Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn
Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa!
Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eýer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!
Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsabyň buýrsun!
Eýesi sen tozap ýatan şu ýurduň,
Deňiz, derýa bolup, köl bolup ýaşa!
Haýsy, Alla bilsin haýsy asyrdan
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.
Seniň aslyň aňyrdandyr aňyrdan,
Eýýamda eýýama sal bolup ýaşa!
Kä düzlere düşdük, käte derbende,
Kä ýük düşer, käte kement gerdenňe.
Ejizleme, duşmanyňa per berme,
Köpelip, köçelip, köl bolup ýaşa!
Çopan dälsiň, dälsiň asla padadan,
Mertden mertsiň, danasyň sen danadan.
Bihal bolan däldir ata-babalaň,
Sen halsyz zamana hal bolup ýaşa!
Oda atsalar çakgyn mele nan bolup,
Suwa atsalar çykgyn Kesterhan bolup
Ýygna il-ulsuňy desterhan bolup
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa!
Nobatguly Rejepow

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...