Içim gysanda telefona kän güýmenmek ýaly halamaýan endigim bardy. Bu günem şeýtdim. Gije ikä deňiç telefona güýmendim. Edil ejemiň aýdyşy ýaly, "Gözümiň köküni gyryp" seretmesem-de, bir-iki köküni gowşatjak derejede güýmenen bolsam gerek. Telefony güýç berijä dürtüp, onuň biraz güýç almagyna garaşyp başladym. (Güýçlenmegine diýseň, göz öňüňde göreşçileriňki ýaly gujurly, gaýratly gollary bolan telefon janlanýandygy üçin bu sözi ulanasym gelmedi)
Dek oturmagam aňsat däl. Kelläňe her tüýsli pikirler geliberýär: Näbelli uçýan jisimler, Ewerestiň çür depesindäki adamlaryň Ýere bakan uçup gaýdyşlary, mähelle bolup oturulan oturylyşykdan galan soňky spirt çüýşesi, haýsydyr bir hytaýlynyň gözi bilen iňňä sapak sapmaklyk...
Sowadyjyny açdym. Içinde kakamyň düýnki getiren gara hem tagamly üzümlerinden bardy. Olaryň henizem nädip diri galandyklaryna aklym çatanokdy. Bir gaba ýarty edip suw goýdum. Içine iki-üç hoşa üzüm atdym-da, ýere çökdüm. Gabadymdaky äpet şkafyň tutawajyna seredip oturdym. Gözlerimi aýyrmadym. Üzümleriň tagamyny çagalygymda iýen hiç bir buzgaýmagym bilen deňeşdirip biljek däldim. Bokurdagyňy ýakyp gelýän süýjüligine maýyl bolup, iýdigiňçe iýesiň gelýärdi. "Öw, näme edýäň?" diýip, kimdir biri kellesini görkezäge-de, gep goşjak ýaly bolup duran penjirämizem ýene açyk durdy. Gorkuly filmleri kän görýänimdenmi nämemi, soňky döwür ürkek bolupdyryn. Şkafyň tutawajyndan nazarymy sowup, ýerimden galdym-da, penjiräni ýapdym.
"Nirede gören zadyň? Iý, bol! Iý, bol!" diýip, niredendir bir ýerden gulagyma owaz gelip, kimdir biri üzüm iýişime janköýerlik edip oturan ýalydy. Menem aldygyna iýýärdim. Owaz ol bolşuna-da gyjalat berýärdi: "Bäh, galdyryp suwunam içsene bolanyna görä. Soňam gabyny kelläňe geý!".
"Gije ikä çenli güýmensem, boljagym şudur" diýip, özüme käýindim. Oturyp üzüm iýmek ýadadypdy. Gapdala ýaplanyp, täzeden dowam etdim.
Düýn öňňinlikde dodagymyň iç ýüzünden emele gelen, ys-koky bolmasa-da adyna şu çaka çenli näme üçin "Porsuja" diýlip atlandyrylandygyny bilmän ýören ýaramyň hem awuşasy gelip ölüp barýardy. "Zäk çal" diýip, ejem näçe aýdym edinse-de, has beter awuşaryndan gorkup, ol pikirden el çekipdim. Bagyşla, eje! Ýene seni diňlemedim. "Ulyny diňlemedik uwlar" diýleni çyn how.
Nämüçindir birden "Biziň ýaşaýşymyz nämeden ybarat?" diýen sorag beýnimiň içinde at salyp ugrady. Muny birmahalky ýaşap geçen filosoflar agyz birikdirip çözüp bilmändirler. Ýeri, men nireden bileýin diýsene. Beýnimi işledip, özümçe beýnime käýinen boldugymmyka indi bulam? Bukowskiniň bir eserinde aýratynlandyrylyp, ençeme ýola tekrarlanan bir jümle ýadyma düşdi: "Ölmek üçin ýaşaýarys".
Mumyýalanyp goýlan adamlar özlerini mumyýalatmak üçin näçe dollar töledilerkä? Bu işi amal edýän kompaniýa bilen gyzyklanmak gerek. Adamçylyk, soň bir gün gerek bolar, ýa-da birine.
Üzümleriň soňuna ýetipdim. Diňe hoşalary galypdy. Degişgen owazam sesini goýanokdy: "Dagy hoşasynam iýjekmi? "Ginnesiň" işgärleri gelip görseler, üzüm iýişiňe haýran galyp, rekordy täzeläniňi dünýä jar etseler gerek!".
Sowadyjyny açyp, ýene iki-üç hoşa üzüm aldym. Gaba saldym-da, möý-söý çykaýmasyn diýip mazaly ýuwdum. Kellämde "Asyl, şu möýler üzüm bir iýýärmikä?" diýen sorag peýda boldy. "Olaryň üzüm bilen näme işleri barka? Her dänesi öz göwrelerinden ullakan. Iýjekmi? Birini iý-de, gümüňi çek-dä! Öýüň barka üzümleriň arasyndan ýene öý ýasanjak bolup nä gara görgiň? Kaşaň jaýy barka, "Köplük etmez" diýip, baýlaryň täze jaý alyp goýuşlary ýaly edil. Ýa bu üzümleriň arasyndan täze öý ýasanýan möýler baý möýler boldugymyka? Her ýerde bardyr-da belki, hindileriňki ýaly kastalar ulgamy.".
Türkmenlerem fantaziýasy güýçli millet-aý. Özboluşlyja şekili bolan süýri üzümleri geliniň barmagyna meňzedip, oňa "Gelinbarmak üzüm" diýip, bilýärler. Başga milletlerde-de şeýle geniýlik bilen aýdylýan meňzetmeler barmyka?
Suwly gaba seretdim. Ýuwulan üzümleriň çaňyndan ýaňa onuň içi läbige meňzäp durdy. Ol suw hatda meniň geljegimdenem garaňky görünýärdi. Bu ýagdaý içimi gysdyrdy. Suwly gabyň suwuny çalşyp, üzümleri gaýtadan ýuwdum, baý möýleriň öýüni gaýtadan basyp aldym. Jemgyýetde sosializm hem möhüm ahyryn.
"Telefonum güýç toplap ýetişdimikä?" diýip, içimden beýnime sorag gönükdirdim. Beýnim "Men nä Wangamy?" diýip, gaharlandy. Çaklamaly boldy: "Doly güýç toplap ýetişen däldir". Näçe arassa saklajaklaryna ant içip, awy ýalasalar-da, "Talyplardan her zat çykar" diýip, olara öýüni kärendesine beren, emma günde iki wagtyna olary barlamaga gelýän öý eýesiniň ynamsyzlygy ýaly ynamsyzlyk bardy içimde. Belki, bu ynamsyzlyk telefonumyň güýç göterimini barlap gelmäge ýaltam tutýandygy üçin dörändir. Bolup biljek ýagdaýdy.
Soňra aşa düşmek diýen işligi özümçe derňäp başladym. "A:şa köp iýen adama näme üçin aşa düşüpsiň diýilýärkä? Belkem, aşgazana a:şa köp iýmit düşeni üçin diýýändirler. Ýöne, näme sebäp bilen a:şany aş diýip gysgaldýarlar? Gulaga ýakymsyz "Aşa gaçan" ýaly eşidilýärdi. Kiçikäm kimdir biri "Aşa düşüpdir" diýseler, aşly gazana gaçan biri göz öňüme gelerdi. Dogrusy, häzirem şeýle".
Üzümden aşa düşüp barýardym, ýagny aşly gazana gaçyp barýardym. Iň gowusy boldy etmekdi. Segsen ýaşly garry kimin ýerimden galdym. Hoşalardan dolup giden suwly gaby ýokary galdyrdym. Şol wagtam tutuş öýi ýaňlandyryp, telefonyma jaň geldi. "Sesini peseltmändirin-aý! Özem kim jaň edýärkä how gijäň bir wagty?!" diýip, özümi soraga çekdim. Bir ýerlerden owazyň sesi eşidildi: "Ginnesden jaň edýändirler. Rekord üçin. Ha-ha-ha!" Gaharlandym: "Şu owazyňam başga işi ýokmuka? Degişmelimiş diýilse, adam ýaly degişýär."
Telefonymyň ýanyna bardym. Ýigrimi dokuz göterimdi. Jaň edýän bolsa, köne dostlarymyň biri Kerimdi.
— Alo! — diýdim.
Kerimiň sesi aljyraňňy eşidilýärdi:
— Alo! Eý, dost. Nirede sen?
— Sibirde, bag çapyp ýörün.
— Hä?
— Öýde how! Nirede bolaýyn?!
— Hä... dost kelläme gaty gowy pikir geldi.
— Näme pikir?
— Ol gowy görýän gyzym Sülgün bar-a... ana şony ertir seýilgähe çagyrdym, onsoň...
"Duk...duk...duk"
"Dost, şuwagt söýgi bilen baglanyşykly zatlary diňlemäge ýagdaýym ýog-aý! Uky has möhüm häzir. Iliň oýa wagty jaň edäýmersiň!"
Ýerime geçip ýatdym.
— Bazar Annaýew.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.