Salam eziz, gadyrdan okyjylar. Bu ýene men. Size gyzykly bolandyr diýip, şol ikinji smsde näme ýazylandygyny aýdyp bermek isledim. Elbetde bilesigelijiligim ony hem açman goýup bilmezdi. Birinji smsden 5 minut soň özümi dürsäp, ony açyp, okap gördüm we onda näme ýazylandyr öýtýäňiz? ....................... Garaz bilmediňiz. Ol sms Ahmetden däl eken. Kakam telefonuma pul salandan soň, geçen geçmedigini barlamak üçin "geçdimi gyzym" diýip ýazypdyr. A Ahmede ýazan bolgusyz hatym bolsa aşa uzyn ýazylanlygy sebäpli gitmän galypdyr(Uraaa. Men ýene aýtmadym) Näme? Bar höwesiňizi aldy gerek? Menä beý diýmezdim. Men kakamjanyň bu ýazan smsini şor maňlaýyma duşan, ýeketäk şowlulyk diýip hasaplaýan. Ýagny pikir edip görseňizle, özüňizi Ahmediň ýerine goýuň. Size okuwdan biri sen ýok, men ýok alaga-da, şolar ýaly sms ýazsa näme pikir ederdiňiz? Duruň men aýdaýyn. Siz oňa alasamsykdyr öýderdiňiz we ondan gaçarak duranyňyzy kem görmezdiňiz. Ine şonuň üçinem meniň berilen sadakam bar eken, masgara bolmadym. Elbetde bu ýagdaýa joralarym gaty erwet gaharlandylar. Nätjek-dä menem şeýleräk ýaradylan jandar ekenim, ylalaşmakdan başga çäre ýok. Emma şo wakadan soň men Ahmediň ýüzünede seredip bilmedim. Göwnüme ol şo smsi oka:ýan ýaly hemem görse meniň üstümden güläýjek ýaly bolup durdy. Onuň bilen fakultetimiz aýra bolansoň, ondan gaçmak maňa juda bir kynam düşmedi.( Kowalaýanam bolmansoň...)
Garaz şeýdip mähriban okyjylarym Ahmetli hekaýa gutar----andyr öýdüpdim. Ýöne bir gün ýene umumy ýaşaýyş jaýyndaky öz otagymda sapaklaryma okap,,, bolýa sizi aldamaýyn instagram görüp ýatyrkam, açyk duran äpişgämden birzat pasyrdap içerik giren ýaly ses eşdildi. Men ilki guş girendir öýdüp daş töweregime seredip, diňşirgenip durdum. Emma başga ses eşdilmedi. Geň galyp, ýaňky sesiň sebäbini gözläp başladym. Görsem aýagymyň aşagynda togalanyp otaga taşlanan bir bölek kagyz. Ilkä- "kim meň otagyma musur taşladyka?" diýip gaharym geldi, onsoň birden kelläm işledi- "biziň otagymyz ikinji gat-da ýerleşýändigi üçin penjiräni nyşanlap, atmaga kimiň güýji ýetdikä?" Oýun etýän-le, menem o dereje aňsyz dälä, elbetde bu zatlary pikirlenip durman aýnadan seredip hemme soragymyň jogabyny almagy menem akyl etdim. Ýöne ýarym sagat ýaly şo zatlary pikir etýänçäm zyňan adam gaçyp ýetişäýipdir-dä. Onsoň men o zyňylan kagyzda näme bardygyny açyp, gördüm. Onda gysgajyk- " ertir okuwdan soň, 2nji parkda, karuseliň ýanynda garaşjak, hökman gelginiň" diýip ýazylypdyr. Muny eşdip ýene bir gezek penjireden seretdim we ýylgyrdym.(Ikinji gezek näme üçin seredenimi özümem bilemok.) Onsoň men gitmek üçin özüme eşik saýlap başladym. Saç, priçoska zat tapyşdyrdym... Soňam birden durup, şübhelenmäge başladym. "Birden bu haty ýazan kursdaş oglanlarymyň biri bolaýsa we meni çagyryp üstümden güläýse, ýa başga fakultetden birimikä? Ýa bu hat komnatdaşym Maýsa ýazylaýdymyka? Golunama çekmändir. Bu haty oglanyň ýazanlygam belli dälä. Indi nädip anyklasamkam, gitsemmikäm-gitmesemmikäm." Köp pikir edenimden soň gitmeli diýen karary çykardym. Hemem birden hat maňa ýazylmadyk bolsada bilýänsiräp gürlär ýaly Maýsanam ýanymda alyp gitmeli diýen netijä geldim. Şo gije pikirler gurçuk ýaly beýnimi gemirdi. Ýatyp bilmedigim üçin şo haty ýazany tapyp, ýazan hatyny..... Borda. Şeýdip ertirem düşdi, sapakdan soň Maýsa bilen parka-da gitdik. Maýsa ýolda maňa hüňürdäp aýtmadygyny goýmady. " Heý bir bölek kagyza ynanybam bir aýdylan ýere gelip bolarmy oýnatgy, sende gram beýni bar bolsa o ýerik barmazdyň, şuwagt negözel ýatyp dynjymyzy alardykda..." Diýsede men özümiňkiniň dogrydygyny süňklerim bilen syzýardym. Men şu gün hökman şo ýerde bolaýmlydym. Barmalysyna aýdylan ýere bardyk welin o hatda bellibir sagat görkezilmändigi üçin ir gelenimizi ýa-da gijä galanymyzy bilip bilmedik. Karuseliň daşyndan iki sapar aýlanyp çyksagam, adam-jellat ýok eken. Günortanyň yssysynda kim barsynaý o ýerik?! Maýsa 15 minutdan köp çydamady. "Nätseň şeýt, menä gitjek" diýip, yzynada garaman meni taşlap gitdi. Men bolsa şo haty ýazany tapmagy berk ýüregime düwüpdim, haçana çenli garaşmalam bolsa garaşjakdym. Emma diňe 3 sagat garaşyp bildim. Ondan soň açlyk we gün meniň ysgynymy aldy.( Menem adamdyryna!) Ahyr hatam owwarama, ýazanam diýip ýerimden turup gitmek bilen boldum. Ýöne Ahmediň gelerine ýüregim bilen garaşypdym. Parkyň esasy derwezesinden çykyp barýarkam, arkamdan bir oglanyň "dur, saklan!" diýip gygyrmagy meniň zährämi ýardy. "Bu ses gaty tanyş, bu Ahmediň sesi" diýerdim welin men Ahmediň sesini nirden bileýin? Onuň bilen gürleşibem göremoga. Ýüregimi diňlesemä şo wagt bar güýjim bilen gaçmalydym. Ýöne men birinji gezek mert bolmagy we hakykatyň ýüzüne göni garamagy ýüregime düwdim. Gözlerimi we ýumrugymy (birden başga biri bolup çykaýsa salyp alar ýaly) mäkäm ýumdumda, ýuwaşjadan yzyma öwrüldim. Bir gözümi gorkaklyk bilen asdaryndan açdym, ikinji gözümi bolsa arkaýyn açdym. Ýüzüme mylaýym bir ýylgyryş geldi. Öňümde duran şoldy. Süňklerim bilen syzanym.
@kuzam
Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň