Käbir çeper eser we kinofilmlerdäki şu sahna köpümiziň ýadyndadyr: ýaş gyz öz magşugynyň ony çyn ýürekden söýüp-söýmeýänligni bilmek üçin, meýdandan (bagdan) bir gül yolýar. Soň şol gülüň ýapraklaryny ýeke-ýekeden goparyp, her gezek “söýýär”, “söýenok” diýip sanaýar. Iň ahyrky ýapraga ýetende “söýýär” sözüne laýyk gelse, magşugynyň ony söýýänligi; ýogsamam ol gyz ünjä batýar, ikirjiňlenýär...

 

Adamzat döräli bäri aktual bolan meseleleriniň biri – birek-birege wepaly bolmaklyk. Wepalylyk erkek bilen zenanyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýp sütünleriniň biridir. Eger-de şol sütün sarsylsa, onda gatnaşyklar, eger durmuş guran bolsa maşgala (adatça) uzaga gitmeýär. Dargamak bilen bolýar.

 

Durmuşda käbir meseleler, öwrümler bolýar. Ine şeýle aýgytly pursatlarda ýalňyş göçüm edilse, soň galan ömür haýp bolup, köýüp bilýär. Wepalylyk, ine şeýle meseleleriň biri. Özem bu mesele, diňe bir adama däl-de, birnäçe adama, jemgyýete täsirini ýetirýän meseledir.

 

Häzire çenli gündogar we günbatarda ýaşan ýazyjy-şahyrlaryň ýazan millionlarça eserlerinde söýgä wepaly bolmaklyk eriş-argaç bolup geçýär. Bu mesele, diňe bir çeper eserlerde däl, sahna eserlerinde, kinofilmlerde, surat eserlerinde, garaz çeper döredijilik we sungatyň ähli ugurlarynda iň löp gozgalan meseleleriň biridir. Diňe şu görkejiň özem bu meseläň ähmiýetini görkezmäge ýeterlikdir.

 

Söýgä wepaly bolmaklyk dünýädäki ähli halklarda-da ündelýän, sarpa goýulýan gymmatlykdyr. Totam (konserwatiw) jemgyýet diýlende, adatça biziň göz öňümize gündogar halklary gelse-de, günbatar ýurlarynda-da konserwatizmiň alamatlary bar.

 

Soňky iki asyryň dowamynda tehnika, tehnologiýa, aragatnaşykdaky ösüşleriň netijesinde, bir ýerden başga bir ýere gitmek, syýahat etmek, şeýle-de başga ýerlerde ýaşaýan adamlar bilen habarlaşmak has aňsat boldy. Munuň bilen bir hatarda metbugat neşirleriň giňden ýaýramagy we el ýeterli bolmagy, şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýüze çykan jemgyýetçilik akymlarynyň täsiri netijesinde, adamlaryň durmuş, maşgala, ynsan gatnaşyklary babatdaky oý-pikirleri üýtgedi. Mundan iki asyr öň jemgyýetler, halklar häzirki garaňda has konserwatiwdi.

 

Aýtjak bolýan zadym, soňky iki asyrda dürli ugurlardaky üýtgeşmeleriň täsiri netijesinde, täze bir düşünje orta çykdy: “meniň öz tenim-bedenim, meniň şahsy durmuşym. Edenimi etjek. Hiç kimiň goşulmaga, söz aýtmaga haky ýok.”

Ine, şu düşünjä eýerýän adamlaryň, çeper eserleriň, kinofilmleriň, seriallaryň köpelmegi netijesinde, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň wekilleri üçin “söýgä wepalylyk” könelşen, möwrütini ötüren düşünjä öwrüldi.

 

Maşgala gatnaşyklaryna ilki günbatarda başlap, soň dünýäň beýleki künjeklerine ýaýran täze düşünje bar: open relationship, ýagny açyk gatnaşyk. Jübütler, ar-aýal, islän üçünji adamsy bilen ýatýar. Olaryň bu hereketlerine söýgülisi (nikadan geçen bolsa – aýaly, adamsy) goşulmaýar, hiç zat diýmeýär. Şeýle ýagdaýlarda elbetde “söýýärmi?” “söýgüsine wepalymy?” diýen sorag düýbünden ýerliksiz bolýar. Beýle gatnaşyklarda wepalylyk diýiýän düşünjäň hiç-hili ýoklugy köre mälimdir.

 

Londonda ýaşaýan bir zenan tanşymyň çuň ynanjyna görä, onuň islän adamsy bilen ýatmaga doly haky bar. Ol maňa bu barada gysgaça “try, before you buy” diýdi. Ýagny, kimdir biri bilen maşgala gurmazdan, onuň bilen bir ýerde bile ýaşaşyp başlamazdan owal, onuň bilen ýatyp görmeli. Elbetde, onuň özüne ýetesi hakly sebäplerem bardyr. Onuň dünýägaraýşyna görä, bu adaty ýagdaý. Bu ýerde ýazgarar ýaly hiç zat ýok.  Bu mesele, umuman haýsy nukdaýnazardan, haýsy gymmatlyklara esaslanyp seredýäniňe bagly. Eger-de, dini tarapdan seretseň, uly dinleriň (yslam, hristiýan we ýewreý ynanjy) bu ýalňyş, gadagan edilen ýagdaýdyr. Emma, şahsy dünýägaraýyş, durmuş ýörelgesi nukdaýnazaryndan seretseň, kimisine görä dogry, kimisine görä-de ýalňyşdyr.

 

Ýewropada 14-nji asyrda “Täzeden janlanyş” (Renaissance) akymynyň başlamagy bilen, hritstiýan dini, onuň ündeýän ündewleri ähmiýetini ýitirip başlady. Soňky asyrlarda bolsa, Ýewropada din yzagalaklyk bilen ilteşdirilýär. Ine, hut şu sebäpli, şol döwürlerden başlap häzire çenli, jemgyýetleriň dini ynanjy gowşady, dine bolan ynamy ýitdi. Munuň üsteside, ündelýän başga bir ýörelge – şahsyýetiň şahsy azatlygy, adamlaryň maşgala gatnaşyklara babatda eden-etdilige ýüz urmagy iterdi. Erkek we zenanyň dini nikadan geçmezden bir ýerde bile ýaşaşmagy giňden ýaýrady. Şu günki biziň bilýän ýagdaýymyza gelip ýetdi.

 

Şu günki günde, günbatar halklarynda maşgala gatnaşyklary babatda çapraz gelýän iki sany düşünje bar: birinjisi wepaly bolmak, ikinjisi açyk gatnaşyk. Häzirki günde, bu biziň gözümize ilmeýän bolsa-da, ýewropa halklarynda-da birek-birege wepaly bolmagyň ähmiýetlidigi ündelýär, açyk gatnaşyk ýazgarylýar. Men “söýgä wepalylygyň” ündelmeginiň düýp sebäpleriniň biri hökmünde, günbatar jemgyýetleriniň soňky düşünjä eýerip ýaşan birnäçe nesilleriniň aslynda, bu düşünjäň ýalňyşlygyna öz durmuş tejribesi bilen göz ýetirmegini görýärin.

Bir gezek, Ýewropa ýurtlarynyň birinde tanyşlar bilen otyrkam, ýokarky iki düşünjä mahsus ýaş zenanyň özara gürrüňine şaýat boldum. Tanyşlarymyň biri, “edenimi etjek, halaşýan, ýaşaşýanym bar bolsa-da, islän erkegim bilen jynsy gatnaşyga girmäge hakym bar” diýse, beýleki oturan zenan “sen aklyňy ýitirdiňmi?, ýok, sen ýalňyş pikirde” diýip, beýleki düşünjä ynanýandygny aýdypdy.

 

Galyberse-de, Netflix ýaly platformalarda görkezilýän kinofilmler, seriallarda ynanç, ahlak, adamkärçilik gymmatlyklaryna ters gelýän köp sanly mysallar bardyr. Sosial mediýa platformalardaky ýagdaýlardan ählimizem azda-kände habarlydyrys. Adamyň yzygiderli tomaşa edýän, sarp edýän kontenkti, wagtyň geçmegi bilen onuň üçin adaty zada öwrülip bilýär. Durmuş, adam gatnaşyklara ana tomaşa edýän şol kontentleriniň penjiresinden seredip başlaýar. (Ine, üşkli, hüşgär bolmaly ýerleriň biri).

 

Hemmämizde nebis bar. Nebsimize buýrup bilmegi başarmak, biziň durmuşdaky megerem iň uly synagymyz bolsa gerek. Elbetde, şahsyýet hökmünde her kimiň öz durmuşy, öz karary. Öz isleýşi ýaly ýaşamaga haky bardyr. Emma, mesele şol zadyň, şol ynsanyň şahsy durmuşy bilen çäklenip galmaýanlygyndadyr. Ynsanyň öz durmuşy bilen bagly alýan karary, onuň ýaşaýan jemgyýetine-de öz täsirini ýetirýär.

 


 “Я ЖИТЬ ХОЧУ...”

 

Mundan ýigrimi baş ýyl öň, ýurdumyzyň günortasynda ulalan bir tanşym Aşgabada okuwa giripdi. Obada ulalansoň, rus dilini çalarak bilýär ekeni. Aşgabatda ýaşamaga kiýerine (arenda) jaý gözläp, maňa-da ýany bilen şähere aýlanmagy haýyş etdi. Men bir şert bilen kabul etdim: eger-de gapyny ors açsa, rus dilinde onuň özi gürleşmeli. Gapy-gapy aýlanyp, kireýine jaý gözläp başladyk. Gapyny açan öý eýelerinden “arenda kwartira gözleýän, sizde kireýine jaý barmy?” diýip sorap başladyk. Bir sagat çemesi soň, 30-njy mikroraýonda bir kwartiraň gapysyny kakdyk. Pensiýa ýaşyna ýeten ors ene (köçe dilinde aýtsam - babulýa) gapyny açdy. Ýaňky tanşym, aljyrap, orsçalap kwartira gözleýändigni nähili aýtjagny bilmän, ýaňky babulýa “Я жить хочу” ("men ýaşamak isleýän") diýdi. Babulýa-da geňirgenip, “Иди живи, кто тебе мешает?!” ("git-de ýaşa, kim saňa päsgel berýär?!") diýdi-de, gapysyny batly ýapdy. Men pyňkyranymy duýman galdym...

Sag-salamat galyň.

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.