Jumageldi MÜLKIÝEW
Şeýle sowala köp adam «okamak» diýip jogap berse gerek. Menem şol pikirde. Okamagyň lezzeti bir başga. «Onda näme üçin ýazýarsyň?» diýen sowala jogabym taýyn — ýazylýany okaýanlara gözüm gidýäni üçin. Onsoňam hiç kim hiç zat ýazmasa, okamaga-da zat bolmaz ahyry.
Ikinji bir tarapdan: okamak ýazmakdan kän-kän aňsat. Adamyň zandynda bolsa aňyrdan gelýän ýaltalyk bar. «Ýaltalyk» diýlip kyn zatdan gaçyp, aňsada ýaran bolmaklyga aýdylýar. «Awtoportret» atly goşgym ýöne ýere şeýle setirler bilen başlan däldir: «Azajyk işeňňir, azajyk ýalta; azajyk ynanjaň, azajyk müňkür...».
Ine, şol ýaltalygyň yzyna düşübem, kän ýazylmaýar-da, köp okalýar. Onsoň göwnüňde gowy kitaplaryň okap soňuna çykyberen bolmaýyn diýen pikir döreýär. Bu pikiri döredýänem ýaltalyk, sebäbi indiki okamaly kitaplaryňy gözlemäge ýaltanýarsyň, has dogrusy, şonda öňüňden çykjak kynçylyklardan heder edýärsiň. Şu manyda düşünseň, hederem ýaltalyga ýat zat däl.
Her bir gowy zadyň özüni uzak gözledişi ýaly, gowy kitabam uzak gözlemeli bolýar. Bir günläp, iki günläp... bir aýlap, iki aýlap... hatda ýyllap gözlenilýän kitaplar hem bolýar. Käte gözleýän kitabyňy takyk bilip, käte bolsa diňe «gowy kitap» diýen düşünjäniň yzyna düşüp gözleýäň.
Kitaby okanyňda hem şeýle: käte kitapdan nähilidir bir gymmatly maglumat almak üçin okaýaň, käte bolsa gyzykly ýordumyň yzyna düşüp, az-kem bolsa-da göwün açmak üçin.
Gymmatly maglumat hem hil-hil bolýar. Maglumatyň gymmatyna-da her kim özüçe düşünýär. Meniňçe-hä, maglumatyň gymmaty edil ýap-ýaňy elimden goýan kitabymdaky jümläniňki ýaly bolmaly. Şu ýerde şol jümläni getirsem, ýerlikli bolsa gerek: «Biziň eýýamymyzyň 79 — 81-nji ýyllary aralygynda Rim imperiýasyna Wespasianyň ogly Tit hökümdarlyk edýär. Ol şeýle bir pespäl, adamkärçilikli bolansoň, millet tarapyndan oňa «Adamzat aslynyň şatlygy hem söýgüsi» diýen lakam dakylypdyr. Bir gezek öýlän şu gün hiç kime ýagşylyk etmändigi ýadyna düşüp, ol: «Meniň bu günüm boş geçdi» diýipdir...».
Taryhy eserleri ýazýan adam üçin dok maglumat diýilýäni hut şeýle maglumat bolsa gerek. «Maglumatyňam doky-ajy bolarmy?» diýmegiňiz ahmal. Dagy näme! Dok maglumatdan habarly bolan wagtyň, ony esli wagt aňyňda bişirýärsiň. Aç maglumat bolsa suw gysymlan ýaly, sekundyň ondan bir ülşüniň dowamynda beýniniň aýasyndan sypyp gidýär.
Elbetde, kitap diýen närse birinji sahypasyndan başlap, iň soňkusyna çenli gyzykly bolup durmaz. Ol mümkinem däl. Ýöne peýdaly bolmagy welin, wajyp. Şeýle ýagdaýda kitap dostuňa öwrülýär.
Ýazmak lezzetlimi, okamak? Şuny ýene bir gezek aýdyňlaşdyralyň. Öňki pikirimizde galýarysmy ýa pikirimiz üýtgeýärmi? Bu pikir üýtgäýende-de, ýitirýän zadymyz ýok bolsa gerek. Sebäbi olaryň ikisem kitaba degişli. Kitaba degişli pikiriň bolsa, yrýasy ýok.
Okamagam lezzetlidir welin, ýazmagyňam özüne ýetesi lezzeti bar. «Özüne ýetesi» diýip, şol lezzetiň egninden basjak bolmalyň-da, juda uly lezzetiniň bardygyny açyk aýdalyň.
Bir gezek goltugy galyň kitaply ýaş ýigidi ýolda goýmazlyk üçin deňinde ulagy sakladym. Münensoň, nähili kitap okaýany bilen gyzyklandym. Görsem, goltugyndaky kitap däl-de, galyň depder ekeni. Ol ýaş ýigidem penjire ýasaýan edaranyň işgäri bolup, bir müşderiniň öýüne onuň sargyt etjek penjireleriniň ölçegini almaga barýan ekeni. Galyň depderem şol ölçegleri belläp alýan depderi. Men, elbetde, ony barjak ýerine eltip düşürdim, ýöne ýüregimde welin...
Ýazmak lezzetlimi, okamak? Ýazmagyň öz lezzeti bar, okamagyň öz lezzeti. Bu başgaça bolubam bilmez. Ýöne ýazmagyň özüne ýeterlik ezýetem bar. Bu-da hakykat. Emma ýazmagyň lezzeti şol ezýeti çekeniňe degýär. Ýazýan adam üçin okyjynyň sany köp bolsa gowy. Şeýle bolanda köp okyjynyň arasyndan hakyky okyjynyň döremek mümkinçiligi hem köpelýär. Okyjy üçin bolsa ýazýanyň sany artsa gowy — arasyndan hakyky ýazyjynyň döremek ahmallygy artýar.
Kimdir biri: «Körzehin ýazyjydan iň bolmanda, gowy okyjy-ha çykar» diýipdir. Ýöne zandy körzehinden gowy zat döremese gerek.
Şeýlelikde: ýazmak lezzetlimi, okamak?
Kim nähili pikir edýär...
Jumageldi MÜLKIÝEW,
ýazyjy.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň