Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa,

Kim onuň arzuwsy ermiş, jan alara bir bela.

Ýüz goýup yşkyň salypdyr ýüregimden jana ot,

Ot düşen daglar kibi jismim bolupdyr gap-gara.

Saçlaryň her ukdyna bir jan guşy peýwent erer,

Gel halas etmek üçin janlar guşun zülpüň dara.

Kyl nazar göwsüm şikaf eýläp pyrakyň tygyndan,

Gör, niçe olmuş bedel gana bolup bagrym ýara.

Gaýybyýam, eý, nigar-a, bolmuşam yşkyňda zar,

Bir gadam renjinde kyl, Taňryň üçin halym sora.


Yşk wadysy era ýüz-müň eger emgek maňa,

Gelse jäht eýläp, musellemdir any çekmek maňa.

Her biri müžgänden köňlüm öýi rowzan bolar.,

Kim tikildikçe gelip synam üze näwek maňa.

Eýle kim ekmiş jepa tohmun meniň şanymda ýar,

Kim bolar tohmy-muhapbetden wepa ekmek maňa.

Bent-bendim tygy-hijran eýledi müň gez weli,

Wäh, ki imkan ermes ondan bir dem çekmek maňa.

Bolmuşam urýan onuň diwana bir abdaly men,

Wäh, ne hajatdyr diýpler jameýi-köýlek maňa.

Waslyndan mahrum olup, hijrinde gezginçä diri,

Ýagşyrakdyr tygy-katlydan şehit olmak maňa.

Ýar köýünde gara matamda galmyş men ýesir,

Çemeni-haram olmyş jahanda oýnamak, gülmek maňa.

Gaýyby, her niçe men ol ýara jan kylsam pida,

Ol azaby-şitdeti eýlär dagy köpräk maňa.


Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa,

Diňlemes sözümi, kylsam her niçe perýat oňa.

Gözleri ýüz men kibi aşyklaryň ganyn döker,

Ogşamaz hiç bir garakçy, kapyry-jellat oňa.

Kamatyňa serwi guldur, ýüzüňe güller geda,

Kamatyň gaşynda ýok, wajyp diýmek azat oňa.

Her niçe saýt eýleýin diýp, men ony kyldym şikar,

Ol meni saýt eýledi, men bolmadym saýýat oňa.

Haýsy aşyk kim seniň yşkyňda Mejnun dek imes,

Bermänmiş yşk ylmynyň tälimini ustat oňa.

Ah kyldykça ýanar janymda yşkyň ataşy,

Kim ýatar her dem bu ahym nafhasydan bat oňa.

Gaýyby biçäräge «gulum» diýseň, eý, şasuwar,

Fathi-nusratdyr, ýakyn bil, bu mübärek at oňa.

Mahmyt Gaýyby