Senä uly gyzdyň zülpleri towly,

Menem bir maşgalaň körpeje ogly.

Menä söýýän diýip saýran bolardym,

Senem monça bolup aýnan bolardyň.

***

Hemmişe gizlenip göz bilen dilden,

Bileje ýörärdik gumsakly ýoldan,

Ir säherden baryp atyzly pele,

Ak pagta ýygardyk ikimiz bile.

***

Köp sorag bererdim, sebäp uludyň,

Gül ülkämde gözelleriň gülüdiň.

Degişip diýerdiň: “Basym ýigit bolarsyň,

Öýlenmekçi bolsaň meni alarmyň”?!

***

Kyndy bu sowalyň, jogap tapardan,

Oýlanýanym görüp gözüň gyrpardyň.

Köp pikir ederdim bolup haly ten,

Diýerdiň: “Jogap berdä sowalyma meň”.

***

Jady gözleň,aşygy men aşygy,

Yöne neýleý çapraz gelen ýaşymy,

Taýyn baky öwrülmäge guluňa,

Arman läläm ýaşyň menden uluda.

***

Men ýigit çykýançam ynanaý gülüm,

Sen bolarsyň, ençe çagaly gelin.

Soň diýerdiň: “Ömürimiň ahyrna çenli,

Garaşaryn aljagyn bilsem.

***

Emma bu durmuşda etseňem göwün,

Hasyl bolaýanok eden arzuwyň,

Käte söýen söýmedige çatylýa,

Ykbal aty bizden bidin çapylýa.

***

Aýra düşsek hergiz göwnüň galmasyn,

Bir dilegim güler ýüzüň solmasyn,

Ömür salyn şat durmuşda kürekle,

Hem söýgimiz sakla baky ýürekde.

***

Şeýdip bezediň sen özgäň törini,

Soň asla görmedik birek-biregi.

Bir wagt öwrüleňsoň göwün şadyma,

Ynha bu gün düşdiň yene ýadyma,

Menä bir maşgalaň körpeje ogly,

Senem uly gyzdyň zülpleri towly.

***

Bäşim Ataýew