Eziz watan şirin jandan ybarat,
Damarda gaýnaýan gandan ybarat.
Watan iň gadymy dini Türkmeniň,
Eziz watan mydam saňa ybadat!
Türkmen watan bilen diridir diri,
Şu watana eýläň mydam ybadat.
Baş müň ýyl, on müň ýyl, ýüz müň ýyl bäri,
Yssysy dogadyr aýdyma - saza.
Türkmen watan bilen diridir diri,
Ölse watan parçasyna öwrülýär.
Watan Türkmenleriň kalbynyň nury,
Oýlanýaryn watan nireden başlanýar?!
Watan uzyn-gije kirpigin çalman, Serhediň sak esgerinden başlanýar.
Daňdan minarada şanyna Allaň,
Çykýan azan seslerinden başlanýar.
Başlanýar Pygamber sanyp atasyn,
Oguz hanyň alty gerçek oglundan.
Başlanýar dünýä deý uly watanym, Atarman-çaparman hunlaň-kowmundan
Är ýigitler eziz watanyň şiri,
Nije ýyl Oguzy doga deý saklan,
Her Türkmen watanyň algyry, şiri
Bäş gün gitseň gursagyňda ýer tapman.
Watan beýik geçmişden hem geljekden, Asmandan, keremli ýerden başlanýar.
Watan - ata çykan ýowuz gerçekden ,
Togalanyp düşen serden başlanýar.
Pyragynyň döwedinden başlanýar,
Daňdanakan söweşinden başlanýar,
Kyrk mesgende ýalňyz sygryny soýan, Jygalybeg söweşinden başlanýar.
Watan Türkmen namysyndam başlanýar, Göroglynyň namasyndan başlanýar
Ýat illerde watan perýadyn çeken, Mysapyrlaň nalasyndan başlanýar
Watan kasamymdan, tylla gerbimden, Parlap duran baýdagymdan başlanýar.
Garaşsyz, bitarap beýik ýurdumda,
Tutulýan toý-baýramymdan başlanýar.
Synla, watan öz edermen nesliňi,
Olar togap eder dyza çökerler.
Watan Türkmenleriň mukaddes ýeri,
Diňe Alla bardyr sende ýokarda!
Türkmen watan bilen diridir diri!
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY

Teswirler (63)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň