1917-nji ýylda Yragyň ýerleriniň birine giren iňlis generaly Stenli Mud goýun bakýan bir çopan bilen duşuşýar. Ol terjimeçi arkaly çopana itleriniň birini soýsa, oňa bir funt sterling bermekçidigini aýdýar.

It çopanyň goýunlaryny möjeklerden goraýan, goýun bakmakda oňa kömek edýän we howpy duýan badyna duýduryş berýän örän möhüm we gerekli goragçydy. Emma generalyň berjek puluna bar bolan goýunlaryň ýarysyny satyn almak bolardy.

Çopan goýunlaryň birini gurban etmegi niýet etdi we ony generalyň aýagynyň aşagynda soýdy. General muňa razy bolmady, iti soýmagy buýurdy, çopan iti soýdy.

General çopana itiň derisini sypyrmagy üçin ýene bir funt wada berdi. Çopan puly alyp, onuň aýdanyny etdi.

General Mud eger çopan iti böleklere bölüp zyňsa, ýene bir funt bermekçi boldy. Çopan iti owradyp, bölek-bölek etdi.

General üçünji funty berip, gitmäge başlady. Çopan böküp turyp:

— Ýene bir funt berse, bölekleri iýmäge taýýardygyny aýtdy.

General Mud:

— Men siziň tebigatyňyzy bilmekçi boldum, hälki-bärki. Nebsiňize gul ekeniňizi bildim! —diýdi. — Sen üç funt sterling üçin özüň üçin iň gadyrly bolan dostuňy soýdyň, derisini sypyrdyň, böleklere böldüň. Dördünji funt üçin ony iýmäge-de taýýarsyň. Maňa bilmeli zadym şuldy.

Soň esgerlerine ýüzlenip:

— Bu ýerde şeýle «akyl» eýeleri köp duş gelýän bolsa, hiç zatdan alada etmeseňiz hem bolar, — diýdi.

Bu waka jemgyÿetde mal -dünýä üçin hemme zada taýýar nebsi gowşaklaryň barlygynyň, olaryň islendik duşmana öz jemgyýetini pytratmaga we garamlylyga öwürmäge hyzmat edýändigini görkezýär.

Doktor Ali Wardiniň «Yrak taryhyndan jemgyýetçilik wakalary» atly kitabyndan.