Talyplyk ýyllarymyň ortalarynda okuwyň iň bir görmegeý oglanlarynyň biri bolan Ahmedi öz ýanymdan gowy görýärdim we muny okuwda Ahmediň özünden başga hemmeler bilýärdi. (Belkem olam bilip bilmezlige salýandyr. Bilip bolmaz). Garaz şeýdip bir ýyla golaý oňa göz astyndan garap gezdim. Gyzlar her näçe "olam saňa kän seredip durýa" diýselerem, özümä hiç onuň bakyşlarynyň üstümde eglenenine gabat gelmedim.( Elbetde bu çyndäl). Belkem meňem oňa alyp ýatan söýgim ýokdyr. Aý ýaşlykda! söýmelimiş diýseler görmegeýräk birini tutaýaýyn diýendirin.

Garaz bir gün gyzlaryň umumy ýaşaýyş jaýynda joralarymyz bolup, kiçiräk oturlyşyk gurnamagy ýüregimize düwdik. Gije ýatylýan wagt bolmazdan öň ýakyn joramyň otagynda ýygnanyşyp iýip-içip, oýunlar oýnamakçydyk. Şol gije ýaşlaryň iň halaýan oýunlaryndan biri bolan "правда или действие?" oýnuny oýnadyk. Gezek maňa gelende ýalňyşyp "действие " diýip aýtmanmy? Öz dilimden bela galdym. Maňa ýumuş buýurmaly gyzam hökman maňa şol 1 ýyl bäri uzakdan synlap ýören oglanyma duýgymy sms üsti bilen beýan etmegi tabşyraýmalymy diýsene... Heh! heý meniň şony etmäge gurbum çatýan bolsa 1ýyllap däli ýaly ýüzüňede seretmeýän oglandan umydygär bolup ýörjekmi?! Ýöne şo gije hemmeler dilleşen ýaly sms ugratmak pikirini goldadylar. Her edip- hesip edip maňa aýtdyrmagy berk maksat goýan ekenler. (Utulsamam bir sany fruktowy tort minusa gitýädim). Elbetde talyp girdejim bilen bulary tortjagaz iýdirip baýnatmak niýetimde ýokdy. Şonuň üçinem bir gowy pikir kelläme geldi. Hasabymda barybir ýeterlik mukdar serişdäniň ýokdygy ýadyma düşdide sms ýazmaga razy boldum. Olaryň gözüniň öňünde "ugratýan" düwmä basaryn, ýöne "baran-barmadygyny barlap oturaslary ýoga?!" diýip pikir etdim. Hemem uly güýç bilen smsi ýazmaga başladym. Şeýle bir joşup, boýumdan uly duýgular ýazyp, smsi boldugyça ulaltjak boldum. (Ýalňyşybam gidäýmesin diýip). Hatymda şeýle sözler bardy:" Ahmet, men bir ýyldan bäri seniň ugruňda däli diwana bolup ýörün, Mejnun ýaly çöllere çykaýasym gelip barýar. Seniň kirpiklek içiňden geçip barýan gapgara gözleriňe seredemde elim aýagym özümiňki däl ýaly bolup gitýär. Sen tötänlikden maňa seredäýseň başym aýlanyp, essim aýylyberýäda. Duýgularym meni halys günüme goýmansoň şu haty ýazmaly boldum..." We başgada kän taryp ediji sözler ýazdym. Ýazdygymça ýazasym geldi, gowysyndan gowy sözler sms-e düzülip barýardy. Gyzlar bolsa hezil edip gülüşip maňa ýazmaga kömek etdiler. Şeýlelik bilen men yzynada bir giden bolgusyz stikerler goýup, hatymy jemledim. Soňam ugrat diýen düwmä basanymy gyzlar gören badyna telefonymyň ekranyny öçürip, ony aşak garadyp goýdum. Gyzlar meniň hereketimden takmyn bolup, oýnuna dowam etdiler. Ýüregimde hiç hili howsala bolmazdan ýene bir ýarym sagat otyrlyşykda oturdym. Oýun gutarandan soň bolsa telefonumy sagada garamak üçin elime alamda, tas gözüm hanasyndan çykypdy. Ekranda iki sany okalmadyk sms belgisi dur eken. Olaryň birinjisinde kakamyň nomerinden 30 manat pul geçirildi diýip ýazylypdyr. A şondan 4 minut soň gelen smsi welin okamaga meniň bognum ysmady...

@kuzam