Ýazylmadyk goşgularym —
Olar şakyrdaşyp, yzymdan galman,
Nirä gitsem, gidýäler.
Gözlerini ýyllyrdadyp,
Gulaklaryny keýerdip,
Jagyl-da-jugul, kikir-de-kikir, ýyrş-da ýyrş.
Uklasamam uklanoklar.
Düýşümde-de gözüme basyp,
Diriň-diriň bökýäler.
Garga bolup çokýanlary,
Içýan bolup çakýanlary,
Eginlerme atlaşyp,
Gulaklamdan aslyşyp,
Süýr depäme çykýanlary,
Olaryň bolşundan utanýanlaram bar.
Kiçigöwün, pespäl, sada,
Her zaman ýetişip dada,
Kagyzlarymy saýhallaşyp,
Galamymy ýonýanlaram bar.
Penjireden bakýanlaram,
Şahalarda bökýänlerem,
Çaýly käsä çökýänlerem,
Tabagymyň erňegine,
Gonýanlaram bar.
Wiý, elbetde, hondanbärsi bolýanlaram bar.
Garaz, eýläk-beýläk, ibirt-de zibirt,
Çemçämiň içinde joňkar goşgular,
Köwşüme ýapyşan zoňtar goşgular
7/24 çygşyldyda.
Käbirleri hoşgylaw,
Käbirleri kelköwser.
Halys garrap gidenlerem
Çybşyldap, şullaran gözün hem sulbasyn süýräp,
Entek-entek umytda.
A MEN SIZI ÝAZMAJAKDAN!
Gelip, üýşüp bogsaňyzam
Zandyýaman ýazmajakdan.
Sebäpmi? Sebäp:
size bakýan, pul görnenok.
size bakýan, komfortym gaçjakdan düze,
üçegim gaýtjakdan üstüme.
Şoň üçinem...
a siz nädiň:
penjireden jynlar ýaly bakyberiň.
şahalarda baýguşlar deý doňňarşyp,
şerçeler deý çirk-çirkleşip böküberiň.
Men barybir çyn goşgyny ÝAZMAJAKDAN!
© Laçyn Pürjäýewa
16.05.2026 ý.

Teswirler (15)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...