Annaberdi Agabaýew

Bu dünýäniň çöpi bilen kesegem,
Mal ýatakda ýatan sary tezegem,
Hozanagam, teneçirem, siňegem
Batgadaky jojuklaryň temegem
Ajaýyp!..

Ajaýyp zat - gojalaryň hasasam,
Hatda ýoňdur dümewleriň yzasam,
Ajaýyp zat - säwligiň hem ýalňyşyň
Ýüregiňde goýup gidýän jezasam.

Ajaýyp zat - begenmek hem gynanmak,
Ahmyr etmek,
Arzuw etmek,
Gönenmek.
Tanamagam, tanalmagam geňsi zat,
Yzyn üzmän dem almagam geňsi zat.

Ajaýyp zat - syzmak ýeriň howasyn,
Horazlaryň, harazlaryň owazyn,
Aýyň nurun, ýyldyzlaryň suduryn,
Ýazyň ýelin hem güýzleriň hödürin...
Bir - erbet zat - ol hem bilmän gezmeklik
Başyň dikkä bu zatlaryň gadyryn.

***

Şahyry şahyryň garşysna goýmaň,
Şahyry şahyryň deňinde goýuň!
Il-günüň üstüne bela abansa,
Şahyry şol belaň öňünde goýuň!

Şahyry şahyryň garşysna goýmaň,
Şahyrlary şahyr ornunda tutuň!
Şahyrlar ýüregin tutan pursaty
Şol näzik ýüregiň dadyna ýetiň!

Şahyry şahyryň garşysna goýmaň,
Şahyrlaryň baryn bir gözden görüň,
Başarsaňyz,
çyn şahyrlaň öňünde
Goluňyz gowşuryp, hyzmatda duruň!

***

...Güller akmy, güller gökmi, parhy ýok

Şahyrlaň mesgeni ýaşyl adadyr!

Çyn şahyrlar tagzym eder şahyra,

Çyn şahyrlaň asly ýagşyzadadyr!

 1974

Annaberdi Agabaýew