Hawa siz bu gezek 3-nji bölümi soramandygyňyz. Ýöne başymdan geçýän duýgulary siz bilen paýlaşmak maňa şeýlebir ýarady welin 3-nji bölümi özüm joşup goýberdim.

Biz Ahmet bilen aýryldyk. Hä wi siz entek barlyşan ýerimizem bileňizoga. Aý hawa, şo gün parkda ol maňa söz aýtdy( garnymy gowuja doýurandan soň elbetde, ýogsam meniň söz diňläre halym galmada). Has takygy meniň bir ýyldan bäri özüne seredip ýörenimi başyndan bäri bilýändigini aýtdy (barypýatan masgaraçylyk). Ýöne olam menden beter utanjaň bolansoň gönüläp gelip, "seň bilen bir agyz gürrüňim bar! Sen gowuja gyz, menem gowuja oglan, gel ikimiz söýgüli bolaly" diýip bilmänligi sebäpli men şonça wagt kösenip ýörüpdirin we hawa bilesiňiz gelýän bolsa aýdaýyn onuň wallybol oýnaýanlygy sebäpli ikinji gatdaky äpişgä hat zyňmakda kynçylygy ýok eken. Hemem meniňki ýaly sms ýazaýmagy akyl etmedigine-de ol günäkärdäl. Parka gijä galyp gelenini okuw wagtymyzyň deň gutarmaýandygy bilen düşündirdi.( Munuň üçin men entegem gaharly.)

Wi siz meniň näme jogap berenimem bilesiňiz gelýändir. Aý, näz edip oturasy näme bar?! Göwnümiň barlygy aýnada gören ýaly äşgär, öz kösenenim besdir, diýip aşygymy kösäp oturmaýyn diýdimdä.

Garaz Ahmet meniň pikir edişimdenem gowy oglan bolup çykdy. Ol meni bolşum ýaly söýýärdi. Däliligim bilen, gorkaklygym bilen, utanjaňlygym bilen, hat-da e$ek aňyrran ýaly gülkimem söýýärdi. Şeýdip biz okuwyň iň görmegeý jübüti bolduk (Meniň gözümde). Hemem bu dünýäniň iň bagtly ýaşlary... Bla, bla, bla, aý garaz şeýle zatlar boldy tä men bir gün irden ukudan aklyma aýlanyp oýanýançam. Durup, durmuşym hakda oýa batdym we öz ýanymdan içimi gürletdim.-" Haý gadyrbilmez, utançsyz diýsä... Ejeň-kakaň seni bu ýerlere söýgüli tap diýip ugratdymy? Olar gijesini-gündizine garyp sen bir oglanyň ýanyndakaň, men kitaphanada okap otyryn diýip, ýalan sözlemegiň üçin zähmet çekýälermi? Asyl sen olaryň ynamyma laýyk adammy? Entägem gyz doganyňdagy bu zatlary biläýse, seni mazalyja edip ýenjer. Bu ýaşda söýgüli tapyp, nämä gysdanyp barýaň diýip. (Dogram aýdar) Zyýanyň niresinden gaýtsaňam peýda" diýdimde, Ahmede aýrylýanlygymyzy hawar berdim. Ol ilki geň galyp, soňundan gynansada, meniň duýgularyma hormat goýdy. Menem onuň hormat goýanyna hormat goýdum. Şeýdibem biz hormat bilen şu gün aýryldyk. Indem bu zatlary birine aýdyp bermesem garynagry ýaly ýatara turara goýanok. "Ýa ýalňyş zat edäýdimmikäm. Geljekde bu gelen netijäme puşman bolaýarmykam?" Diýip pikir edip otyrkam, ýakyn joram ýüzüme 1stakan suwy serpip goýberdi. "Özüňe gel gyz, şular ýaly bagt näçe adama tapdyrýandyr öýtýäň? Diňe geldi-geçer samsyk pikirleriň üçin gül açyp duran söýgüňi kül etmegiňe men ýol berip bilmeriňä. Ýaşyňada bolan zat ýok, durmuşa çykamgyň tüýs wagty. Ejeň-kakaňam seni "öz bagtyň düýbüne sogan ek" diýip terbiýeländäldir" diýdide meni Ahmediň ýanyna gidip, ýaraşmagym üçin ýanyndan kowup goýberdi. Şo bolşuma bir ýerlerik ylgap gitdim, myžžyk ezilen saçlarym hemem kellämde dagynyk pikirlerim bilen nirä barýanymam saýgaramokdym. -"men nirä gitmeli, Ahmet nirde, baryp näme diýmeli, öňki pikirlerim nirik gitdi?" hiç haýsynyň jogabyny bilemokdym. Ahyrsoňy durup aglamaga başladym. Kelläm pikirlerden ýaňa ýarylaýjak bolýardy. "Gowusy yzyma gideýin" diýip, umytsyzlyk bilen arkama öwrülenimem şoldy welin, öňümde öňki görnüş keserdi, ýenede şol maňa seredip duran kirpiklek, gapgara gözler.

Kuzam