13. Taryhçy. Ýazyjy. Çeper fantaziýa

T.J. Ýaşuly, men siziň ünsüňizi ýene bir möhüm meselä çekmekçi. Ikimiz taryh, çeper edebiýat hakynda yzygiderli pikir alşyp gelýäris. Taryhy çeper edebiýatda beýan etmek, görkezmek, suratlandyrmak, şular bilen bagly taryhy temadan ýazylýan çeper eserlere baha bermek, umuman, pikir alyşmalarymyz şu temalaryň ýaýrawynda dowam edýärdi. Käbir ýerde pikirlerimiziň çapraz gelýän pursatlaram bolýar, elbetde, bu bolmaly zat, bolmaly ýagdaý, sebäbi siz taryhçy, men ýazyjy, her bir hadysa öz pikirimiz bar. Herimiz öz düşünjämizden, häsiýetimizden, nukdaýnazarymyzdan ugur alýarys, tapawutly ýerleriň boljagy belli zat.

K.M. Bir mahal bir eýforiýa boldy, ”Rossiýa birleşmek meýletin boldumy ýa-da zorluk bilen amala aşyryldymy?” diýen meselede köp gürrüň edilipdi. Şonda seniň bir çykyşyňda aýdan pikiriň ýadymda galypdyr, megerem, sen şu meselä çemeleşmekde taryhçylar ýazyjylardan yza galdylar diýipdiň.

T.J. Biziň türkmen edebiýatymyzyň mysalynda aýdan däldirin. Gazak ýazyjylarynyň taryhy temadan ýazan eserleri hakynda ýörite makala ýazypdym, ýöne ol ýerde Rossiýa birleşmek meselesine däl-de, umumy taryha çemeleşilişi barada gürrüň gidýärdi. Türkmen ýazyjylarynyň arasynda ýeke-iki bolaýmasa, taryhçylardan öňe gidip bir pikir aýtmak hadysa derejesine ýetmändi. Çeper edebiýat adam bilen iş salyşýar, taryh geçmişi görkezýän faktlar bilen iş salyşýar. Taryhçy faktlaryň çynlakaýlygy, takyklygy bilen taryhyň dogruçyllygyny gazanýar. Edebiýatçy belli bir taryhy döwürde ýaşan, hereket eden adamlar hakynda ýazýar. Adam şahsy häsiýet, gaýtalanmajak indiwidum, ruh. Adam faktda däl-de, obrazda hakyky ýüzüni görkezýär. Ýazyjy obrazyň anyklygyny gazanjak bolsa, taryhy döwrüň häsiýetini, takyklygyny esas edip almaly bolýar. Bir akylly adamyň, ady takyk ýadyma düşenok, aýdan jaýdar sözi bar: çeper toslama (woobraženiýe) üçin öňi bilen faktyň bolmagy zerur diýýär. Dogrudanam, fakta esaslanman edilýän göz öňüne getirmeler aýagyňy ýerden üzmeklige alyp barýar. Sowet döwründe taryhy öwreniş ylmynda ýüz beren nogsanlar hakynda biz söhbedimiziň dowamynda ýeterlik gürrüň etdik. Sowet taryhçylary ideologiýanyň görkezmesine köre-körlük bilen eýerdiler. Ideologiýanyň islegine bap gelýän toslama taryh ýazyldy. Şol taryhdaky toslanyp tapylan faktlaryň esasynda ýazylan çeper eseriň hem galp boljagy aýdyň zat. Söhbedimiziň dowamynda Jüneýit han ýaly erkinligi, ar-namysy goramak üçin ata çykan adamlaryň hem taryhçylar, hem ýazyjylar tarapyndan iň otrisatel, iň aýylganç adamlar edilip görkezilendigini belläp geçdik.
Ýazyjy halkyň taryhynda at galdyran şahsyýet hakynda çeper eser ýazmakçy bolýar, onuň ömrüni, durmuşyny öwrenip başlaýar. Ol şol pursat belli bir derejede taryhçynyň wezipesini-de ýerine ýetirýär. Täze-täze taryhy faktlaryň üstüni açýar, jemgyýete öňki hödürlenen faktlaryň birnäçesiniň ýalandygyny subut edýär. Şahsyýete berlen baha wakalara täzeden garamagyň zerurlygyny aýan edýär. Taryhçylara heniz belli bolmadyk hadysalara olaryň ünsüni jemleýär. Ine, şu aýdylanlar babatda altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarda gazak ýazyjylarynyň halkyň taryhyny ýazmakda taryhçylara hemaýat berendiginiň faktyna men makalamda ünsi çekipdim. Siz, megerem, şol makalany göz öňünde tutýansyňyz.
Men belli rus ýazyjysy Ýuriý Tynýanowyň göwnüme ýaran bir pikirini aýtmakçy. Onuň sözme-söz takyklygyna güwä geçip biljek däl, onuň manysy şeýle: meniň üçin taryhy roman faktlaryň gutarýan ýerinden başlanýar diýýär. Beýle diýdigi taryhy fakty inkär edýän diýdigi däl. Oňa fakt şahsyýetleriň ýaşan taryhy döwrüni göz öňüne getirmek, bilmek üçin gerekdi. Ol öwrendi, bildi. Indi ol şol döwürde ýaşan adamlaryň durmuşyny, ruhy dünýäsini, häsiýetleriniň ýüze çykyşyny olaryň etmişleriniň, maksatlarynyň üsti bilen suratlandyryp başlaýar. Indi ýazyjydan taryhçydan talap edilýän takyklygy talap edip bolmaz, sebäbi çeper döredijiligiň tebigaty, häsiýeti beýle talaby inkär edýär. Şu ýerde belli amerikan ýazyjysynyň, megerem, Gor Widalyň bolsa gerek, jaýdar aýdan belligini mysal getireýin: taryhy temadan ýazýan ýazyjynyň motiwirowka etmäge haky bar diýýär. Taryhy fakty çeper fantaziýanyň ugry boýunça äheňleşdirmäge haky bar diýildigi diýip düşünýärin. Emma taryhça motiwirowka etmäge, ýagny, äheň esasynda ýazmaga rugsat berilmeýär, ol diňe taryhy faktyň anyklygy esasynda taryhy ýazmaly. Eger oňa-da äheňleşdirmek bolýar diýseň, onda taryh çaklamalardan dolaýar. Meniň şu aýdanlarym bilen baglylykda siziň pikiriňizi diňlemek maňa gyzykly bolar.

K.M. Taryhçy, edebiýatçy, ýazyjy diýip, utgaşdyryp aýtmagyň ýöne ýerden däl. Meniň düşünişim, garaýşym boýunça taryhçy boljak bolsaň, belli bir derejede ýazyjy bolmaly, belli bir derejede filosof bolmaly. Sen belli bir derejede ýazyjy bolman, filosof bolman, ýene bolmaly zat kän, hemmesini sanap oturmaýyn, taryhçy bolup bolmaz diýen kesgitlemeden ugur aldym. Käbir taryhçy bilen pikirimiň gabat gelmedik pursatlary az bolmandy. Men seniň edebiýat hakynda ýaňky aýdan pikirleriňi makullaýaryn. Biz öňem telim sapar pikir alşypdyk, ýöne ikimiziň mydama bir gabat gelmeýänräk ýerimiz bar. Ony senem bir açyk aýdaňok, menem bir aýtjak bolamok. Men kesgin aýdaýyn, az-kem ýazyjy bolmadyk taryhçynyň bahasy kör köpük! Käbir ýerde taryhy faktyň ýetmeýän ýeri bolýar, şonda az-kem gepletmeli ýerleri bolýar, doldurmaly ýerleri bolýar, ýogsa boşluk, wakum döreýär. Şol boşlugy gaty bir ägä bolup, häzir bolup, ätiýaçly doldurmajak bolsa, ol taryhçynyň ýazan taryhyny okamazlar. Ol hälki bir sanawaç taryhçy bolar, ol öli taryhçy bolar. Meniň aýtjak bolýan zadym, hakykatdan aýagyňy üzmän, kämahal taryhyň boşlugyny azajyk dolduraýmagyň aýby ýokdur. Öňdäki fakt bilen soňdaky faktyň çatyljak bolup duran ýerinde azajyk şire gerek, özen gerek, şojagaz jan bermeli ýerinde fakt ýok diýip, böküp geçen taryhçynyň ýazan zadyny okanoklar. Okanoklar, sebäbi, jan ýok, jan berilmedik taryhdan ne peýda! Näme üçin Tarleni, Manfredi gaýtalap-gaýtalap okaýarlar? Näme üçin? Ýa-da, soňky döwre geçip aýtsak, gaty bir moda öwrülen taryhçy bar, Gumilýew, Angliýanyň taryhçysy Toýnbi bar, bularyň işlerinde-de şol boşluklar az-kem doldurylýar. Şu meselede menem öz pikirimde galaýyn.

T.J. Hawa-la!

K.M. Meniň diýjek taryhçymyň iň bolmanda dörtden, üçden biri, aslynda-ha ýarpysy, ýazyjy bolmaly, sebäbi ikisiniň obýekti bir, ikisiniň hem öňe sürýän meselesi adam! Adam! Meniň taryhçylygym çyn bolsa, adama täsir edip bilmejek bolsam, adamyň şu gününe däl, ertirine täsir edip bilmejek bolsam, onda men taryhçy däl. Asla hakyky taryhçy ertiriň taryhyny ýazýar, düýnüň taryhyny ýazan, ol taryhçy däl, şu günki diýen-ä taryh bolmaýaram, bir-ä düýnki, birem ertirki bar, ertiriň taryhyny ýazmadyk adam taryhçy däldir. Men beýle bir syýasata, teoriýa gidýändirin öýtme, gadymy grekler ýöne ýerden KLIO döretmändirler-ä! Klioda taryham bar, edebiýatam, sungatam bar. /Klio – häzirki esse žanryna gabat gelýär – T.J./. Taryhçynyň taryhçylygy çyn bolsa, ýazyjy ýaly döretmese, sungatçy ýaly döretmese, ol taryhçynyň gymmaty ýok diýen pikiri ýazyjy Sergeý Zalygin aýdýar. Ol ýene bir pikir aýdýar: şeýle bir zaman geler, edebiýat bilen taryh, taryh bilen edebiýat bir zat hökmünde okadylar diýýär, bir zat hökmünde öwreniler diýýär, sebäbi, ikisiniňem düýbünde adam ýatyr diýýär. Ýaňy sen gowy aýtdyň, adama täsir etmek, adamy adam etmek esasy ündew diýdiň. Adam diýen düşünjäniň manysy örän çuň, şol mana ýetmekde edebiýatyňam, taryhyňam maksady bir. Seniň ýaňky aýdan pikiriň, taryhçy faktdan aýagyny üzmeli däl diýeniň bilen ylalaşýan, asla-ha edebiýatçam faktdan aýagyny üzmeli däldir.
Taryhçy fakta hasam sarpa goýmalydyr. Men birini öwjek bolsam, hökman fakt getirip öwmeli. Onsoňam, edebiýat taryha köp zat berýärmi, ýa-da taryh edebiýata köp zat berýärmi diýen sowalyň ýöntem görünmegi-de mümkin. Men şu ýerde bir zat aýtjak. Pawlo Zagrabelnyý “Roksalana” romanynyň sözsoňunda şeýle ýazýar: “Men ýazyjy hökmünde ýazyjylaryň ylma berýän materialyndan ylmyň ýazyjylara berýäniniň has artyklygyny boýun alýaryn” diýýär. Merones diýen alym aýal şeýle ýazýar: “Çeper eser taryhy çeşme bolup bilermi? Hawa, bolup biler” diýýär.
Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany durşy bilen syýasat, ol diýjek zadynam diýip bilmändir, bu aýratyn gürrüň. Emma şol romanyň taryhy çeşme bolup galjagy çyn. Edebiýat bilen taryh aýrylmaz dogan. Ýöne biziň ýazan taryhymyz durşy bilen ideologiýanyň beýany boldy. Bäşýyllyk planlar, gurultaýlar bar, emma adam, şahsyýet ýok. Mundan tapawutlylykda biraz özbaşdak pikirlenýän edebiýatçy, ýazyjy biraz gapdala çykyp bilýärdi, bir zatlar diýip bilýärdi. Emma biz, taryhçylar edil örklenen ýaly diňe aýdylmaly diýlen fakta daňyldyk oturdyk. Beýdip ýazylan taryhy okamaga hiç kimde höwes ýokdy.

T.J. Sizem öwrülip meniň aýdan pikirime geldiňiz-dä. /Kakajan aga çalarak gülýär/. Ýaşuly, edebi döredijiligiň taryhynda şeýle bir zatlar bolýar. Meselem, ýazyjy taryhda uly rol oýnan şahsyýet hakynda eser ýazýar. Ol gahrymanynyň häsiýetini, etmişlerini görkezýär. Adam hökmünde şahsyýetiň mümkinçiligine garap, onuň taryhda hasaba alynmadyk, alynsa-da ýitirilen taraplary, hatda möhüm dokumentler barada-da fantaziýasynyň kömegi bilen aýdyp bilýär. Muny aýdanda ol şol şahsyýetiň başarnygyndan, pikir öwrüş endiginden hem gaýry mümkinçiliklerinden ugur alýar.
Mysal hökmünde bir fakty almakçy. Sergeý Borodin diýen atly ýazyjy bardy. Ol Teýmirleň, türkmençe aýtsak Emir Temir hakynda dört tomdan ybarat taryhy roman döretdi.
Emir Temiriň Fransiýanyň koroly Karl Altynja ýazan haty bolmaly. Şol haty ýazyjy köp arhiwlerden gözleýär, tapanok. Ahyry Borodin şol hatyň takmyny wariantyny öz zehininden düzýär. Emir Temiriň häsiýetini, diplomatiýasyny, Gündogar hem Ýewropa ýurtlary babatda alyp baran syýasatyny örän çuň öwreneni üçin şol haty özünden ýazmaga batyrlyk edipdir. Soňra şol hat tapylýar. Ýazyjynyň düzen haty bilen Emir Temiriň ýazan hatyny deňeşdirseler, ikisi diýseň meňzeş bolup çykýar. Gördüňizmi, ýazyjynyň tapylmadyk haty şeýleräk bolandyr diýip, fantaziýasyna daýanyp düzmäge haky bar, geň görlenok. Emma beýle etmäge taryhçynyň haky ýok, ol diňe hakyky dokumental fakta gol ýapmaly. Ýazyja hyýal etmäge çeper döredijiligiň häsiýeti, tebigaty rugsat berýär, emma taryhçynyň ýok fakty toslamaga ahlak taýdanam, ylmy taýdanam haky ýok! Toslasa, ol taryhçy bolanok!

K.M. Tirkiş, sen ”fantazirowat” diýen sözüň aşagyny çyzdyň, beýtme, bolanok. Taryhçynyň oýlanmaga haky bar. Ýazyjy Borodin ýaňky haty düzendir welin, ýöne goşa dyrnak içine alyp bilen däldir. Gabrilowiç “Lenin Polşada” diýen filmiň ssenarisini ýazýar. Onuň üstüne topulýarlar: ”sen näme, hamala, gapdalynda bolan ýaly Lenini gepledip ýörsüň?” diýýärler. Gabrilowiç jogap berýär: Men bir mahalyň özünde taryhçam, men taryhdan ugur alýan. Men Lenine şol döwürde diýäýjek zatlaryny düýdirýän. Eger şol döwrüň taryhyndan çykyp, Lenine bir söz diýdiren bolsam, onda maňa ýol bermäň diýýär. Şonuň üçinem men senden dost hökmünde fantazirowat diýen sözüň aşagyny çyzmazlygyňy haýyş edýän. Çyzsak ýalňyşarys.

T.J. Ýaşuly, gürrüň çeper fantaziýa hakynda gidýär. Men çeper fantaziýanyň gürrüňini edýän. Gabrilowiçem ýazyjy, dramaturg ahyry!

K.M. Az-kem fantaziýa ýol berilmese, jan berilmese, ol taryhdan ne peýda! Ol gury taryhdan, gahrymanyny az-kem gepletmedik taryhçydan ne peýda? Biziň taryhçylarymyzyň işini gören zat, taryhy gepletmediler, gepledenoklar. Diňe gury fakt bilen oňdular.

T.J. Bu diýeniňiz dogry, siz taryhçynyň ýazan zadyny okar ýaly çeper dilde ýazmagynyň gürrüňini edýärsiňiz, emma meniň diýjek bolýanym düýbünden başga zat.

K.M. Men ömrümde çeper edebiýaty köp okadym. Edebiýat barada makala-da ýazan kişi boldum, çapam etdiren ýerlerim boldy. Özüme teoretik ýa-da çyn edebiýatçy diýjek bolamok, ýöne çeper edebiýat bilen taryhy birleşdirmesek, bizi okamazlar, biziň gymmatymyz pes bolar diýip gezdim-dä. Şonuň üçinem sen meniň bilen biraz ylalaş.

T.J. Ýaşuly, bu meselede ylalaşyp, ylalaşmazlygymyzam mümkin. Biz aýry-aýry adamlar. Siz ýaňy biziň taryhçylarymyzyň diliniň gurakdygyny, gury faktdan başga zat bilmeýändiklerini aýtdyňyz. Munuňam özüne ýetik sebäbi bar. Olara öňden bir zat öwredilen: bir zat aýtjak bolsaňyz, şol aýtjak bolýan pikiriňize kepil geçjek çeşmä, öň aýdylan fakta salgylanmak hökman diýildi. Onsoň, olar ”diýlende näme!” diýip bilenoklar. ”Meniň özümem taryhçy ahyry!” diýmeli. Ol näme üçin türkmeniň düýni hakynda aýtjak pikirini Bartolda ýa-da ýene bir öň ýazyp gideniň pikirine salgylanyp aýtmaly? Täze pikiriň öňüni almak maksady bilen tapylan usul! Men näme üçin çagalykda görenimi, duýanymy ýazanymda, okyjyny ynandyrmak üçin hökman öňki gelip giden taryhçylaryň faktlaryndan kepilnama gözlemeli? Meniňem kandidat, doktor diýen ylmy derejäm bar-a! Dogry, onda sen öz pikiriňe ynan, ynanar ýaly edip ýazmagy başar! Okalar ýaly çeper dilde ýaz, obrazly aňlatmalardan peýdalanyp ýaz! Obrazly, çeper dilde beýan etmek üçin hökman edebiýatçy, ýazyjy bolmaly däl-ä! Taryhçyda-da başarnyk bolmaly, sebäbi ol arhiw üçin ýazanok, adamlara okatmak üçin ýazýar. Taryhçy halkyň etnografiýasyny, däp-dessuryny, häsiýetini, gylygyny beýan edende, şüwlümli okalar ýaly çeper ýazmaga çalyşmaly. Taryhçynyň ýazmaga-da zehini bolmaly!

K.M. Hä-ä...

* * *

Gutarylmadyk söhbediň soňy…
Söhbetdeşligiň ýazylan günleri: 16-njy, 26-njy, 28-nji, 30-njy dekabr 1999-njy ýyl, 2-nji, 7-nji ýanwar, 2000-nji ýyl.
Kakajan Muhammetberdiýew 2000-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda ir sagat 6.30-da jan berdi. Ol 19-njy ýanwarda sagat 12-de Köşi obasynyň ilersindäki belent baýyrlaryň üstünde jaýlandy.

G Y N A N Ç

Türkmen halky gün geldigiçe seýrekläp barýan bilimli, namysjaň ogullarynyň ýene birini ýitirdi. 18-nji ýanwarda taryh ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Muhammetberdiýew agyr keseliň derdini çekip, ýetmiş alty ýaşynyň içinde aramyzdan gitdi.
Kyrkynjy ýyllaryň aýagynda milli meseleden diplom ýazyp, Daşkentdäki Orta Aziýa döwlet uniwersitetini üstünlikli gutaran Kakajan Muhammetberdiýew ýaşlykdan ylmy hem jemgyýetçilik işlerine lükgeligi bilen berilýär. Gaýgysyz Atabaýewi, Şaja Batyrowy şahs hökmünde özüne ideal, nusga tutunan bu adam hem edil şol ägirtler ýaly agalyk eden kommunistik sistema ak ýürekden gulluk edip, türkmeniň şahsyýet derejesinde erkin pikir edip bilýän adamlarynyň köpelmeginiň hatyrasyna janyny gaýgyrmazlygyň ýoluna düşüpdi. Onuň bu niýeti aýratynam Çärjew Döwlet pedagogik institutynyň rektory bolup işlän ýyllarynda aýdyň ýüze çykýar. Emma raýatlarynyň ölçelip berlenje çäkden çykmazlyklary üçin berk gözegçiligi ýola goýan sistema Kakajan aganyň-da rehimsizlik bilen kastyna çykypdy. Ony işden, partiýa agzalygyndan çykarýarlar, hatda ýaşap oturan jaýyndan çykaryp, uly maşgalasy bilen köçä zyňýarlar, ýurtdan gitmäge mejbur edýärler. Soňra Moskwada, Özbegistanda, Garagalpagystanda işläp, ökde alym, taryhçy hökmünde uly abraý alýar.
Kakajan aga sowet döwletiniň gurluşy bilen bagly Orta Aziýa sebitinde bolup geçen wakalary, aýratynam Gaýgysyz Atabaýewiň Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny döretmekde bitiren beýik işlerini ähli inçeliginde yzarlap, olara taryhçy alym hökmünde real baha berip bilýärdi. Alymyň gymmatly pikirlerini halka ýetirmek gelejegiň işi.
Kakajan aga köptaraply, töwerekleýin oýlanyp bilýän adamdy. Ýazyjylaram, hudožniklerem, kinoçylaram, teatr işgärlerem oňa höwes bilen täze işlerini görkezerdiler, onuň aýtjak sözüne, berjek bahasyna garaşardylar. Ol şowly esere çaga höwesi bilen begenmegi, şowsuzlyga gynanmagy, onda-da paýhasly ýaşula mahsus göwün göterijiligi saklap, gynanjyny bildirmezligi başarýardy.
Kakajan aga ýaly syrdaşlar bakyýete gidende, jemgyýetde olaryň orny gädilip galýar. Döwürdeşleriniň kalbyndaky ýakymly ýatlamalar kem-kemden şol gädigi doldurmaly. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, KAKAJAN AGA!