6-7 ýyl mundan öň men kondisioner ussasydym.
Gepiň tümmek ýeri: hökümet işinden çykdym. Gazanç gerek. Keýwany hem gulagymyň düýbünde: "Uzakly gün şol mallaryň bilen bolýaň. Gündelik bir gazan!" diýip iňňirdäp dur.
Edil şol wagt öz kondisionerim bozuldy.
Bir günläp YouTube-y gördüm. Kondisioner baradaky ähli wideony gutardym öýdýän. Ertesi güni kondisioneri diwardan düşürdim we düýpli sökdüm. Goňşy ussadan tok ölçeýji guraly haýyş edip aldym, köýen kondensatory-da tapdym.
Tapmagyna tapdym welin... 2 günläp yzyna toplap bilmedim. Poluň üstündäki demir bölekler maňa içiňi ýakyp seredýän ýaly.
Ahyry ussany çagyrdym. Ol geldi, men gapdalynda oturdym. Şeýdip "ikinji hünär okuwymy" tamamladym.
Emma gep hünär öwrenişim barada däl-leý. Gep käbir müşderiler barada.
Birinji tomus
Başda tanyş-biliş, garyndaş-uzakdaň, ählisiniňkini men bejerdim. Soň gep dilden-dile geçýär-dä. Daşardan hem müşderi tapylyp ugrady.
Bir gün birine bardym.
— Kondisioner işlänok. Asla açylanogam.
Seretsem, kondisioner üçin aýratyn gorag awtomady goýlupdyr. Şol öçüpdir. Barmagymy uzatdym, düwmäni ýokary galdyrdym. Kondisioner işläp gitdi.

— Näçe bermeli? — diýýär.
— 100 manat, — diýdim.
Hasabym ýönekeýdi: gelen taksim, gitjek taksim, galany maňa.
Müşderi ör-gökden geldi:
— Eeý, 20 minudam işlemediňä! 100 manat bolarmy? Bu işe 20 manadam köp!
Içimden: "Şo bir düwmäni özüň basyp bilmeseň, men günäkärmi?". Daşymdan bolsa ümsüm. 20 manat alyp gaýtdym. Taksä-de ýetmedi içigar.
Ikinji tomus
Aradan bir tomus geçdi. Telefon jyrlaýar. Ekranda - häki müşderi.
Baryp seretsem, şol gorag awtomady bu gezek düýbünden köýüpdir. Relesini näçe ýokary galdyrsaň hem peýda ýok.
Ýanymda ulanylan ýöne işleýän awtomadam bar. Özüme "Hä" diýsem 5 minutda çalşaýmaly.
Elimi uzadanymda, geçen ýylky sözler gulagymda ýaňlandy: "20 minudam işlemediňä..."
Şo ýerde özüme aýtdym: "Dur, Meret. Öňküň ýaly ýalňyşma".
Ilki kondisioneri diwardan düşürdim. Soň ony doly sökdüm. Her wintini aýyrdym. Bölekleri poluň üstünde owadan hatarlap goýdum. Muňa "diagnostika" diýilýär.
Soňam ýazdyryp oturdym-da, telefonda Clash oýnap başladym.
Müşderi habar tutmaga gelende, men çynym bilen işleýän ýaly bolýan. Kelläm kondisioneriň içinde. Gaşym çytyk. Dodagymy dişleýän.
Bir gelende çilimi otlap:
— Hawa... Ýagdaý agyr. Dogrymy aýtsam, täzesini alaýmasaň. Munyňa gutarypdyr. Ýöne saňa ýene 1 ýyl işlär ýaly edip bereýin, — diýdim.
Ol baş atdy. Ussanyň "ýene 1 ýyl" diýen sözi magazinyň kepilnamasyndan güýçli.
Şeýdip 2-3 sagat gowy dynç aldym. Clash-da bir 5-6 obany hem basyp aldym öýdýän.
Soň turdum. Kondisioneri topladym, awtomady hem çalşyp berdim. Kondisioner işläp gitdi.
— Näçe bermeli?
— 650 manat.
Bir gezek hem sorag bermedi. Ümsümje çykardy-da berdi.
Ol hoşal. Men bolsa 6 esse hoşal.
Netije
Şondan bäri bir zada düşündim. Adamlar seniň çözen meseläňe däl-de, çeken jepaňa pul töleýärler.
Bir düwmäni basmagyň bahasy - 20 manat.
Şol bir düwmäni 3 sagatlyk "agyr operasiýadan" soň basmagyň bahasy - 650 manat.

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...