilki bilen şonuň elinde işledim. Şulary tapan Gaýgysyz Atabaýew. Bularam ýokarda ady tutulan görnükli rus taryhçylarynyň ruhunda terbiýelenen alymlar. Bular bozulmadyk, bular syýasatdan daşda, bulara bolşewizmiň täsiri ýok. Atabaýew türkmeniň taryhyny şu adamlara ýazdyrýar. Şeýdibem iki tomluk çykarylýar. Uruş başlamazynyň öň ýanynda çykandyr, daşy gök, iki sany galyň tom, adyna MITT diýilýändir. Türkmençeläp aýtsak: Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar. Gül ýaly materiallar, biri beýlekisinden gowy. Hatda Borozdin atly Çelekene sürgün edilen alymy tapyp alýar. Ol 1954-nji ýylda türkmenler hakynda gowy makala ýazypdy. 1946-47-nji ýyllar Ilýa Nikolaýewiç Borozdiniň elinde okamak maňa miýesser edipdi. Ine, şunça adamy gözläp tapypdyr, türkmenler hakynda dürli dillerde çykan materiallary ýygnadypdyr. Netijesem ýokarda ady tutulan iki tomluk kitap. Şol kitap şu günem esasy çeşme bolup galýar. Bir ýygnakda men Ata Jykyýewe sorag berdim: men gödegrägem bolsa, saňa bir sorag bereýin: “Akademik Bartoldyň türkmeniň döreýşi hakyndaky işinden soň türkmen taryhyna näme goşduňyz?” diýdim welin, äý, bu kyn sowal diýdi. Kyn bolsa, jogap bermeseňem bolar, men hälki bir soraýdym diýdim. Ata Jykyýew: ”Goşan zadymyz ýok, material toplasak topladyk, ýöne täze bir zat aýtmagy-ha başarmadyk” diýdi.
Muňa Ata günäkärem däl, sistema, ideologiýa esasy günäkär. Bartold sistemadan öň ýazdy, ol sistema boýun boljak alym däl, emma Jykyýew boýun. Seniň beren sowalyň bir ýany şoňa baryp ýetýär. Şu ýerde men biraz öňräge gidip, bir zat aýdaýyn-la. Hol-ha, siziň gözüňiziň alnynda biziň çykaran kitabymyz dur. Şonda ellinji ýyllaryň başynda Türkmenistanda bolup geçen wakalar hakynda ýazmaly boldy. Hemme kişi ýazyp başlady, öňýeten Garryýew, Kösäýew hakynda ýazdy, ýazmak moda öwrüldi. Emma ýazanlaryň biri-de bir zat hakynda ýazmady, biz şony ýazmagy makul bildik. “Gorkut ata” meselesinde Mäti Kösäýew akademik Bartolddan bir ädimem öňe ätmedi. Mäti Kösäýew günäkärmi? Ýok, sistema günäkär, jellat sistema bardy. Belki, Mäti Köse Bartolddan öwrenendir, has aňyrlaryna çenlem okandyr, köp zady aýdasam gelendir. Aýdyp bilmändir, aýtmak gadagandy. Ýol ýapykdy. Şuny biz şol kitapda ýazdyk. Häzir “Gorkut ata” diýip, galyň kitap çykdy, oňa türk alymy sözbaşy ýazypdyr. Men mundan gowy aýdyp biljek däl diýip, şol alym biziň kitabymyzdan şol ýerini göçürip alypdyr. Men syýasatyň edýän oýunlaryna serediň diýjek bolup aýdýan bu sözleri. Seniň ýaňky sowalyň çuň sowal.
Men bir ýygnakda gödegrägem diýdim, käbir adam halamady. Taryhçy arhiw bilen iş salyşýar. Taryh institutynyň iki tarapynda-da arhiwiň jaýy bar diýdim, gaýramyzda, Magtymguly şaýolunyň ugrunda uly arhiw, ilerimizde, Azady köçesinde – kiçi, ýa-da partarhiw. Birdenkä şolaryň ikisi-de ot alyp ýanaýsa-da gynanmasa bolar diýdim. ”Ol näme diýdigiň boldy?” diýip, Pälwanowa topuldy, şol wagt Roslýakowam bardy. “Çto za postanowka woprosa?!” diýip gygyrdy.
Maňa dogry düşünjek boluň diýdim, göni manysynda düşünmäň. Elbetde, çeşme çeşmeligine galýar, ýöne ol arhiwlerde türkmeniň taryhy ýok, türkmeniň özi ýok diýdim. Ol ýerde türkmeniň garşysyna alnyp barlan syýasatyň materiallary ýatyr, sistemanyň materiallary ýatyr, bir tarapdan alsak, olaryň bize asla geregi ýok diýdim. Onda taryhy nädip ýazmaly diýdiler. Başga ýerlerden çeşme gözlemeli diýdim. Taryhçy taryhçy bolmaly, onuň öz garaýşy bolmaly, çeşmeleriň çür depesine çykmagy başarmaly, çeşmäni gepletmegi başarmaly, ýöne çeşmä ýapyşyp ýatsa, ony üýtgewsiz hakykatdyr öýtse, ol taryhdan üzňe gider diýdim. Mysal alanym ýadyma düşýär. Biziň taryhçylarymyz sowet-partiýa sistemasynda taýýarlanan taryhçylar, elleriniň işleýşem şonuň bilen bagly, akyl-paýhaslarynyň ýetişem şoň ýaly, pikir ediş usullaram öwredilişi boýunça. Şol bir boluş! Gaýtalanyp dur! Meselem, 1924-nji ýylda Türkmenistan Respublikasy döredildi. Şol hakda Ýazguly Hudaýberdiýew kandidatlyk dissertasiýasynam, doktorlygam ýazdy. Merkezi Komitetiň ideologiýa sekretarydy. Doktorlygyny goramanka öldi. Ol pakyr iki kitap ýazypdy, ikisem mende bar, hol-ha, tekjede dur. Ýene Kiselýew diýip biri ýazdy, iki tom! Ata Rejebowyň doktorlyk dissertasiýasam şol temadan. Şularyň üçüsiniň ýazan işlerinde, üstlerine dostum Muhammet Moşowam goşaýyn, dört adamyň ýazan işinde bir täzeligem ýok, iň bärkisi, Atabaýewiň örän jaýdar aýdan sözi bar, şony bir getiren bolsadylar, şonam etmediler. Atabaýew: ”Türkmenistanyň şondaky ýaly böleklenen ýeri ýokdur, hiç mahal bolan däldir. Ozal birek-birek bilen gatnaşyp ýören türkmen Oktýabr rewolýusiýasy netijesinde gönüden-göni üç bölege bölündi – diýýär. – Bir bölegi Rossiýanyň – bolşewikleriň golastynda, bir bölegi Eýranda, ýene bir bölegi Öwganystanda. Biri beýle-kisine baryp bilenok, görüp bilenok, serhetler ýapyk!” diýýär.
Şuny Atabaýew diýýär! Hemmeden öňürti diýdi, hiç ýerde ýazylanok, ýaňky ylmy monografiýalaryň birindenem tapmarsyňyz. Muny özümem çap edip ýetişemok.
Meniň nygtajak bolýan zadym: sistema ölüdi, üýtgeşik pikir aýtjak gumanyň ýokdy, birek-biregi gaýtalap ýörmelidi. Öňürti kandidat, soňra doktorlyk adyny almalydy. Eger oňurgaň maýyşgak bolsa, eplenmäge ökde bolsaň, bigaýrat bolsaň, akademik bolmalydy. Depäňde Roslýakow ýaly zalymlar durdy, sistemanyň çenelen ýumrugy durdy. Şol sistemanyň emri bilen uly-uly kitaplar çykaryldy, emma olary okap bolagadan: hany meniň taryhym diýseň, taryh ýokdy. Hatda Türkmenistan Respublikasynyň döreýşiniň çyn taryham ýokdy!

T.J. Ýaşuly, indi jemläp aýtsak, sistemanyň zorlugy aýrylmasa, özlerini garaşsyz duýýan şahslar döremese, entekler biziň taryhymyz dogruçyl ýazylmaz.

K.M. Arman, şol şeýle, real ýagdaý şeýle. Sütem nähili çökder bolsa-da, ýokardan basyş nähili güýçli bolsa bolubersin, taryhy şahsyýetler barada hakykaty ýazjak bolýan şahsyýet derejesindäki taryhçy, edebiýatçy dürli şertde-de döredip bilýär. Sen hemişe gowy bir mysal getirýärsiň: ýandak asfalty ýaryp çykýar!

8. Jüneýit han. Atabaýew. Başgalar

T.J. Türkmen taryhy, aýratynam sowet döwrüniň taryhy aýry-aýry döwürlere bölünen. Türkmen halkynyň ykbal çözgüdine degişli wakalaryň oýnan rolunda häsiýetli alamatlara üns bereliň. Meselem, Oktýabr rewolýusiýasynyň bolan mahaly ol bada-bat türkmen halkyna täsir edipdi diýip bolmaz. Ol sarsgyn has ýokarlary, rus häkimliginiň dolandyryş edaralaryny sarsdyrypdy. Emma kollektiwleşdirme wagtynda, türkmenler kolhozlara zorluk bilen salnyp başlananda, adamlaryň ykdysady taýdan bokurdaklaryna ýapyşylanda, türkmen aýaga galdy, eline gylyç alyp galdy, özüniň böleklenýändigini, parçalanýandygyny gördi. Barly toparyň wekilleri emläklerini gidermezlik üçin ýarag alyp ata çykdy, namys urşuna çykdy. Eger şu döwre türkmenleriň graždanlyk urşy diýilse, has dogry bolar.
Men “Janserek” romanymda şu ýagdaýdan ugur almakçy bolupdym, siziň şoňa dogry düşüneniňizi bilýän. Taryhçylar bu synpy çaknyşygy basmaçylyga garşy göreş hökmünde görkezmäge çalşan bolsalar-da, türkmenleriň arasynda ilki ýer-suw reformasynyň, soňra kolhoz gurluşygynyň uruş ýagdaýyna, onda-da, graždanlyk urşunyň ýüz bermegine getirendigine mende berk ynanç bar. Siz şol döwri taryhçy hökmünde gowy bilýärsiňiz. Aýratynam Jüneýit hanyň hereketini seljermekden ötri, ýerlikli pikirleriňizi eşidipdim. Jüneýit hana hem-de beýleki şahslara Atabaýewiň gatnaşygy, onuň basmaçylyk babatda alyp baran syýasaty baradaky garaýyşlaryňyz biziň üçin gymmatly. Bir söhbetdeşlikde siz: meniň üçin basmaçylyk hereketi türkmeniň milli azat edijilik hereketini aňladýar diýipdiňiz. Şu aýdanyňyzy has aýdyňlaşdyryp berseňiz, gowy boljak.

K.M. Basmaçylyk temasy bir söhbediň çäginden giň tema. Düýbünden işlenilmedik, gynansagam, şu günem işlenmeýän, bu ýakynda işlenmejek tema. Ony kim işlejek? Ýazyp biljek adam asla barmy? Meniň döwürdeşlerimden-ä ýazjak adam ýok, gaýraty çatyp, ýapyşyp biljegem ýok. Çensiz agyr tema bolup galýar. Men basmaçylyga milli azat ediş göreşi diýýän. Şu barada ýazmakçy hem boldum, çykyşam etdim. “Türkmenistanyň taryhyna materiallar” diýen kitabymyzda bir zatlar aýtjagam boldum, biraz öňürtiräk aýtdymam diýýän. Maňa garşy bolanlaram kän boldy, boljagynam bilýärdim, geň zat ýok. Sebäbi, şol barada üýtgeşik pikir aýtmaga bu nesliň özi taýýar däl, bilenok. Men diýip öňe çykyp ýören intelligensiýa wekilleriniň, ýazyjylaryň, hudožnikleriň, teatr işgärleriniň, alymlaryň we şuňa meňzeşleriň özleri taýýar däl.

T.J. Ideologiýa bilen kesellänler.

K.M. Hawa, ideologiýa bilen kesellän! Ideologiýa bolsa, basmaçylygy aýylganç görnüşde görkezen. Türkmenler ХIХ asyryň 60-80-nji ýyllarynda Rossiýa doly tabyn edilipdi. Ozal Garaguma arkasyny dirän türkmen horluk çekenem bolsa, özüni erkana duýupdy. Erkinligini ýitirenden soň esli mahal göreşe galyp bilmändi. Diňe ýigriminji asyryň on altynjy ýylynda başyny galdyrypdy. On altynjy ýylyň halk gozgalaňy diýip köp aýdylýardy, ol hakda romanlarda-da ýazyldy, ýöne onuň hakyky keşbini görkezip bilmediler. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”, Derýaýewiň “Ykbaly”... ýöne ideologiýa urdy gitdi. Beki Seýtäkowyň “Doganlar” roman-a oýunjaga meňzeş zat.

T.J. Eger ýalňyşmaýan bolsam, on altynjy ýylyň wakasyny sowet gündogarynda diňe gazak ýazyjysy Muhtar Auezow “Lihaýa godina” diýen powestinde hakyky tragediýa öwüşgini bilen görkezmegi başarypdy diýse bolar.

K.M. Hawa, menem ol powesti okapdym, mende şol bolmalam. Biziňkiler ýüzleý ýazdylar, şeýdip galdy gidiberdi. Soňra ýigriminji ýyllarda basmaçylyk hereketi Orta Aziýa giň ýaýrady, türkmenlerem içine aldy. Bizde göreşiň güýçli geçen ýeri Demirgazyk Türkmenistan, ýagny, Daşhowuz welaýaty, Horezm tarapy. Muňa-da Jüneýit han baş boldy. Ol 1918-nji ýylda Hywa hanyny tagtdan düşürip, hanlyk ygtyýaryny alsa-da, resmi taýdan özüni han diýip yglan etmändi. 20-nji ýylda hanlyk ýykyldy, bu hem uly bir gürrüň, muny uzaldyp oturmaýyn. Şeýlelik bilen Jüneýdiň göreşi başlandy. 1924-nji ýyla geldi, munda-da güýç bilen göreşi ýatyrdylar. Atabaýewiň tagallasy bilen türkmenler Horezm Respublikasynyň düzüminden alyndy, ol barada gürrüň etdik. Şol mahal basmaçylyk az-kem togtapdy. Indi Jüneýdi nädip bärik çekmeli diýen mesele Atabaýewiň öňünde durdy.
Jüneýde doganlyk duýgusy bilen çemeleşäýse, hökümetdäkiler Atabaýewe düşünjek däller, ony ýok etjekler. Şu duýgusyny töweregindäkilere-de aýdyp bilenok, Nedirbaýa aýdan bolmagy ähtimal, syr ynanyşýany. Ahyry Atabaýew bir oýun salýar. Jüneýit hanyň ýanyna adam iberýär, türkmeniň men diýen mollalaryny iberýär, özem hana hat ýollaýar, Atabaýewiň yzly-yzyna ýazan hatlary bar, mende şolar bar. Wasdan ýer bermegi wada edýär, öz raýonyňy döret diýýär goramak meniň bilen diýýär. 1925-nji ýylda birinji guramaçylyk gurultaýyna çagyrýar. Jüneýit hanam mekir adam, gatnaşmaga geläýse, ele düşmek howpunyň bardygyny ýatdan çykaranok. Atabaýewiň çagyrany bilen onuň ýeke däldigini bilip dur, Atabaýewiň töweregindäkilere ynamy ýok. Başga biri babatda şol howp dogry bolup çykypdy…
Jüneýit han ýaly özüne men diýip ýören Gulamaly han gelýär, Aşgabada çagyrýarlar, gelende Köşüde ýeňsesinden pyçaklap öldüripdirler. Atabaýew hyrçyny dişläp galyberýär, NKWD ony Atabaýewe duýdurman alýar.
Jüneýit han gelmedi, öz wekilini iberip oňdy. Wekili işan-molladan ybarat topar, olary öldürip ýörmegiň geregi ýok. Şonda ýörite karar çykarylýar, Wasy Jüneýdiň raýony diýdiler, hökümdary-da Jüneýit han. Han çalarak ynanan kişem boldy, ýöne ýanyna adam goýbermedi. Şeýlelik bilen biraz köşeşilene meňzedi. Emma 1927-nji ýylda Jüneýit gaýtadan baş göterdi. Munuňam sebäbi bar. Günbatar Türkmenistanda-da, Ahal, Mary sebitlerinde-de ýer-suw reformasy geçirilip, barlylaryň ýeri, suwy alnyp başlandy welin, Jüneýit han derrew howpy aňdy, olaryň ýer-suwy alynsa, menem gaýgyryp goýmazlar diýdi, ata çykdy. Şeýlelik bilen diňe Jüneýdiň mesgen tutan ýerinde däl, tutuş Daşhowuz welaýatynda ýer-suw reformasy geçirilmedi, şu uly wakada Jüneýdiň gös-göni täsiri bar. Şu täsir barada biziň taryhçylarymyz ýazmadylar, ýazmak mümkin däldi.
Soňra Jüneýdi gysyp başladylar, ol ýigrimi ýedinji ýylda öz nökerleri bilen Eýrana geçdi, emma Eýran şasy ony kabul etmejekdigini aýtdy. Jüneýit ahyry Eýranyň üsti bilen Owganystana geçmäge rugsat sorady, şa oňa-da razylyk bermedi, sebäbi Rza şa sowet hökümeti bilen arany bozmak islemedi.

T.J. Türkmen kimmiş oňa!

K.M. Türkmen nämesine gerek? Jüneýit kimmiş! Garaz, alaçsyz ýagdaýa düşen Jüneýit ýene serhetden bäri geçýär. Dag eteginden daşlaşman, bukdaklap gidişine Pulhatyna ýetýär. Pulhatyn Guşgy bilen Saragtyň aralygynda.

T.J. Üç döwletiň: SSSR-iň, Eýranyň, Owganystanyň serhetleriniň birleşýän ýeri.

K.M. Şol ýere ýetende-de Jüneýit söwetleriň duzagyna düşýär, aýylganç gyrgynçylyk bolýar. Şol söweşiň bolan ýerine baraýyn, göreýin diýip gezdim, dürli bahana bilen ahyram baryp bilmedim.
Gyrgynçylykdan habarly adamlar depe saçyňy düýrükdirýän faktlary aýdýarlar, gözi bilen görenler bar. Ejesi okdan ölüpdir, çagajygy ejesini emip ýatyr. Gyrlyşyk şu derejä ýetýär. Adam süňkleriniň üsti-üstüne üýşüp ýatan ýerleri bar diýdiler. Watançylyk urşuna gitdim, frontda şuňa meňzeş aýylgançlyklary gözüm bilen görmeli bolupdy.
Jüneýit az sanly aman galan nökeri bilen Owganystana geçýär, emma işan-molla, aýal-ebtat topar tutup, onuň yzyndan galanok. Olary kowmaga ynsaby çatanok. Jüneýit namazhon adam, okuň astynda-da bäş wagt namazy okapdyr. Halka ýakyn durany üçin ilat ony halapdyr, emma ony şeýle bir zalym, şeýle bir ganhor edip görkezdik, heý, goýaý! Şu meselede diňe taryhçylar däl, ýazyjylaram juda işeňňirlik görkezdiler. Diňe Beki Seýtäkowyň edenem ýeterlik, soňra Rahym Esenowyň edişi!.. Aglaberesiň gelýär. Menem özümi aklajak bolamok, menem şol döwrüň taryhçysy, menem Jüneýdi ýazgaryp ýazanlaryň biri.
Men ýene bir zady aýdaýyn. Bir sebäp bilen Garagalpagystana düşdüm, şol döwrüň taryhyny ýazmak meniň paýyma düşdi. Menem Jüneýit han hakynda ýazdym welin, özbek alymlarynyň biri: Muhammetberdiýew Jüneýit hany aklaýar, basmaçylygy aklaýar diýdi. Onda biri gapdaldan çykyp: ol nähili aklaýarmyş, ynha, ol Jüneýit hany garalap ýazypdyr ahyry diýdi. Özbek hä diýmedi, gaýta: ony gahryman edip görkezişine seret, halkyň ony goldaýşyna seret diýdi-de, ýaňky sanaşdyryp, özümiň üns bermedik ýerlerimem özüme görkezip, meni dymdyraýdy, dogrusy, çykyş etmäge gaýratymam çatmady. Onuň aýdanlary dogry ýaly bolup barýar. Asyl men ony basmaçy diýip ýazgarýan halda ýazan kişi bolubam, gahryman edäýipdirin, türkmenleri gahryman edipdirin. Orta Aziýanyň taryhynda basmaçylary gahryman edipdirin. Jüneýit hany bolsa uly bir serkerde edäýipdirin. Gaty gidipdirin. Soňky ýazanlarymda az-kem aşak düşdüm. Onsoňam, redaktor, redkollegiýa diýip bir bela bardy. Depäňde-de Roslýakow otyr…

Dowamy bar...