Bir wagtlar türkmen internetinde Teswirler.com we Ertir.com ýaly saýtlaryň aýratyn orny bardy. Adamlar ol ýerde pikir alyşýardylar, tanyşýardylar, dürli mowzuklarda gürrüňdeş bolýardylar.
Soňky wagtlar X-da şol saýtlary ýatlaýan ýazgylara köp gabat gelýärin. Menem gyzyklanyp, internet arhiwlerinde şol döwürden nämeleriň saklanyp galandygyny gözläp başladym.
Netijede, tapyp bilen maglumatlarymy bir ýere jemläp, Yatlama.com atly saýty döretdim.
Häzirki wagtda arhiwde:
22 109 ýazgy
347 015 teswir
40 524 pikir
3 995 agza bar.
Maglumatlary Internet Archive, Common Crawl, RSS, Feedly we beýleki açyk çeşmelerden ýygnadym.
Elbetde, hemme zat saklanyp galmandyr. Käbir ýazgylar teswirleri bilen doly, käbirleriniň bolsa diňe bir bölegi bar.
Saýtda köne ýazgylary okap, agzalary gözläp, şol wagtlar nämeler hakda gürrüň edilendigini görüp bilersiňiz. Belki, özüňiziň hem köne ýazgylaryňyzy ýa-da lakamyňyzy taparsyňyz :)
Bu taslamany döretmekdäki maksadym — türkmen internetiniň taryhyndan bir bölejigi ýitirmän saklamak.
Ýitip giden saýtlaryň ýatlamasy.
1 hepdäniň(06.10-dan) dowamynda 1500-den görülme, 13000 sahypa geçilme proýektiň jemgyýet üçin gyzyklydygyny aňlatýar
Teswirlerde proýekti ösdürmek boýunça öz pikirleriňizi ýazyň

Teswirler (15)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...