Kakamyrat REJEBOW
Synlap tylla Gűnűň batyp barşyny,
Aslyşyp zor bilen dagdan-depeden.
Bildim gűnleň meni terk edýänini,
Ýeke-ýekeden...
Ýöne gün adam däl, dogar ýene-de,
Säher ýene guşlar joşup ses eder.
Uzar barar ak gűnleriň kerweni,
Ýeke-ýekeden…
Geçibersin gűnler, ýőne siz beri,
Gőwne degip, gybat etmäň keseden
Çűnki adamlaram gidip barýar-a,
Ýeke-yekeden...
Goja zemin içre bir hakykat bar,
Gőz ýetirer, geçmişine eseden
Hemme zat dőreýär, ýitýär ähli zat,
Ýeke-ýekeden....
Kakamyrat Rejebow

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.