Ýadyma düşýäni...

...Babam Geldi Ataýew «Keçpelek» filmi düşürilýän wagtlary, şol kinostudiýaň direktory wezipesinde işläpdir.

 

***

 

“Dile geldi, bile geldi”, ýerliksiz interlýudiýajyk hökmünde aýdaýyn: kakam bilen babam familiýadaş ekeni. Sebäbi kakam 1943-nji ýylda uruşda wepat bolan atam Ata Kürtili oglunyň adyny özüne familiýa edinip alypdyr. Babamam öň öz kakasynyň adyny familiýa edinen ekeni. Ýöne babamyň kakasynyň ady Nazarmämmet eken. Emma oňa-da gadymdan gelýän türkmen dessuryna eýerilip, öz döwründe öz tiresi – däli-bükürlerde tanymal bolan atasy – Nazarmämmet serdaryň ady dakylandygy sebäpli, oňa: “Ata, Atda” diýýän ekenler.

 

***

 

Onsoň, filmdäki adamlary, massowkany (köpçülikleýin keşpleri) tapmagam birneme kynrak bolan — sebäbi köne adamlaryň köpüsi kino düşmekden kes-kelläm boýun gaçyrar ekenler. Kaka etrabynyň Artyk obasy bolsa meniň babamyň dogduk obasy. Şol ýerde-de babamy, babamyň atasy Nazarmämmet serdary gaty sylaýan ekenler.

Şonuň üçinem kino düşüriji topary yzyna düşürip Artyga äkiden babam.

«Meýletin-mejbury tertipde» diýilýär-ä.

Başlyk-da.

Meniň babam — «Keçpelek»-däki Berkeli baýyň keşbini ýerine ýetiripdir. Internetde bu film hakda maglumatlar ýazylanda babamyň ady diňe: “K.Ataýew” diýen görnüşde belgilenäýýän eken. Rusça ýazgylarda: “K” diýdikleri şol: “Geldi” diýmän “Кельды” diýdikleri bolýar.

Kinofilmdäki ikinji rollardaky köp artistlerem şol obanyň adaty adamlary. Mysal üçin, Berkeli baýyň toýuny yglan edýän jarçyny men çagajykkam birnäçe gezek gördüm. Artykda ýaşaýan kellesi üýtgänräk adamdy. «Keçpelek» çykarylandan soň Artyk obasynda toý bolsa şol adama jar çekdirmek, onlarça ýyllaryň dowamynda ýoň bolupdyr. Ol bendäniň geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda halys garrandan soňam, özümden bäş ýaş uly çykanym öýlenende, şol toýda jar çekişini, soňam il-günüň ony sylap, her kimiň boldugyndan oňa toýpaý: kim düwünçek, kim gyňaç, kim pul serpaý ýapyşlaryny gözüm bilen gördüm.

Onsoň kinofilmdäki Maralyň oglan jigisi, «Mara-a-a-l!» diýip gygyryp, gelnalyjyň yzyndan ylgaýan oglanjyk — Artykly, çyn ady ýalňyşmasam, Aždardy öýdýän. Onam kän gördüm. Sebäbi men oglanjykkam ol eýýäm orta ýaşlaryndaky adamdy. Ýöne internet diýilýän ala-hara, hemme zady gaty bulaşdyryp taşlady. Soňra men nireden okandygyma-ha ýadyma düşenok, ýöne şol Maralyň oglan jigisiniň keşbini janlandyran oglanjygyň filmiň režissýory Öwlýäguly Kulyýewiň ogludygy hakynda okadym.

Web-giňişlikde bu ajaýyp sungat eseri hakda gaýyp ýören başga bir mifde şojagaz oglanjygyň filmiň aktýorlarynyň biri Hojan Öwezgeleniň oglumy ýa jigisidigi hakynda-da ýazýarlar. Ýene birem ol oglanjygyň filmiň kompozitory Nury Halmämmedowyň doganoglan jigileriniň biridigi barada aýdýar. Umuman, islendik ajaýyp eser hakynda bolşy ýaly, bu film hakynda-da halk arasynda gürrüň kän. “Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup” diýleni-dä.

Ýöne menem ulag bazarynda ulag dellallarynyň gaşyny çytman aýdyşy ýaly: “alan ýerime bereýin”: Artyk obasynyň adamlary şol oglanjygyň öz obadaşlary Aždardygyna jany-tenleri bilen ynanýarlar. Hatda aýatda gezip ýörkä Aždaryň özem muňa ynanýardy, ynanybam gürrüň berýärdi. :-)

 

***

 

Elbetde meniň babam bilimi boýunça artist däl. Ol frontda agyr ýaralanyp, bir aýagyna şikes ýetenden soň, gulluga ýarawsyz diýlip, iki ýyl uruşda bolup, starşina harby derejesinde, ýa 1942-nji ýa-da 1943-nji ýylda yzyna ugradylan. Şol frontda-da kommunistlige kabul edilipdir. Gelip öýlenipdir. Kommunistik partiýanyň ýerli bölüminiň ýollamasy bilen Daşkende ugradylyp, şol ýerde şol döwrüň hünärmen ýetmezçiligi sebäpli ýörite bellenen, çaltlaşdyrylan tertipde 2,5 ýylda ýokary ýuridiki bilim alypdyr. Soň ilki halk sudunyň (kazyýetiniň)  sudýasy (kazysy), ondan soň sülçi wezipelerinde işläbem, uruşda alan ýaralarynyň gozgap, şol işlere ýarawsyzlygy sebäpli, ilk-ä ony kommunist hökmünde teatra direktor edipdirler. Soň ony kinostudiýanyň direktory edip belläpdirler. Uzagyndan ýaralary sebäpli, babam şol işlere-de ýaraman, ahyryn raýonyň pensiýa bölümçesinde hukukçy bolup işläp, şol ýerde işläp ýörkä-de 53 ýaşynda aradan çykypdyr.

Babam, Geldi Ataýew, 1920-1973-nji ýyllarda ýaşap geçen.

 

***

 

Ýazyjy Ata Durdyýew – «Keýmir kör» romanynyň awtory, enemiň erkek dogany. Ol ikisem frontdaş-weteran bolansoň, meniň babam Geldi Ataýew bilen köne dost ekeni. Onsoň ikimüňünjileriň edil başynda, bir sebäp bilen Atda daýymyň öýüne barsam, ol eýýäm segsene golaýlap ýören adam, meni birinji gezek görşi, ýüzüme seretdi-de:

-Bolup bilseň-ä, Geldiň-ä agtygy, Balguly seýis bilen Kürtüli seýsiňem çowlugy bolmaly,-diýdi.

Garrylar synçy bolýarlar.

Atda daýymyň: «Balguly seýis» diýýän-ä, meniň kakamyň babasy, enemiň kakasy, «Kürtüli seýis» diýýänem garry atam (garry atamyň lakamy: “Garakel” ekeni).

 

***

 

Ýene bir kiçijikke yza çekilme: «Kürtüli» diýmek, «kürti goýny köp», «goýunly, mally», çarwa düşünjesinde «baý» diýmek. Bu sözüň başga bir manysyna soň-soňlar duş geldim. Ol has gadymy oguz manysynda: “kürtu, kürti, kirtu – äht, ant, wada, kasam” diýmegi aňladyp, megerem: “kürtüli” diýmegem has ir döwürlerde: “sözüne wepaly, ähdine berlen” diýen manyny aňladan bolmagam ähtimal.

Saryja goýundan hem garaköli goýundan tapawutlylykda, kürti goýun kesele has çydamly, biziň çöl we dag etek şertlerimizde idi-yssywat etmek (bakmak) we köpeltmek, goýunlaryň beýleki iki görnüşinden sähelçe-de bolsa aňsadrak hasaplanypdyr.

“Kürtüli” diýen at şol döwürler, “baý bolsun, mally bolsun” diýip, çaga ýagşy yrym edilip dakylýan at eken.

 

***

 

Şonda Atda daýyma: “Daýy, nädip beýdip, ýaman çalt tanap ýetişdiň-äý?” diýsem, şyg-şyglap gülýär. “Ýüzüň, edil Geldiň ýüzi oturdylan ýaly. Durşuň-gepleýşiň, seredişiň bolsa garry ataň Kürtüli seýise meňzeýär” diýdi.

Ata Durdyýew, 1923-nji ýylda doglan bolmaly.

Takyk ýadyma düşmeýär, ýöne ol 2003-nji ýylda ýogalypdy öýdýän. Belki, ondan bir ýyl irräk ýa-da giçräk bolmagam mümkin.

Ol Beýik Watançylyk urşuna 1942-nji ýylda, leýtenant harby derejesinde başlap, tä uruş gutarýança söweşýär, 1945-nji ýylda «Gyzyl Ýyldyz» ordeni, Watançylyk ordeniniň I we II derejeleri, “1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda Germaniýany Ýeňendikleri üçin” medaly bilen sylaglanýar, kapitan harby derejesinde-de urşy tamamlaýar.

Atda daýym pahyryň özem, aýalam şo ýaşda zordan gymyldasalaram, akyllary keser ýaly ýitidi. Kän zatlary gürrüň berdi. Ýanymdaky garyndaşymyz Atda daýyma meniňem ýazuw-pozuw edýändigimi aýdandan soňra, maňa: «gerek bor» diýip, birtopar, köne, ulanyşdan galan türkmen sözleriniň manysyny, içki şiresini düşündirişdirdi.

Soň ol, daýzam bilen dökünjiräp, eli hasaly gybyrdyklap, öýüň içindäki gatbar-gatbar tekjelerden öz kitaplaryny tapyşdyrdy-da, ýüzüne awtograf ýazyp, sowgat berdi. Şol wagtlar onuň äýneklem gözi gowy görmeýärdi, ellerem gaty titreýärdi. Emma şonda-da eýdip-beýdip ýazmagyň hötdesinden geldi.

Ol bende bilen soňky görşüşimiz şol boldy...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Altynjy kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.