Kakam aýrylandan soň bir ýylrak yz ýany, heniz ýetginjekkäk, ejem bendäň ýanyna bir köçe beýle ýanymyzda ýaşaýan, entek kyrk ýaşam dolmadyk bir aýal gelerdi. Gelibem Iňňir mamaň Möňňür gyzyna dönüp, şo-o-ol zeýir-zeýir, zeýir-zeýir nalynyp, soňuna çykyp tükedip bilmezdi.
Ärem munuň içegen, zyrruk.
Çagalaram edepsiz, kakabaş.
Gazançlaram köpük.
Öýlerinde bu günlügini tapsa, ertirkisi gaýgy.
Doganlaram ýüz bermeýän.
Ejesi-kakasam ölen.
Melleginde ekinem gögermeýän, gögerse-de hasyl bermeýän.
Sygram gysyr, towuklaram hürri, goýunlaram gotur.
Goňşy-golam, garyndaşdanam goldawa derek gök ýakyn.
Özem mydam ýarawsyz...
...Garaz, tutuş durmuşy şol lokgalyna giden bir “Gök yrak-da ýer gaty”, girere deşik, daýanara direg, batara köl ýokçulyk-da.
...Ejem görgüli, ylaýym jaýy jennet bolsun, jennetidir inşalla, “kakalary öldi, menem yzy bilen bahymrak öläýsem, bularam näme bolsalar şol bolsunlar” diýip, muňalyp ýeke günem oturan däldir. Aglasa-da, eňrese-de, mydam haýsy howp bolsa bolaýsyn, çagalaryna, öý-öwzaryna abanýanyň nädereje bozuk bela-beterdigine garamazdan – “senden gaýdan namart bolsun” diýen köňül çuňlugyndan çogýan gaýraty bilen, islendik nägehanyň garşysyna-da atly-ýaragly çykmaga garadangaýtmaz desbi-dähillikde tapba-taýýardy.
Ýönekeý mysal, kakam pahyr aýatdaka, ýöne hassahanada agyr ýatyrka, men özümden üç ýaş kiçi jigim bilen çöldäki üzümçilik kärendämizden hoşa çöpläp, olary mellegimiziň aýagujunda bolşuna görä serip, guradyp, ýigrimi-otuz haltalyk dagy gum-sum, çöp-çalam garylan, garynja, ary gemren, guş-gumursy çokalan, çüýrük garnuwly kişmiş etdik.
Ol wagtlar iň uly agam-a Orsýetde ýokary okuw mekdebinde okap ýördi. Ondan kiçi agam möhletleýin harby gullukda. Ejem iküç aý bäri demi zordan gelip-gidýän kakam bendäň ýanynda hassahanada. Ejem seretmese oňa başga seretjek ýok. Sebäbi 1992-nji ýyl. Ýurduň ykbalam, hassahanalaram, adamlaryň täleýem, kalbam, gün-güzeranam ýykan-ýumrançylykdy. Öýüň iň uly erkek kişisem men bolup galdym. Uýalarymdyr gelnejemem haçan görseň gözlerini balkyldadyp, ýüzleri: “Indi nähili bolarka?” diýen elhederalla wehimden ýaňa ak-tam. Ýaňy on dördi dolan men gögeleden haraý isleýärler. Menden howandar-hossar, pena gözleýärler (Onsoň men agzysary kimden hemaýat hantama bolmaly?!).
Onsoň kakam pahyr boldy welin, ejem bende onuň üçüni sowan günümiziň ertesi, maňa:
-Bar oglum, şol toplan kişmişleriňizden bir haltany kümeden alyp gel. Ony hamyrjama guýup, içinden ýekän-ýekän abadyny, bazarlyk kişmişini çöpläli. Soňam ony ýuwup, öýde gara pejimiziň aşagyna serip, tämizje guradaly-da, Teke bazaryna äkidip sataly. Şony sowalga edinmesek, öň-ä hemme zat kakaň boýnunady welin, öýde ol pahyryň getiren soňky halta unam gowzap barýar. Etem, şekerem, galdyranja pulam düýbüni görkezýär...-diýdi.
Şeýdibem biz ejem, men, uýalarym, jigilerim, üç-dört hepdeläp dagy bar işimiz, öňümize hamyr jam doldurylgy, bäşden üç bölegi zaýa kişmişiň arasyndan abatjalaryny çöplemek boldy.
Kakam pahyryň ýedisem geçenok. Aýallar, erkekler pata gelýär, aýat okaýarlar. Bizem çetde oturyp kişmiş çöpleýäris.
Ejemem arasynda öz hossarlary ýa-da boýdaşlary gelse olary garşylamaga ýanlaryna gidip, aglap, eňräp, ýüzüni çym-gyzyl edip gelýär. Maý tapyndygam bize kişmiş çöpleşýär.
Erkek kişiler gelse men kişmişiň başyndan turýan-da, kakamyň inisiniň ýanynda oturyp, gelen-gidene: “sag bol, taňryýalkasyn, toýuňyzda gaýtsyn” aýdýan. Pursat arabam ýene kişmişiň başyna geçýän.
Üýşürenje, ýuwup guradanja kişmişlerimizem arassaja süzme halta gapgarýarys-da, gara daň bilen, heniz adamlar örmänkä, gapymyzdaky pataçylyga adamlar gelmänkä ýola çykyp, ilkinji awtobus bilen Aşgabadyň Teke bazaryna gidip, ejem ikimiz onuň bazarda ýanaşyk oturyp, gök ekin satýan joralaryna sataryna goýup gaýdýarys. Öňki getirenlerimizden satyp beren pullarynam alyp, ýolugra pataçylyk, öý üçin gerek-ýarak süýji-püýji, ýenewörleri satyn alýarys...
(Belki şondandyr, kän ýyllap kişmiş iýip bilmedim. Ýok, ýok, ýürekbulanmakdan ýa aňrym almazlykdan däl. Kimdir biriniň şol kişmişleri çöpläp, arassalap, oňa yhlas edip, ukudan galyp ony bazara çykaryp siňdiren zähmetini alaga-da, owuçlap, iýip goýbermäge hiç dözüp bilmezdim. Onsoňam kişmişi datsam, göwnüme bolmasa, ondan şol günler öýümiziň haýsy burçuna barsaňam, otyrkaňam, ýatyrkaňam burnuňa-da, beýniňe-de, göwnüňe-de hapylap urýan, ony dolduryp duran hasratyň, agy-gözýaşyň, pataçylygyň, ýekesiremegiň, öň kakam barka ýaman ýagty bolup görünýän, birdenem, hamana magşar güni duýdansyz başlap, Gün sönene dönäge-de gözedürtme garaňkylyga beslenen geljege, öte howatyrly, juda hatyrjem, biçak çus garamagyň garym-gatym öljümek, çägesöw ysy gelip duran ýaly bolar durardy... Dogry. Düşünýän: “açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez” diýen aýtgam bar-la welin, onda-da... Ýöne: “wagt – lukman” diýleni. Uzagyndan bujagaz “mesje tyýkyran bolmagym” öz-özünden aýryldy öteýtdi).
...Onsoň ýanynda şeýdilip üznüksiz-bihuda tükezziban gan eňrelip, kellesine kül sepilip bikär oturylsa, özüni şol oturan batgasyndan öz saçyndan çekibem bolsa sogrup çykarmak üçin jinnekçe-de gymyldy-hereket edilmese, muňa ejem çydajakmy?
Bir gün ýaňky ýanyna gelýän obadaş gelniň izzildisi halys degnasyna degendir-dä, ejem pahyr birdenkä onuň zeýrenjini morta böldi-de, oňa jabjynyp goýberdi:
-Turrr! Jähennem bol, meniň tünegimden! Bu taýy saňa aglap-eňräp, içiň gam-gussasy bilen ýigrenjiň getirip dökülýän kir çukur däl! Günüňizi düzetmek üçin ýeke hereket etmän, kersen ýaly g...tüňi keçä oýkap, zar-zelil uwlamakdan özge bitirýän goşuň ýok! Bar, git-de gözüň ýaşyny ýandaga süpür, haram letde! “Ýanym bilen bazara äkideýin, gök ekin satmagy öwredeýin” diýdim, etmediň. Ine,-diýip ejem günortanlygymy iýen bolup oturan maňa baş atdy:-“munymy öýüňe ugradyp, hyýar-pamadury nädip kätmenlemeli, bejermelidigini ogullaryňa öwretdireýin” diýsem, “diýenimi diňlänoklar-a” diýip şumjardyň. Hany bir diňlemänem görsünler! Heý indi güzap baryny ýuwdup, çygna-çygna dogran çagam bolar-da, meni diňlemezmi? Nädersiň ýöne, elim bilenjik beren sütemime çydaman ony özümiň dogranyma puşman edip, tä öz bagryma gan öýýänçä ýenjip-ýenjip, iki hepdeläp özüm agzyna pagta bilen suw damdyryp, özümi başujunda möňňürip oturar ýaly edäýsem! Göteril, şu tellitorýadan! Dagy-duwara-da şunuň ýaly edip gelip, öňümde müzzerip, dat-bidatlap oturjak bolsaň, garaňam görnäýmesin!
Gahary gelende biziň-ä däl, hatda jansyz kerpiçdir simuntdan bina kylnan öýümiziňem injigini saňňyldadyp, birhili öz-özünden buşugasyny getiribermegi başarýan ejemiň arryldysyna, ol zarynjaň gelnejäniň syrtyna top degene döndi. Atylyp öýden çykdy-da, etek alty ýeň ýedi, biziň jelegaýlardan göz açyp-ýumasy salymda sumat boldy. Entegem gazap gyzgyny gaýdyşmadyk ejemem:
-Dogry-da welin... Halys ýykaýdy-la, gyz, izir-izir iňňildäp! Bi meniň çagalarymyňam kellesini üýtgedip, lapyny keç edip barýar-a, işigaýdan! Kowaýmasaň alajy galmad-a...-diýip ýaňky ýeňňäň yzyndan hüňürdedi.
...Ejem pahyr, ilki bilen-ä çagalaryny, galyberse-de durmuşy, diriligi, ýanbermezligi, çydamlylygy, şol derejede talapkär, öz-özüne-de, çagalaryna-da, hemmelere we hemme zada-da zabun, gaýduwsyz, dergazap, gyňyr söýgi bilen, tükeniksiz mähir bilen söýýän, tapylgysyz, gaýtalanmajak merdana hatyndy.
© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...