Italmaz AKMYRADOW
Duşmak bagtymyzda ýok eken biziň,
Başga bir näzenin ýar boldy maňa.
Belki, sen ezizim, ýeke-ýalňyzsyň,
Goşa görünmäge utanýan saňa.
Ýyllar mende goýdy ýakymsyz yzyn,
Gözlerim üýtgemän galypdyr diňe.
Belki, sen heniz hem owadan gyzsyň,
Goja görünmäge utanýan saňa.
Italmaz AKMYRADOW

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň