Üns berilmeýän derwaýys meseleler #3

Terbiýe...

Hemmä salam hormatly agzalar! Adam ölýänçä terbiýä mätäçdir. Ýetmiş ýaşly ýaşuly bolsaňam terbiýesiz ýa terbiýäň pes/gowşak bolsa bolmaz. Arada Wekil 65-däki bankyň ýanyndaky mekdebiň ýanyndan geçip barýarkam "gel şu mekdebe sowulyp göreýinle, okuwçylar biz döwürdäki ýalymyka?!" diýen pikir bilen mekdebe girip synladym. Arakesme wagtydy, hemme okuwçylar daşarda, ýuwaşlyk bilen ýöräp okuwçylaryň bolşuny synladym welin, mekdep territoriýasyna girenime ökündim. 10-11-nji synp okuwçylardyr, bir gyz bir oglany gyra gysyp: "Ee haram, düýn agşam s**e jaň almadyň? Şu gün agşam swidaniýa çagyrjak, gelmeseň ejeňi pylan ederin" diýip gürleşip otyrlar. Estagfrullah diýip sesimi çykarman deňinden geçip gitdim. Mekdep hajathanasyny göreýin, o taýsy nähilikä diýip o ýerigem aýlandym, oglanlar daşyna siýip ýörler eken. Utanç haýa ýok, adaty bolmaly zat ýaly kabul edip, käbir gyzlaram hapa-paýyş sözleri ulanýan ekenler. Mugallymlarada degişli welin, esasan ene-atalara degişli, gaýrat edip çagalaryňyzyň terbiýesine azajygam bolsa üns beriň, arasynda çagaňyza bildirmezden mekdebe baryp synlap görüň, esasanam gyz çagaňyz bar bolsa terbiýesine üns bermeseňiz geljegimiz gorkuly. Dogry, hemme beýle däl, ýaňky ýaly terbiýesiz okuwçylardan 1-2 sanysy tutuş synpyň ýa tutuş mekdebiň terbiýesine zarba urýar. Garaz, mekdebe şeýle baha berip gaýtdym:

1. Ýokary synplaryň terbiýesi 10-dan 3;

2. Mugallymlaryň okuwçylara ünsi 10-dan 4;

3. Ene-atalaryň çagalaryna ünsi 10-dan 3;

4. Hajathana medeniýeti:

Oglanlar 10-dan 2;

Gyzlar hajathanasynyň daşyndan göräýmäge oňat, içini bilmämsoň 10-dan 5.

Ýönekeýje mesele ýaly görünse-de bular [üns berilmeýän derwaýys meseleleriň] biridir. Gaýrat edeliň, ýaşlar Watanyň geljegi, hajathanaň daşyna siýýän oglandan, oglanyň ejesine ýetip duran gyzdan nämä garaşmaly? Gaýrat edeliň, terbiýe ilkinji nobatda hökmany gerek zatdyr, könelerimiz alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn — diýipdirler.

Bu mowzuk mugallymlara we ene-atalara degişlidir!

Üns berilmeýän derwaýys meseleler #3

21.05.2026ý.

Hormatlamak bilen, Ahmet Gurbanmyradow