Undulan şäherde bir gyz ýaşaýar.

Ýalňyzlygyň göbeginde gögeren,

Miwe bermän solup galan gögele,

Kim el bilen, kim dil bilen daşlaýar.

.-.-.-.

Paşmaýar gursakda garran arzuwlar,

Gujagynda öý gurupdyr armanyň.

Gözden däl, göwünden akýar şor suwlar

Ýeketäk ýesiri sowuk türmäniň.

.-.-.-.

Ummanyň içinde ýeke damja ol,

Bagtdan, şatlykdan uzagam bolsa.

Pyşbagadan haýal geçdi şunça ýol,

Nätsin derdi azar bogazyn bogsa.

.-.-.-.

Dogsa güni, aýy ony görmese,

Aýaklary ogşamasa zemini.

Bu tümlükden çykara yş gözlese,

Geçdi iki müçe duşman tebibi.

.-.-.-.

Tebigy bar zady ykbaly başga,

Ne ertirler gelip, sowgat buşlaýar.

Ýer ýüzüne sygman, sygyp bir köşge,

Undulan şäherde bir gyz ýaşaýar.

✍🏻 Süleýman Tekäýew.