Uilýam Folkner ýaş ýigit döwürleri kitap okamandyr, ýazyjylygyň nämedigini hem bilmändir. Durmuşda öz ornuny agtaryp, onuň nirededigini bilmän ýören ýaş ýigit bir uly ýazyjy bilen tanyşýar. Olar her gün öýleden gije çenli bile kafede içýärler, gürrüňleşýärler. Folkner ýazyjynyň işi bilen gyzyklanýar ýazyjy:

— Her gün ir sagat ýediden gündiz bire çenli ýazýaryn, soňam şeýdip günümi geçirýärin — diýýär.

Folkner:

— Ýazyjy başga hiç hili iş etmeýärmi?

Ýazyjy «ýok» diýip jogap berýär. Ýazyjylygyň gün tertibi Folkneriň hoşuna gelýär. Irden turmaly, bäş-alty sagat ýazmaly, soňam iýip-içip, mes gezibermeli... Üç-dört aýdan Folkner ýazyjynyň aýalyna özüniň roman ýazandygyny, adamsynyň okap görmegini haýyş edýär. Ýazyjynyň aýaly adamsyna ýaş ýigidiň haýyşyny aýdýar. Ýazyjy gaty ýokuş görýär:

— Allanyň hatyrasyna, okap görsün diýmesin! Ýöne şu neşirýata meniň adymdan ýüz tutaýsyn — diýip, okaman sypýar.

Folkner neşirýata ýüz tutýar...

Folkneriň kitabyny okamakdan ýüz dönderen ýazyjy eýýäm Folkneriň beýik ýazyjylyga ýol arçandygyny, erte-birigün özünden hem beýik ýazyjynyň Amerika doljakdygyny şol mahal güman hem etmändir...

Çagalykdan kitapdan gaýry zady bilmeýän adamlardan, köplenç, kitaby ýazyjy çykýar. Beýle ýazyjylar bolsa ikinji derejeli ýazyjylar bolýar.

Nobatguly REJEBOW