Oraz Ýagmyr

 …Ýene bir gün uniwersiteti tamamladyk.

Ýazyp-pozýanlar Aşgabatda galarmen boldy. Aşgabatda ýaşajak bolsaň bir sümelge  gerekdir, güzeran dolamalydyr diýip kelle agyrdýan ýokdy. Özümiziň  nirä  baş sokýanymyzy  soň-soň  duýup galdyk. 

 

Oraz Ýagmyr-a harby  gulluga  gitdi. Özgelerem paýtagtyň muşakgatlaryna maňlaý urup başladylar. Atamyrat Atabaý aramyzda iň keltämiz, iň ekabyrymyz, o döwür iň şöhratlymyz,  üstesine-de iň şohumyz. Ol şeýle bir anekdotlar aýdýar weli, gülüp içiň gyrylýar. Elbetde, pukaralygy bar. Her niçigem bolsa töwerekdäkilere görä Atamyradyň pukaralygy ylalaşarlyk. Ol şahyra Bibi Orazdurdyýewa öýlenensoň baýar öýtdük. Sebäbi Bibi baý maşgalanyň gyzydy. Gaýta, tersine boldy. Atamyradyň gan ýuwdup gazananjalaryny Bibi üýtgeşik köwüş  almaga we taksili gatnamaga sowurýardy. 

Bibi köwüş  keselinden saplandymyka?

Taksi keseli nädendir öýdýäňiz?!

 

Onsoň ýene bir gün Atamyrat ejesi biçäräniň başyndan  gum  sowrup,  pomidor, ot  satyp toplanja pullaryny alyp gaýdyp, Aşgabadyň ilersindäki baýyrlykda “Nahalstroý” diýen ýerden  üç otagly, bagly, bakjaly howly aldy. O howly şahyr Kakabaý Gurbanmyradyň bir günde gurnup giren külbesiniň beýle ýanynda ekeni. Şeýdip iki şahyr goňşy boldy.

Emma goňşular bir-birinden örän uzak häsiýetlidiler. Kakabaý diýlen ýigit ýetimligiň, horlugyň demir dyrnagyndan çykyp gelen, örän okumyş hem dogry sözlüligi kesp-kär edinen kişi. Ol aýalynyň törpüsine çydap, aç oturybilýär, ýöne pul tapsa-da gidip kitap satyn alýar. Onsoň mydama arzan çilimiň ajy tüssesine boglup, kitap okap ýatyr ýa-da bir setir goşgy üçin bütin gijäni ukusyz geçirýär. Kakabaýyň bilimi edebiýat ensiklopediýasy ýaly bir zat. Onuň dil bilşi bir kişiniňkiden artygrak, şygyr we kyssa terjimeleri görelde alarlyk.  Şonda-da onuň şöhrat rowaçlygynyň ugry ýok. Kakabaýyň özi hem nirdesiň şöhrat diýip, ýüwrüp ýörenlerden däl. Umuman, Kakabaý gepleşmäge-tirkeşmäge şeýle bir ýakymly bolmasa-da ondan gybat sözüni, ýalan-ýaşryk sözleri eşitmersiňiz. Ol başyna düşeni mertlik bilen çekmäni çagalykdan öwrenen adam.  Aýalynyň ökde bişirýän, etsiz, noýbasyz diňe gyzyl burçly unaşyny içip, şükür edip bilýär. Atamyradyň  bolsa  goşgulary barha  rowaç alýardy  ýa-da  onuň  özi  her  ýollar  bilen  itergi berýärdi. Ol döwürler Atamyrat şöhrat atyna münmedigem bolsa, guýrugyndan  aslyşypdy. Şygyrlar kitaby hem çap edildi. Şygra gezek gelende Atamyradyň örän ýatkeşligi belli.

 

Esen Nazar kursdaşymyz. Şygyr ýazan bolýar, makalalary çap edilýär. Öýlenibilmän ýörensoň, ol ömralla öýlenibilmejek ýaly duýguda ýaşaýar. Oňa her kim bir gyz hödürleýär:  kim  küýkini, kim gaýkyny. Esen, biçäre, körem bolsa öýlenjek-le weli, ony bir gören gyz  şobada ret edäýýär. Nämedenligini hiç bilip bilmedik. Onsoň obadaşlary ony bir ekabyr gyza  öýlendirmegi başardylar. Maşgala düzelip gitdi, emma Esen Nazar indi öýlenenine gije-gündiz ökünip ýaşaýar.

Onsoň ýene bir gün ol bir akyldar aksakala duşup:

-Ýaşuly, öýlenseň gowumy, öýlenmeseň?- diýipdir. Ýaşulam şobada:-Ikisem ýaman-  diýip jogap beripdir. 

Esen haýyş  etmeli bolsa, hiç çekinip durmaýar.

Bir gezek obadan baýja biri sataşanda:

-Agam, elli manat  kömek  etsene-diýipdir weli, obadaşy otuz manat uzadypdyr. Esen puly sanap:

-Bi-ýä otuz manat ekeni weli, ýigrimisini soň berersiň-dä-diýenmiş diýip, oglanlar gülüşýär. Esen örän ýukaýürek. Başym agyrýa diýdigiň, üstüňde kökenek bolýa. Köplenç, kelle agyry  ýitip gidensoňam, ah-wah diýip, ýaňadan kelle agyry döredýär. Pukaraçylyk bolansoň, karz-kowal almaly bolýar. Şonda oglanlaryň  ählisi  Esene  tarap  eňýär. Karza barany boş goýbermeýär. Ýöne yz ýanyndan özüniň diläýmesi, ýa “karz alanyň ýadyňdadyr-la” diýip uly iliň  içinde  aýdaýmasam  bar.  Muny  seni masgaralamak  üçin  däl-de,  Eseniň  ba-ar  bolubilşi-dä.

Karz  berse-de  berýär  weli,  Eseniň  soň  gaty birahat  gezişini  duýan  Oraz  Ýagmyr:  ―Pylany Esene  bergim  bar  weli  beribilmerin  öýdýär-diýip Eseniň  ýanynda  gürrüň  eden  bolýa.  Onsoň  az salymdan  görseň,  Esen  ýa  şo  bergidara  jaň  edip durandyr, ýa göni şonuň ýanyna büküdip gidendir.

 

Käbir adamdan bergisini gaty kyn alsa-da  ýene şo adam dilege gelse, Esen durubilmeýär. Esen-dä. Bir  ýyl  diýlende  Oraz  Ýagmyr  esgerlikden dolandy. Bir ýylda üýtgeşme bary bolupdyr. Hälki Esen Aşgabat obkomynyň “Oktýabryň ýalkymy” gazetine işe geçipdir.  Birgeňsi şadyýan bolupdyr. Ýumorlyja sözläsi gelip dur. Uly oblastyň köp ýerini gezensoň,  gözi açylyp baslapdyr. Ol Kaka raýkomyna barşyny gürrüň berýär:

Birinji  sekretar günortan  naharyna  öýüne  çagyrypdyr.  O  döwrüň birinji  sekretary-da,  näçe  galplyk  edeýin  diýse edibilýär. Ynha, onsoň pukaraja Esen Nazar gat-gat ýazylan  türkmen  halyly  otaga  aýak  basýar.  Egin-eşigi  köneje,  hat-da  jorabynyn  hem  her  ujundan, syçan  jyklaýan  ýaly,  başam  barmak  görnüp  dur. Onsoň  dürli-dürli  naharlar,  örän  üýtgeşik  arak-konýaklar  saçaga  goýulýar.  Eseniň  ömründe görmedigi-dä.  Börek  bilen  çyg  gaýmagy  garyp ýetim  garna  urýar-urýar.  Birinji  sekretaram  ýeser ýylgyran bolup, aldygna konýak guýup berýär. Ind-ä wagty gelendir diýende söze başlaýar.

-Esen  Nazarowiç  raýonymyz  hakda  gowuja makala  ýazaweri.  Menem  seň  ýaly  ýetim oglandyryn.  Bir  gaýrat  edersiň-dä.  Gadryňy bilerin.

Esen özünden  näme talap  edilýänine kän bir göz ýetirip baranok. Ýöne ―Hawa-la- diýýär-de ýene  gaýmakly  börege  ýapyşýar.  Kimiňkide oturanyny  unudyp:  ―Şu  gaýmag-a  gaty  üýtgeşik ekeni. Stakany näçeden satylýarka?- diýýär. Emma jogap ýerine ajy ýylgyryş görýär. 

Öýlän  birinji  sekretaryň  “Wolgasy”  Eseni Aşgabada,  umumy  ýaşaýyş  jaýyna  getirýär.  Sürüji ep-eslije sebedi hem Eseniň goluna berýär. Serhoş  gelen  Eseni  hemişeler    gaharly garşylaýan  aýaly    hem  sumkadaky  zatlary  görüp sesini  kesäýipdir.  Eseniň  bolsa  birinji  sekretara näme  wada  bereni  bireýýäm  ýadyndan  çykyp gidipdir. 

 

Esen hakda ýarym çyn-ýarym ýalan gep kän. O hakda  anekdotlaram  köp  ýasaldy.  Ynha  biri;  Esen dördünji  etaźdaky  öýüne  içgili  gelýämiş  weli,  bir gün  aýaly  onuň  golundan  tutupdyr-da  eýwanyň açyk penjiresine baka çekipdir. 

-Esen!  Ýa  sen  bök,  ýa  men  bökjek.  Bi  içgili durmuşdan bizar  boldum.

Eseniň  serhoşlygy  şobada  uçupdyr.  Dördünji  gatdan böküp aman galmajagy belli. 

-Enejan, soň bökäýeýin-le?

-Sen-ä erkegem däl ekeniň. Çekil, özüm bökjek. 

-Enejan,  bökme.  Sen  gitseň,çagalara  seretjek ýok.  Özüm-ä  böküp  bilmerin  weli,  gowusy,  sen meni zyňaýsana. 

Atamyradyň:  ―Eseniň  häsiýetini  doly  görkezip bilen ýazyjy klassyk bolýa- diýmesi bar. 

 

…Ýene bir gün Oraz Ýagmyr esgerlikden gelip, Aşgabada  göçermen  bolup,  oglanlardan  jaý soragyny edip başlady. Atamyrat  bilen  Bibi öz jaýlaryndan  bir  otagy  bermäge  razy.  Onsoň  Oraz obadaky gelnini getirip, şo taýda ýaşap başlady. Üç aýdan  soň  beýle  ýandaky  boş  ýerden  bir  günde kiçijik bir hütdük gurnup, şo günem göçdi. Sebäbi jaýyňy örän tiz salmasaň, buldozer getirip, kerpiçleriňi  owradyp  gidýärdi.  Jaýyňda  otursaň bolsa,  gizlin söwdalaşyp, düşünişip bolýardy.

Ynha, onsoň mart aýynda bir günde salnan jaýda peç ýakyp, Oraz bilen gelni ýatýar weli, öl suwag, öl  toprak  bugaryp,  damyp,  ýorganlar  öl-myžžyk bolýar. Ir bilen oýananlarynda  saçlarynyň ýuwlan ýaly çyglygyna düşünmän haýran galýarlar. Şeýdip üçünji bir goňşy peýda bolýar.

…Ýene  bir  gün  şahyr Nobatguly Rejep o jelegaýlarda  gorünýär.  Ol  örän  çepiksiz,  çala serhoşyň  ýöreýşi  ýaly  daýanyksyz  ýöreýär. Kiçeňräk  gözleri  bolsa  ähli  kişä  gümanly  garaýar. Belki, şonuň üçindir, Nobatguly özüniň tapylgysyz şygyrlaryny  gözüni  ýumup  okaýar.  Onuň  ýygyrt-ýygyrt  jalbaryny,  penjegini  görüp,  şeýle  beýik şahyryň nädip şeýle geýnip bilşine köpler haýran. Şahyrlyk  babatda  Atamyrat  bilen  Nobatguly gizlin bäsdeş bolsalar-da Nobatgulynyň Aşgabada göçüp gelmesini Atamyrat ikelläp  goldady. Ýöne Nobatguly bir günde salynýan jaýda ýaşamakçy däldi. Taýýar jaý almaga-da puly ýetmedi. Onsoň ol birki gün Aşgabatda dost-ýarlar bilen arak içişip, goşgy okaşyp, obasyna baka ýom-ýok boldy.

 

Bir  ýyldan geldi-de Atamyratlaň goňşusy bolan meşhur sazanda Akmyrat Çarynyň üç otagly jaýyny satyn aldy. Bu töwerekdäki ähli jaýlar  ýaly bu jaý hem  dokumentsizdi.  Onsoň  Nobatguly  dünýä  ýaly giň ejesini we çagalaryny getirip, täze goňşy boldy. Nobatguly oglanlaryň arasynda ýiti pikirliligi bilen tapawutlanýar.  Şol  bir  mesele  hakda  dokuz  pikir aýdylan bolsa, ol onunjy pikiri aýdyp bilýärdi we onuň pikiri has originaldy. Şeýle-de bolsa  onuň özüni alyp barşyndaky bärden gaýtmalar, ýüz hamynyň  aşa  daýhanlaçlygy  Nobatgulynyň  belent pikirleriniň ägmiýetini kähalat gowşadýar.

 

Oglanlar  üýşüp-üýşüp  uzak  gije  söhbetler gurýar. Hökman jedeller ara düşýär. Her  kim öz pikiriniň dogrylygyna gaty berk ynanýar. Öz ýazan goşgularyny okap bolduklary, ozaly bilen, özleri öz goşgusyny öwüp başlaýar. Beýle öwünjeňlik olaryň arasynda kabul  edilen. Diňe Kakabaý kiçi göwünliligini saklajak bolýar. Olam, edil beylekiler ýaly, goşgusyna bir pikir aýdylaýsa, öwgi bolmasa, örän gazaply daraşýar. Mahal-mahal bir-biregiň şygyrlaryny kül edişlik bolýar. 

-Seniň  goşgularyň bir  köpük-diýeniň özi hem şeýle baha alýar. Kähalatda: “Seniň özüň ne poh” diýen derejä çenli pese  gaçylýar.  Emma  gowy  tarapy  tiz,  şobada ýumşaşyp, ýene arak içişýärler. 

 

…Ýene bir gün bu goňşylaryň iki-üç öý beýle ýanyndaky bir sümelgäni heýkeltaraş Täçmyrat Çaryýew satyn aldy. Täçmyrat hä diýmän Baýram Lallyk diýen güýçli hudoźnigi  boş ýerden jaý salşyp göçürip getirdi. Täçmyrat  türkmeniň gadymy klassyk ýaşaýyş durmuşyny  örän  gowy  bilýär.  Özem  giň  adam, sözüň agramyny, reňkini, ornuny gaty gowy bilýär. Ona derek Baýram gaharly, içse hasam gaharly. Ol bir gezek serhoşka birine: “Dişiňi owradaryn” diýdi weli, şonda Täçmyrat: “Owratsaňam çörek çeýnärlik goýarsyň ahyry- diýip ara düşdi. 

Gowy zady Täçmyradam, Baýramam öwünmäni bilmeýärdiler.  Onsoň  şahyrlaryň  öwünişip,  pel-pelleşip  oturyşlary  olara  ýaramaýardy. Bir oturylyşykda Atamyrat: 

-Öwünip  aýtdygym  dal, Magtymgulyňky ýaly goşgulary näçe diýseň ýazyp bilýän-  diýdi  weli, Täçmyrat ýylgyrdy-da:

-Atam, maladys. Hälem  ýazdym diýmediň-diýdi. Emma Atamyrat badyny gowşatmady.

-Seniň oýnuňam bolsa,  meniň  çynym. Ölülerden Magtymguly. Dirilerden özüm. Goşgy ýazyşmakda nähili şahyryň bolsa  cykar  orta!-diýdi. 

Şonda beýle ýanda gyşaryp ýatan Nobatguly dikelip:

-Atam, meni hasap edeňokmy?- diýende Atamyrat ýylgyryp:

-Seniň ölüligiň, diriligiň belli däl-ä-diýdi. 

 

Ýeri  gelende  ýene  bir  wakany  gürrüň  bereýin. Atamyradyň, Nobatgulynyň,  Agageldiniň özlerini klassyk hasaplap ýörşüni geň gören biri: “Siz klassyk bolýan bolsaňyz,  Lermontow ýaly 27-de, Puşkin ýaly 37 ýaşda giderdiňiz” diýipdir. Şonda Nobatguly:

-Biz klassyklaryň kyrkdan soňam ýaşap bilýändigini  subut  etmek  üçin  ýaşap  ýörüs-diýipdir.  Başga  bir  okyjy  Moskwa  baranda Moskwada  ýaşaýan  türkmen  ýazyjysy  Atajan

Tagana  duşup:

-Atamyrat, Nobatguly, Agageldi dagy özüni klassyk hasaplaýar. Muňa nähili garaýaň?- diýende Atajan Tagan:

-Ýalan sözlemesinler. Türkmen klassygy Moskwada ýaşaýar‘ diýipdir.

 

Gurbannazar  Eziz    Kakabaý  Gurbanmyratlara seýregrägem bolsa söhbetdeşlige gelýär.

-Siziň kompaniýaňyz ýaman gowy. Şahyr boljaga gaýnap duran gazan-da-diýýär.

 

Goý, şahyrlaň güni jenjeldir dawa-

Diýip, dodak çöwrübersin gedemler,

Bizi şahyr eden jedeller dälmi?

Halyl, bizi şahyr eden jedeller!

 

Gurbannazar  gelende  töwerekdäkiler öwünmediksirän  boluşsalar-da,  öwrenilen  gylyk örkleseň  durýarmy?!  Ýöne  Gurbannazar öwünenlere  üns  bermän,  gulagynyň  duşundan geçirip  goýberýär.  Özi  goşgy  okanda  örän  labzy süýji.  Soň  dymyp,  aşak  bakyp  oturýar.  Käbir şahyrlar  ýaly  pikir  aýtdyrmaga  zorlamaýar. Ynsanyň  dymmak  hukugynyň  barlygyny  hiç-hiç unutmaýan  borly. Atamyradyň goşgy okaýşyna göwni ýetýär.  Gurbannazar: 

-Ýaramaz  goşgy ýazýany hem goldamaly, belki gowy ýazyp başlar, ahyry, bolmanda gowy okyjy bolar- diýen pikirde. 

Gurbannazaryň  özüni  alyp  barşyny  gören onuň örän terbiýeli maşgalada ýetişenini bada-bat duýýar. Örän  seresap,  örän  näzik  hem  sypaýy,  aňrybaş hoşgylaw  adam  bolany  sebäpli,  onuň  bar  ýerinde şoňa görä boljak bolmak edähedi bar.  Uly  şahyr  bolmak  üçin,  ozaly  bilen uly adam bolmak  zerurdygyny  Gurbannazaryň  mysalynda gördük. 

 

…Ýene  bir  gün  çagalar  ýazyjysy  Agageldi Allanazarow  göründi.  Ol  Moskwanyň  edebiýat institutyny gutaryp geldi. Olam bu oglanlaryň arasyna goşulmakçy. Kakabaýyň  mellejiginiň aýakujyndaky ýerde iki otaglyja jaýy bir günde gurduk.

 Baş gurluşykçy Oraz Ýagmyr. Beýlekilere garanda onda işe ýakynlyk bar. Şoňa görä Atamyrat: “Oraz lampoçka-da ýasap başlady” diýip degişýär. Agageldi öz jaýy gurlanda ne pile el degirdi, ne kerpiç  göterdi,  ne-de  palçyga  bulaşdy. Ol ir bilen bazara diýip çykyp  gidişine öýlänler dolandy. Okuw diýip, durmuşda gören zady az görünýär. Ol ummasyz çagaçyl. Çaga gorse ogşap, ýalap, sypap barýar.  Her  gün  ir  bilen  çagajyklary  ony  dabara bilen  ugradýar. Agageldi yza dönüp-dönüp çagajyklaryny ýaňadan ogşap-ogşap göýberýär. Şol gezekleriň birinde çagalaryň arasynda çolaşyp ýören güjügi hem ogşapdyr diýip,  Atamyrat gülüşdirýär. 

 

Geň  tarapy, Agageldiniň  goşgularyny Atamyradam, Kakabaýam, Nobatam öwýär. Agageldi-de  Moskwanyň  badyhowalygyna gapylyp gelensoň, öwünmekde bu oglanlardan  hiç kem durmady. Eseri hakda bir kiçijik bellik edeniň hem başyna gyzyljagurt bolup daş ýagdyrýar:

-Sen bellik eder ýaly kim diýsene! Ýeddiýüz ýyl yza galýaň. Düşünýämiň, ýeddi ýüz  ýyl! Seniň bütin döredijiligiň podmýotki ne goditsýa (ýagny köwşüň aşagyna ýamalygam  boljak däl ýa-da basyp giden yzyna degjek däl).

Agageldi ýokka oglanlar onuň ýeddi ýüz ýyl diýmesiniň  sebäbini biljek bolup kelle  döwýärler. Ala-böle ýedi ýüz ýyl  diýmesinden bir many çykarybilmän kösenýärler. Atamyrat has kesgirdir weli, olam köp kösendi. Ahyry, bir deliljik tapdy. Aşgabat-Moskwa uçar saparynyň nomeri ýedi ýüz. Şol ýedi ýüz nomer kellesinde ýer edinendir diýip goýdular. Şindi-şindi hem oglanlar üýşende şol ýeddi ýüz ýylyň bu zamanlar näçe ýüz ýyla ýetenini bilmeli diýişýärler. 

 

Ol oglanlaryň bir häsiýeti bar: kim otyrylyşykda ýok  bolsa  bir  salym  şonuň  edim-gylymyny,  otur-turşuny  aýdyşyp  gülüşýärler,  umumy  häsiýetini terezä salyp ölçeýärler, ýöne Agageldiniň häsiýetini weli haýsy terezä saljaklaryny bilmän kösenýärler. Agageldiniň oýnaklaýan ala gözleri hem köp zady güman astyna salmaga sebäp bolýana çemeli. Agageldi Atamyradyň: “Ölülerden Magtymguly, dirilerden  men”  diýenini  diňlänsoň, “Ölülerden Tolstoý, dirilerden men” diýmäge çekinmedi. Olar öz şöhrat aldawyna ynanyp pel-pelleşýärdiler, diňe Oraz Ýagmyry bu şöhrat paýtunyna mündürmeýärdiler, onsoň ony  ýönekeý bir okyjy hökmünde  görýärdiler. Üstesine-de ol içmänsoň, az-kem yzagalagrak saýýardylar. 

 

Kem-kemden ýaşaýyş ýola düşüp başlady. Oglanlaryň jübüsinde pul görnüp ugrady.  Onsoň bir-birege lakam goýuşlyk döwri geldi. Lakamsyz  galan  Agageldi  boldy. Onuňam sebäbi Agageldiniň örän düşnüksiz, örän çylşyrymly häsiýetidir. Tanap bolmaýan adama lakamam dakylmaýana çemli.

Atamyradyň  sähel  büküdibräk  ýöreýşini, pikir rüstemligini görüp, onuň bu dünýä öňem bir gezek gelip-giden ýaly hereket edişini synlap, oňa:

-Goja-diýen lakam goýdular. Atamyrat öz lakamyndan razy boldy hem-de bu lakama guwanyp başlady.

Kakabaýa dakylan lakamy onuň özüne aýtmaýarlar. Onsoňam belli bir lakamda durman, iki lakam ulandylar, olam lakamlaryň köküni kesdi. Kakabaýyň özüni dartyk saklaýşy, az-kem betgylawlygy muňa sebäp bolan bolsa gerek. Nobatgula “Agrar”, “Igli” lakamlary ulanyldy. Ol öz lakamlaryna kän bir ünsem bermeýär. Oraz  Ýagmyra  “Ýagly” lakamyny goýdular.

Ýangyç hökmünde öýde salýarka ulanylansoň, gyşda  gyt  bolýar diýip tomus alyp  goýan Orazyň, baý, üstünden güldüler-ä. Oraz bolsa, boş çelekleriňiz bar, sizem alyň diýip maslahat berýär.

-Gyş entek nirelerde- diýşip gaýra gaýyşýarlar. Şo gyş  ir  düşüp  öýünde  çagajyklary  titreşip  başlady weli, o wagt ýagy nireden tapjak?! Ana, şondan soň Oraza  “Ýagly” lakamy  tirkelip goýberildi. Indi Orazdan ýag dilemeli  weli, erkekler gelmäge ýüz tapman, habarsyz aýallary dilege iberýärler.

-Oraz, bir bedre ýag beräýmeseň, öýmüz doňduryp barýar.

Orazam beýle sebäp tapsa, hezil edinýär.

-Ýagdan köp zat ýok. Siz agyr bedre göterip, ýaga bulaşyp ýörmäň. Ýoldaşyňyz gelsin,  alyp gitsin-diýýär. Onsoň, näme, kynam bolsa gelmeli-dä. Öýdäki igenje çydaman  Nobatguly bedresini hallanladyp gelýär. Ýüzi örän agyr. Hemişekisi ýaly, sähel sakawlap gepleýär. 

-Ýagly, sen gaty biderek adam-aý. Berýäniň-ä ýag weli, edil gan berýän ýaly edýäň-aý.

-Hüjüm etmek iň gowy goranyş.

-Ýag ýakmasak, jan ýakarys  weli, ölmejegimiz çyndyr. 

Nobatguly, adaty seresapsyzlygy sebäpli, dökän-saçan edip bir bedrä ýag guýýar-da, ne sagbolsun, ne taňryýalkasyn bar. Sessiz öýüne ýumlugýar.

Az salymdan ýene Bibi eli bedreli gelýär.

-Waý, Oraz, özüň guýup beräýmeseň, Atamyrat myhmanly otyr. 

Oraz derrew ýagly çelege ýapyşýar. Ýöne Atamyradyň myhman jaýynda yşyk  ýoklugyny görüp, Atamyratdan ýene bir gezek aldanandygyny bilýär.

 

Bir gezek Täçmyrat hudoznik bilen Nobatguly Lebapda gezip ýörkäler, solýarka daşaýan maşyny görüp durzupdyrlar.

-Solýarka satsana.

-Al, agam.

-Onda göni “Nahalstroýa” gideli.

-“Nahalstroý” diýýäniň nire?

-Sen, näme, Aşgabatly dälmi?

-Ýok, bäri Lebap.

-Wi-i, bagyşla, biz özümizi Aşgabatdadyrys öýdüpdiris. 

 

Ýag gytçylygy, kähalat, şeýle aljyraňňylyga-da salýar. Uzak gyş gijeleri oglanlaryň  öýlerinde gezek-gezegine diýen ýaly üýşüşip, örän giň örüli gürrüňler edilýär. Atamyratlarda  oturylsa, her kim manty ýa-da dolama iýjegini bilýär,  Kakabaýlar, elbetde, unaşa ökde. Indi, öňküler ýaly suw, un, burç däl-de, et, noýba hem goşulýar. Nobatgulylar, köplenç  çorba  berýär. Bol etli çorba. 

-Bi, näme, Nobatguly, mydama sizde çorbala?-diýseň,

-Myhman  köpelse,  suw  guýaýmaga  amat  bolýar-diýýär. Bir myhman geldigi  Nobatguly gaty ardynjyraýar weli, aşhanada nahara suw goşulýar. Muny duýan bir myhman  öýe girenden:

-Nobat, ardynjyrama, men tiz gitmeli-diýipdir. Agageldiler tagamly türkmen palawyny  bişirýärler. Özem köneçe bişirýärler. Tüwini et, käşir bilen garman, örän owadan palaw  taýýarlaýarlar. Käşiriň iri, uzyn-uzyn  dogralany  bada-bat  göze  ilýär. Agageldiniň  palaw  iýşini  synlasaň hem bir palaw iýençe lezzet alýarsyň: ol örän tiz iýýär we doýup goýändyr diýer ýaly däl. Ol harby gullukda desant bolansoň,  nahary  tiz  iýmek  däbi  şondan  galana meňzeş.  Desant  sözi  agzalsa, Agageldiniň hezil edinýänligini hem ýüzugra aýtmaly. Ol  onsoň desant durmuşyny ep-esli gabardyp, örän şowhunly gürrüň berýär.

Agageldi  desant  bolanyna  gaty  gabarylýar. Hatda  Oraz  Ýagmyryň:

-Men  raketaçy  boldum-diýmesine-de: “Desandyň ýanynda raketaçy bir köpük” diýip  pagtabent atyp goýberýär.

 

 Bir gezek azyk dükanynyň müdiri Şamyrat aga ýazyjy-şahyrlary  çagyryp, dükanyň arka ýüzünde arak-konýak skladyna salyp hezzet-hormat etdi.

Atamyrat otlawaç-da. Ýuwaşjadan:

-Agageldem desant bolup gulluk etdi-diýdi-de göz gytagyny Agageldä aýlap goýberdi.  Az salymdan Agageldi desant  bolup Çehoslowakiýa zyňylyşy hakda uzak gürrüňe  başlady.  Has gyzyşanda goltugyny açyp, çöp çyzan ýaly bir çyzygy hem görkezdi.

-Şu ýara-da Çehoslowakiýanyň  üstüne  bökenimde  boldy-diýdi  weli,  bir  sagada  golaý  bäri dymyp, diňläp oturan dükan müdiri Şamyrat aga çydap bilen däldir-dä:

-Agageldijan, Çehoslowakiýada näçe gün bolduňyz?-diýdi.

-Bir hepderäk bolduk.

-Onda ýagşy-la. Biz Çehoslowakiýa 1945-de girişimizden kyrk sekiziň ahyrynda  gaýtdym-da-diýdi weli, oglanlar pakyrdaşyp gülüşdiler. 

Oraz Ýagmyrlarda nahar iýilse, köplenç, goýnuň kelle-aýagy bolýar. Ol bir ýerden arzanja bahasyna örän tämizje hem täzeje kelle-aýak getirýär.

 

…Ýene bir gün onuň “Atçapan” hekaýasy radioda gidip başlady weli (o hekaýa soňra on sekiz ýyllap radioda berildi), redaktory Allaberdi Durdy:

-Bir  toklujyk  soýup  ýuwaýsaňa-diýip köp aýdansoň, Allaberdi  we  goňşy  oglanlar  Orazlara üýşdüler. Orazam bir tokly soýan kişi bolup otyr. Ynha, kelle-aýak geldi. Allaberdi: 

-Men aýakçyldyryn-diýip bir aýagy özüne çekdi. Derrew iýdi-de ýene bir aýaga el uzatdy. Şonda ol ýazgyn çanakda ýene  dört  aýak  barlygyny  görüp  doňup galdy.

Oglanlary  soňky  wagtlar  çagyrylmadyk myhmanlar gaty heläk edip başlady. Olaryň on bäş gün  bolup  gidýäni  hem  bar. “Pylanyny  myhman çüýredýär” diýşip,  oglanlar  daşyndan  gülüşýärler. Şo  gije  ýene  bir  topar  myhman  dökülip,  hälki gülüşýänleriň  külbesiniň  dar  törüni  eýeleýärler weli, olaryň gülküsi çekgesinde doňup galýar.

 

O döwürki myhmanlaryň bir däbi bardy, yzyna myhman  tirkäp  geläýýärdiler.  Soň  şo  tirkelen myhmanyň özi gelip başlaýardy. Ýöne myhmanlaryň arasynda şahyr Amandurdy

Annadurdynyň geň häsiýeti bar. Oňa “Sary bilbil” diýýärler. Örän beýik şahyr. Ynha,  ol, özi Aşgabatda ýaşasa-da, her gije biriniňkä myhman düşüp başlady. Bir gün däl, on gün däl, soň-soň dynç günleri-hä gündizine-de gelýär. Bir gelse örän uzak oturýar, özem ile  gezek bermän, aldygna rubagysyny okaýar. 

Aman hernäçe gowy şahyr, gowy adam bolsa-da, bizar etse, soň sowaşyp başlaýarlar. Onsoň ýene bir gün oglanlar  üýşüp, Amandan halas bolmagyň ýollaryny gözlediler. 

-Amanyň rubagylaryny öwýäs. Indi geler weli, rubagylaryny kül edeliň, şonda bu taýdan  aýagy kesiler. 

-Aman  geldigi  gizleneliň-de  öýdäkilere  ýok diýdireliň.

-Beýdip gaçyp ýörenden: “Amanjan bizi heläk etme. Bizem ýaşamaly, ýazyp-pozmaly” diýip, ýüzüne aýdalyň. 

-Ýo-ok. Gelende çaý-suw bermän aç saklalyň. Onsoň Amany daňyp saklabam bilmersiň. 

Başga-da  köp  çäre  orta  atyldy. Ýöne Amandan dynjaklaryna ynanýan ýokdy. 

Şondan soň Amandan gaçyşlyk başlandy. Amanam yza çekiliberenok. Bibi daşarda işe güýmenip, Aman  göründigi: 

-Atamyrat öýde ýok, Oraz-a öýünde-diýip başlady. Oraz jaýy has dar bolansoň, özem  gödensiz uzyn bolansoň, az-küş ýerde gizlenibem bilmeýär. Ýöne ol bir gezek basga bir ýol tapdy.

-Atamyrat seniň rubagylaryňy ýaman  gowy  görensoň,  bir  kitaba  goşjak  diýýä-diýip  Amana  aýdýar. Aman bolsa: “Wah, Atamyrady  görjekdim  weli,  Bibi  “Atamyrat  ýok” diýdi-dä” diýýär. 

-Bibi Atamyradyň öýe gelenini görenem däldir. Ýaňyja işden bile geldig-ä.

Onsoň Oraz Amany yzyna tirkäp, Atamyratlara ugraýar. Bibi: 

-Amany  Orazlara  ugratdym-diýip arkaýynlanyp  öýe  giripdir.  Oraz  gelşine  gapyny kakman  öýe  girýär-de  Atamyradyň  iş  otagynyň gapysyny  çekýär.  Otagda    Atamyrat  görnenok.

Aman bolsa: “Atam ýokdur-la” diýýär. Oraz Amana ümläp, duldaky krowadyň tutusyny  galdyr  diýýär. Aman tutyny galdyryp jyklasa, Atamyrat eli kitaply ýatyr. 

-Atam, bu taýda ýatmaň näme?

-Öz öýüm, nirde ýatamda näme?!

 

…  Ýene bir gün Aman Orazlaryň gapysyny kakýar  weli, Oraz hasyr-husur gizlenýär. 

“Oraz heniz işden gelenok” diýip, Orazyň gelni jogap berýär. Açyk gapyda öýe bakyp duran Aman şahyr:

-Oraz  işde  bolsa, o krowadyň gyrasyndan çykyp ýatan aýaklar kimiňki?-diýýär.

Amanly ýagdaý birki aýdan sowuldy gitdi. Onsoň ýaňadan Amany, onuň joşgunly  okaýan rubagylaryny küýsediler. Ol il içinden irginsiz toplan almaz dänelerini gije-gündiz  ýylmap-ýylmap, merjen-zümerret derejesine ýetirýär. Ol bir öýe, bir şähere, bir ýurda sygjak  şahyr däl. Şoňa görä bolsa gerek, ol bir ýerde karar tapman çawjap ýör. Şahyr  bu dünýäni  ýüregine sygyrsa-da, şahyr ýüregi  bir  dünýä  sygmaýar. 

-Ýazyp  ýetişmedik goşgy setirim, kepenimden çykar kebelek bolup…

 

…Ýene bir gün şahyr Italmaz Nury Atamyratlara gelýär. Töwerekdäki oglanlaram üýşýär. Ýaz ýaly şahyr. Onuň bir geň häsiýeti bar: köpleriň eşiden syryny diňe özi bilýän ýaly  edip aýdýar.

-Eşitdiňmi?

-Ýok.

-Öz aramyzyň gürrüňi weli, Pylanyny pylan baýraga hödürlediler. Baýrak alýança hiç  kime aýtmaweri.

Italmaz beýle syrjagazlaryny, ýanyňdan aýrylmanka, üç-dört kişä pyşyrdap ýetişýär. Italmaz özi hakdaky anekdotlar aýdylsa, heziller edýär. 

-Gowusy, Atamyrat, Atamyrat, özüň aýtsana-diýip tiz sözleýär. Onsoň Atamyrat goşgy okamaga ökde bolşy ýaly, anekdotlary hem şirelije aýdyp başlaýar. Italmaz, bu anekdotlary müň gezek eşidenem bolsa, birinji gezek eşidýän ýaly, ýürekden gülýär.

 

Bir anekdot: 

Italmaz Moskwada edebiýat institutynda okaýarka, köplenç, sapaga gijä galyp barýar ekeni.

-Şu gün bir wagtynda baraýyn-diýip, ot alyp giden  güni hem giç barypdyr. Professor Italmazyň gapyda bir aýagy ak köwüşli, beýlekisi gara köwüşli galpyllap duranyny görüpdir.

-Mähribanym. Aýagyňa nämeler geýip gelipsiň?

-Bagyşlaň, öýde galanlary hem şuň ýaly.

 

Ýene bir anekdot:

Italmaz Moskwada bile ýaşap-okan dosty, Azerbeýjanyň uly şahyry Fikret Gojany Türkmenistana näçe çagyrsa-da gelmändir. Onsoň bir gün: “Italmaz öldi. Ertir bäşde jaýlanýar” diýip, Baku şäherine telegramma  iberýär. Ertir Bakudan gelen uçardan Fikret Goja gözlerini ýaşardyp düşýär weli, garşysynda Italmaz ýylgyryp dur. 

-Bah, bah, ba-ah! It ölür, Italmaz ölmez-diýip, çepiksizje Italmazy gujaklapdyr.

…  Ýene bir gün Atamyrat her goňşudan pul ýygnap, meşhur bagşy Ödenyýaz Nobaty çagyrdy. Atamyradyň giň otagynda, ýagny Aman şahyrdan gaçyp, krowadyň aşagynda  gizlenen otagynda ilkagşamdan gaty lezzetli aýdym-saz başlady. Agageldi şobada uklady.  Muňa gözi düşen Ödenyýaz Nobat gaty geň galdy.

-Bä-äý, “Tagtabazarda iki aýaklylaryň ählisi aýdym-saza ýakyn” diýip ýördüm weli,  bolmady-ow-diýdi.

-Agageldiden gaty görme. O çagalar şahyry bolansoň, çagalaň ýatýan wagty  ýataýmalydyr. Onsoňam Agageldiniň  iň  gowy wagty ýatan wagtydyr. Ondan saňa diňleýji  bolmaz. Ol sygryň sesini eşegiň sesinden zordan tapawutlandyrýar-diýip, Oraz Ýagmyr  sözledi. Bagşy Gün  dogar-dogmazda dutary bir ýanynda goýup, derini sylyp otyrka,  Agageldi  oýanaýdy.  Turşuna: 

-Tüweleme, Öde akga, uzak gije gaty gowy aýdym aýtdyň-diýdi weli, bagşy hem: “Tüweleme, senem uzak gije gaty gowy ukladyň” diýdi.

 

Ynha, “Nahalstroýda” geçen bäş-alty ýyl garyplyk-pukaralyk bilen geçenem bolsa, o ýyllar uly sapaklar berdi. Soň şähere-döwletiň beren jaýlaryna göçüşlik başlady.

Wezipe  keseli hem köpüsine degdi.

Şo arada gözel ýaşlyk hem geçip gidipdir.

Ýollar aýrylyp başlady.

Şeýdip, her maşgala bir ýerden çykdy, emma ýakymly ýatlamalar weli, ömür boýy  bizden aýrylmasa gerek.

 

 Oraz Ýagmyr. Daglar ýumrulyp beýgelýär. – Ankara, 2007. 3-22-nji sahypalary.