Uniwersitetiň professory öz talyplaryna sowal beripdir:

-Hemme zat Hudaý tarapyndan ýaradylanmy?

Talyplaryň biri batyrgaý jogap beripdir:

-Hawa, Hudaý tarapyn ýaradylan.

-Hudaý hemme zady ýaradypdyrmy?-diýip, professor ýanjap sorapdyr.

-Hawa, jenap,-diýip, talyp jogabyny gaýtalapdyr.

Onda professor ýene-de sowal beripdir:

-Eger-de Hudaý ähli zady ýaradan bolsa, onda diýmek ýamanlygam Hudaý ýaradan bolýar. Sebäbi ýamanlyk häzirki wagtda bar. Diýmek, biziň edýän işlerimiziň biziň durmuşymyzy hem ykbalymyzy kesgitleýändigi hakyndaky ýörelgeden ugur alsak, onda Hudaýam tutuşlygyna – zulum bolýar. Sebäbi ol ýamanlygy ýaradypdyr. Onam ýagşylykdan rüstem edipdir.

Talyp mugallymyň bu hetjiklemesini eşidip, oýurganypdyr. Hudaýsyzlyga (ateizme) uýýan professor bolsa öz-özünden kanagatlanma bilen diňleýjileri birlaý gözden geçiripdir. Bada-badam ol özüniň ýene-de bir gezek Hudaýyň hakykat däl-de hekaýatdygyny subut edendigini talyplara aýdyp öwnüpdir.

Şol pursat talyplaryň birini elini galdyrypdyr-da, mugallyma ýüzlenipdir:

-Men size sorag berip bilerinmi, professor?

-Elbetde,-diýip, professor göwnühoş seslenipdir.

Talyp ýerinden dikelip, sorapdyr:

-Professor, sowuk barmy?

-Bu neneňsi bimany sorag? Elbetde, bar. Näme, sen hiç wagt üşäp görmediňmi?

Talyplar öz ýoldaşynyň soragyna gülşüpdirler. Ol bolsa üstünden gülünýänine myzaýyk etmän, parahatlyk bilen pikirini dowam etdiripdir:

-Hakykat-da bolsa, jenap, sowuk ýok. Fizikanyň kanunlaryna laýyklykda, biziň sowuk diýip hasaplaýan zadymyz, hakykat ýüzünde ýylylygyň ýoklugyny aňladýar. Adamy ýa-da närsäni, onuň energiýany saklamak hem geçirmek ukyby bilen baglylykda öwrenmek bolýar. Absolýut nol – Farengeýtiň ölçegi boýunça – 460 gradus – bu ýylylygyň doly ýoklugynyň derejesidir. Şunuň ýaly temperaturada islendik materiýa inertleşýär we daşky täsirlere seslenmek ukybyny düýbünden diýen ýaly ýitirýär. Diýmek, şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda sowuk ýok. Sebäbi “sowukdygyny” ýa-da “däldigini” biziň tenimiz kesgitleýär. Absolýut nolda bolsa temperaturany düýbünden kesgitläp bilenok. Sowukmy, yssymy... duýmagyny bes edýär. Biz: “sowuk” diýen düşünjäni özümiz ýylylygyň ýoklugynda ýa-da ýetmezçiliginde başymyzdan geçirýän duýgumyzy beýan etmek üçin oýlap tapdyk.

Şu sözlerinden soň talyp ýene-de pikirini dowam edipdir:

-Professor, tümlük barmy?

-Elbetde, bar.

-Siz ýene-de ýalňyşýarsyňyz, jenap. Edil sowuk ýaly tümlügem ýok. Tümlük hakykatda ýagtylygyň ýoklugydyr. Biz ýagtylygy öwrenip bilýäris. Hatda tümlügem ýagtylygyň bir dowamat görnüşidir. Şonuň üçinem biz tümlügi öwrenenimizde ýene ýagtylygy, ýagny onuň görnüşi bolan onuň ýoklugyny öwrenýäris. Biz Nýutonyň prizmasyny ulanmak arkaly ak ýagtylygy onlarça reňk öwüşginlerine (spektrlere) bölüp, her reňkiňem tolkunlarynyň uzynlygyny seljerip bilýäris. Emma siz tümlügi ölçäp bilmeýärsiňiz. Ýagtylygyň ysgynsyzja-da bolsa şöhlesi tümlügiň dünýäsine zomap girip, ony azda-kände ýagtyldyp bilýär. Onsoň siz nädip haýsam bolsa bir giňişligiň tümlükdigini bilip bilersiňiz? Çünki ýaňky aýdyşym ýaly siz tümlügä-hä ölçäp bileňzok, siz diňe haýsydyr bir öň ýagtylyk ýok giňişlige näçe möçberde ýagtylygyň aralaşandygyny ölçäp bilýärsiňiz. Şeýle dälmi? Diýmek, şu ýerdenem gelip çykýar, tümlük – bu ýagtylygyň ýoklugyny aňlatmak üçin adamlaryň ulanýan düşünjesi.

Bu gepinden soň ýaňky ýaş ýigit ýene mugallymyndan sorapdyr:

-Jenap, zulum barmy?

Professor bu sapar öňküsine garanyňda ynamsyzrak dillenipdir:

-Elbetde, men bu barada eýýäm aýtdym ahyry. Biz ony her gün görýäris. Adamlaryň arasyndaky birehimlik, bütin dünýäde günde edilýän jenaýatlar, üznüksiz zorluk-sütemler, uruşlar. Bu mysallaryň hemmesi zulumyň ýüze çykmasyndan başga hiç zat däldir.

Onda talyp aýdypdyr:

-Zulum ýok, jenap! Ýa-da ol diňe öz-özüniň hatyrasyna bar bolan hadysa däl. Zulum – bu diňe köňüllerde Hudaýyň ýoklugy. Olam edil sowukdyr, tümlük ýaly bir düşünje. Adamyň özi tarapyndan nirededir bir ýerde ýa-da kimdir birinde Hudaýyň ýokdugyny beýan etmek üçin oýlanyp tapylan söz. Hudaý zulumy ýaratmady. Zulum – edil ýagtylykdyr ýylylyk ýaly müdimi bar bolan ynamdyr mähir däl. Zulum – bu ynsanyň ýüreginde Hudaýa bolan yşkyň ýoklugynyň netijesi. Bu edil ýylylyk ýokka emele gelýän sowuklyk ýa-da ýagtylyk ýokka ýüze çykýan tümlük ýaly bir zat.

 

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.