Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde okuwa taýarlanyp otyrkam öňküden has ulalanyma, durlananyma we akyllananyma göz ýetirdim. Indi menem hemmeler ýaly elimde kofe bilen, penjireden uzaklara seredip köp durýan.( Ýöne adamlaryň muny näme üçin etýändigine entägem düşünemok). Täze güýç bilen okuw ýylyň gyrasyndan girenimizde size aýdyp berenimden bäri durmuşymda üýtgän zat ýokdy. Maşgalam bilen tomusky kanikulda Awaza gidip, gyzykly dynç almak ýerine agzybirje bolup öýde generalny uborka etdik. Şeýlebir işim köp boldy welin Ahmet bilen hawarlaşmagada elim degmedi diýen ýaly. Bu zatlaryň arasynda okap bilmedik blaknodymam ýadymdan çykyp gitdi. Şo günüň ertirligi okuwa baryp görjek bolsam, blaknot barybir ýerinde ýok eken.(Haýsy bir tapan zadyňa üns berip ýörjek diýsene... Bäh çyndanam aklym goýalaýypdyrmy???) Garaz şu güne dolanýas. Hemme zat gülala-güllük bolan wagty okuwa gitmek hasam başgaça duýgy berýär. Aýratynam ol ýerde Ahmediň we joralarymyň maňa garaşýandygyny bilmek.

Okuwa baranymda üýtgän diňe men dälligime göz ýetirdim. Okuwda kän zat üýtgän eken. Meselem: Şagül gelin bolupdyr (toýuna çagyrmasada şondan dynanyma begendim), Maýsa guda gelipdir. Toýy gyşda eken. Ýakyn joramada halaşýan oglanyndan teklip gelipdir.(Siz onuň maňa maslahat berişinden özi boşdyr öýtdiňizmi? Ol romantika professory ahyry. Menä joramyň söýgüsinem aýratyn hekaýa ýazarlyk derejede täsirli görýän. Belki bir gün...) Şeýdip menden başga hemmeler gözli-başly bolaýypdyrda:( Ahmediň ýakyn dosdy Ataýewem ýekeleriň üstünden pirkol tutup alaýýa. Şol oglan näme diýse ýeňse damarym gatyberýädä. Edil kinolaryň erwet gahrymanlary ýaly) Gürrüňe gaýdyp gelýäs. Biziň bolsa Ahmet bilen şo, gören kinolarymyz hakda, mugallymlaryň häsiýetleri hakda, meniň täze alan köýnegim hakda we ş.m hakda söhbet edip ýörşimizdi. Bu ýagdaý meniň içimi gysdyrmanam durmady. Gördim-bakdym bu oglan dil ýarmajakdan, onsoň başladym ony sözlerim bilen dürtmäge- "toýam bir gowy zat, her zat öz wagtynda bolsa ýagşy, seniň maşgalaňdakylar nähili gyzykly eken, ejemem indi öýüň hemme işini maňa ynanýa... hatda- seniň maňa aýdasyň gelýän zat ýokmy?" diýibem sorap gördüm. Ýok bolanok, gozganganjak gumany ýok. Ýa meni ýylgyryp makullar, ýada üstümden düşüp yzyny degişmä ýazdyryp goýberer. Menä soňunda "bul oglanyň çynydäl öýtýän" diýmägede başladym. Näme üçin şony garşymda otyrdagada "aý oglan sen maňa öýlenjekmi ýa öýlenjekdäl?" diýip soraýmak beýle kyn düşýäkä?! Özümi gaty çykgynsyz ýagdaýda ýaly duýdym. (Birden Ahmet meniň bilen durmuş gurmasa men näme ederkäm, bütin okuw biziň toý ederimizä garaşyp ýörä. Men ondan geçibemä bilmen...) Eger öňki men bolan bolsam özüme ýüzük alynagada, "maňa durmuşa çykjakmy" diyip yazylan kagyza dolap, onuň depderleriniň arasyna salagada, ýanyndakam şo depderi açdyrardym. Soňam begenjimden gözüm ýaşaran ýaly edip ýalan gözýaşlarymy süpürägede, näz edip "hawa" diýen bolardym.(Şondan soňa başga çäresi galmazdy). Emma şu tomusda okan galyň kitaplarym maňa "duýgulary öz isleýşiňçe üýtgedip bolmaýandygyny" öwretdi. Şonuň üçin garaşmakdan başga çäre ýok. Ýöne menem garrap barýan. Ine ýene iki günden meniň 22 ýaşym dolýa. Ýöne muny onuň tagta ýaly kellesine salda salyp bilseň.

Ahyr meniň doglan günümem ýetip geldi. Joralarym 00-da tort alyp otagyma geldiler we biz gyzlar bolup belledik. Ahmedem jaň edip gutlady. Joralarymdan gelen biri-birinden eziz sowgatlarymy açamda bar aladam ýat bolup gidäýdi. Owadan gözmonjykly bilezik diýjekmi, gar gutusynyň içinde tans etýän gyzyň heýkeljigi diýjekmi... Ýöne Ahmediň sowgady bolmazdan birzat kemdi. Onsoň ahyr men ondan binamyslanyp "sen meniň doglan günüme näme aldyň?" diýip soradym. Olam täze alan köýnegiňe gelişýän sumka diýdi. (Dogrusy biraz lapymkeç boldy). "Daşaryk çyk, bereýin" diýdi. Begenen ýaly ses bilen "bolýa" diýdim. Gapydan çykan ýerimde bolsa Ahmet ýokdy, ýöne ýodajyk ýaly ýere sepilen güller bardy. Gülleri yzarlap gitsem, umumy ýaşaýyş jaýynyň arka tarapyndaky baga tarap barýardy. Ýüregim duýýady, şu gezek boljak. (Romantiçny teklip gelýä häzir). Diýip otyrkam........... Ýolda maňa ejem jaň etdi "biz geldik gyzym, otagyňda ýok ekeniň, sen nirde? Biz baraly" diýip. Menem ylgap otagyma gitmeli boldum. Şeýdip ejemdagy bilen doglan gün belläp, olary ugratýançam gaty giç boldy. Telefonuma seretsem Ahmetden birgiden sms, jaň. Yzyna aýlasam almady. Soň menem ýatdym. Ertesi okuwda Ahmet bilen görüşip bilmedik. Çärä alyp gitdiler uzyn gün. Ondan gelemizsoň ol ýene meni duşuşyga çagyrdy. Barsam bu gezek ol ýokdy. Şeýdip doglan günümi gaýgyly ýagdaýda geçirmegi dowam etýärdim. Soň birden kalidoryň ugrunda ol birýerlerden peýda boldyda öňümi böldi. Elinde birje bägül bilen gutlady, duýgulandyryjy sözler aýtdy. Menem gözüniň içine seredip, esasy aýtjak zadyna garaşýardym. Olam indibir jübüsine elini salyp birzat çykarjak bolup durka, mugallyma tutuldyk. Ýoooo men bu gezek teklibimiň bozulmagyna ýol berjekdäldim. Onuň elinden mäkäm tutdymda çykyşa tarap el tutuşyp gaçyp başladyk. Mugallymam yzymyzdan kowalaýardy. Ylgap barýan yerimizde ol "maňa durmuşa çykjakmyyyy?" diýip gygyrdy. Menem badymy saklaman "hawaaa" diyip gygyrdym. Mugallym yzymyzdan ýetiberende "al sowgadyň" diýip ýüzügi barmagyma dakyp ýetişdi. Şeýdibem durmuşymyň iň bagtly pursadyny bu hekaýanyň şatlykly ýapylyşy bellemegi makul bildim. Aýdyp gidip otursaňa mama bolanyma çenli gürrüň bererdim. Ýöňe siziň ýadyňyzda şol şadyýan, däli we bagtly jübüt bolup galmagymyz hemmeler üçin gowy bolar.

Şunlukda gürrüň beren 5 bölümlik hekaýamyň bar aýtjak bolýan zady: şo smsiň gitmedigi gowam bolupdyr hä? Her şerde bir haýyr bar diýipdirler.

@kuzam