Ugradylmadyk sms 4

Nämede galypdyk? Hä hawa. Men Ahmet bilen nähili ajaýyp geljegimiziň bolup biljeginiň arzuwny edip otyrdym. Wi ýok o däl, iň soňky gezek ýel öwsen ýaly öwsüp durýan pikirlerim sebäpli ony taşlajak bolanyma entegem ynanyp bilemokda. Muny eden bolsam men gaýdyp beýle bagty nirden tapardym. Entägem ýaşasyn meniň paýhasly joram. Ol meni mydama ýalňyşlyk goýbermekden saklaýar. Gürleşen wagtymyzyň dowamynda Ahmet meniň gelmeli-gitmeli aklyma öwrenşenligi üçin, menden ötünç ýada düşündiriş sorap durmazdan, bar zady ýüzümden aňanlygy üçin özümi ýeňil duýdym. Şeýlelik bilenem indi içimdäki şübhelere we ynamsyzlyklara garşy nähili söweşjegimi öwrendim. (Soňundan puşman boljak işlerimi etmänkäm ilki joram bilen maslahatlaşmaly).

Ýöne bilýäňizä her bagtly adamyň durmuşynda görübilmezlikden gözi çykyp barýan görüpleri bardyr. Biziňem näme, ilden kem ýerimiz ýok, bagtymyza badak atjak bolýanlaram kem galmasynda. Beý diýsem geljekki gaýynenem öňüme bir paçka dollar oklap, "oglumdan uzagrak dur" diýendir öýdäýmäň. Beýle zat diňe türk seriallarda bolýara.(Meň pikirimçä meniň geljekki gaýynenem gaty ýakymly zenan bolmaly). Ýöne bu başga gürrüň. Bize badak atjak bolýa diýenim Ahmediň toparyndaky oňa mendenem beter ýanyp-köýüp ýören Şagül.( Şo gyzy başdanam jynym alanokdy.) Öňdenem bize ýüzüni piserdip kän seretýänini bilýärdim welin, edil bu dereje pese düşer öýtmändim. Bir gün meniň ýanyma gelip,- "eger şondan aýrylmasaň, Ahmediň geçen taryh sapagynyň egzamininde göçürip ýazanyny dekana ýamanlaryn" diýäýdi. Eşdip ganym depäme çykdyda. "Heý men şu wagta çenli ýeke sapakdan 4 ligem alyp görmedik, söýgülimiň diplomyny şular ýaly bolgusyzlara zaýaladar öýtýäňizmi? (Ondada ol şo egzamin gijesi meniň bilen ýazyşany üçin taýarlanyp bilmändigi sebäpli). Bu meniň günäm bolsa düzetmegem maňa galýa. Elbetde men muny Ahmede bolşy ýaly aýdyp bilmezdim. Sebäbi ony näçe gowy görsemem, gaharlananda beýnisini öýünde galdyryp gelen ýaly hereketler etýändigini iňkär edip biljekdäl. Şonuň üçin bu meseläni özüme söz berişim ýaly ýakyn jorama aýdyp berdim we ol ýenede bir gezek maňa akylyma-huşuma gelmejek maslahat berdi. Ýagny "Şagüliň maňa şeýle zatlar aýdanyny subut edip bilsek, ol entek Ahmediň göçürenini dekana subut etmäge wagtam galmanka jezasyny alar" diýip düşündirdi. Biz şeýleräk plan düzdük. "Ertir sapakdan soň Şagüli gürletýän, joram bizi gizlinjekden wideo alýa we hemme zat plan boýunça gitse, bu işi gyzlaryň usuly bilen ýeňişe eltýäs." Hemme zat edil planlaýşymyz ýalam boldy. Men Şagüli gürletdim, olam maňa samsyk ýaly ynanyp, "has düşnikli bolmagy üçin", öz şertini gaýtalady. Ýöne şo taýda garaşylmadyk ýagdaýda Şaguluň kiçi kursdaky "jigisi ýaly" gatnaşýan Merdanyň, joramyň bizi gizlinlikden wideo düşürip oturandygyny görmegi, bar plany bozdyda. (Men Merdan beýle akylly oglandyr öýtmändim).

Joram wideo aljak bolanda gizlenmek üçin her hili gülkünç pozisýalarda oturyp alypdyr. Onuň dartgynly ýüz mimikasy, okuw köýnegi bilen hasam "birhili neme" görünipdir. Muny men Merdanyň bildirmän öz telefonuna alan suratlarynda gördüm. Şeýlelik bilen biz Merdanyň o suratlary tiktoga ýüklemezligi üçin özümizde bar wideony pozmaly bolduk. Gynandyryjy ýerem men indi Ahmede ýene aýrylmalydygymyzy nädip düşündirjegimi bilemokdym. Ýene öz otaglarymyza gaýdyp gelip, näme etjegimi pikirlenip otyrkak biraz wagtdan, Şagülden jaň geldi. Menden ötünç sorady, hemem indi beýle zady etmejekligi hakynda söz berdi.( Bäh edil türkmen kinolardaky ýaly derrew puşman bolaýdymy? Belki beytse Ahmediň ony ýigrenerinden gorkandyr. Şunça plan düzüp, azara galyp ýörenden öňüräk "bar et" diýmeli ekenimä) Ýöne näme bolanda näme?! Möhüm zat men ýene Ahmet bilen bile we onuň hawary bolmazdan uly meseläni çözdüm. Al saňa gerek bolsa happy end...

Ertesi okuwda hiç zatdan bihabar Ahmet bilen öňküsi ýaly bagtly bolmagymyza dowam etdik. Okuwdan çykyşyn bolsa, ýerde ýatan bir üýtgeşikje blaknot tapdym. Onuň konspet depderi dälligä bellidi. Sebäbi iň soňky sözleminde- "ol bu zatlary hiç haçan bilmelidäldir" diýip ýazylypdyr. "Kim kimden näme gizläpdir?" (bilýäňizä gybat diýse gara janym). Ýöne başga ýerini okap ýetişmänkäm, Ahmet depderi meniň elimden garbap aldyda "ony goýup giden kimem bolsa, ýat adamyň okamagyny islemezdi" diýip içgysgynç akyllaryndan bermäge başlady. Blaknody bir gyrada goýdyda, meni ol ýerden zordan diýen ýaly alyp gitdi.

@kuzam