Bu waka ýene ýetginjeklik döwründen. Aý näme dost, iň gowy ýatlamalar, gülkünç ýagdaýlar şol döwürde bolýar-da. Hany göz öňüňe getir: ýaňy-ýaňy murtuň saralyp, klasda "şefligiň" ýuwaşlyk bilen ýitip başlaýan döwürleri... Özüňi uly adam ýaly görüp, 2-3 sany dagy kitap okaýsaň, özüňe "alymmykam" diýýän döwürleriň. Toýa-zada barsaň, ähli gyzlaryň gözi sende ýaly duýýan, sakgal-murt çykanok diýip, günde 3 gezek posly päki bilen sakgal-murt syrylýan döwürler. Ýadyňa düşdimi? Hamana ulalyp, dünýä düşünýän filosoflar ýaly pikirlenýän döwürleriň, hemme zada şübhe bilen garaýan döwürleriň? Indi-hä ýadyňa düşendir?

Ine, şu gürrüň berjek dost oglanym, bir gün keýpi bolmansoň meni öýüne çagyrypdy. Keýpi bolmazlygynyň sebäbem — halaýan gyzy (halaşýan diýýär welin, ýekeje gezegem salamlaşyp görenoklar, halaşýanlaryndan gyzyňam habary ýok, nähili halaşýarlar — men-ä düşünmedim) muňa "ne to" hereket edipdir ("Ne to" herekedem — gyz şol gün okuwa gelmändir). Garaz, "keýpim ýok" diýip, meni öýüne çagyrdy: "Gel, dertleşeris, öýde hiç kim ýok, agşam gelýärler" diýip. "Bolýar" diýip gitdim.

Holodilnikde kakasynyň ýarty çüýşe aragy bardy, ony hem çykardy. "Içeli" diýýär. Bizem näme, ýaňy bir araga-çilime höwesek wagtymyz. (Aragam, çilimem gowy däldir jigilerim, peýdasy ýok, gury özüňi zaýalanyň). Hawa, ýöne weçerlerde içäýmesek, beýle içip ýöremzokdyk şonda-da. Garaz, dost oglan kolbasajyk gyzartdy aragyň ýanynda, bizem başladyk. Diýşim ýaly, aragyň nämedigini bilemzok doly, 2 prýom ýelmedik, aragam gutardy.

Ýöne biz şeýle bir zatlar gürleşýäris, hamana Platon bilen Aristotel arak içip, kolbasa iýip dertleşýär. Başym aýlanýar meniň, eňegime jaň kakylan ýaly gürleýärin. Häzir şol dialoglaryň hemmesini ýazsam bara, siz ýolda-yzda meni görseňiz salamam bermersiňiz hat-da biliber onsoň. Ýöne mowzuk açdyk, hemmesini ýazmasak-da, käbirlerini ýazmasak bolmaz:

Dost oglan: Bu söýgi meni heläk edýär. Meni öldürýär-eý, McM!

McM: Aslyýetinde, durmuşda ýitirýän zadymyzyň gadyryny soň bilýäris… (Bu näme boldugy? Tema bilen baglanyşygam ýok).

Dost oglan: Zyýany ýok dost, bir gün olar yzyna dolanyp geler. Ana, şonda menem diýmelisini bilýärin… (Gyz okuwa gelmändir, ertesi güni bildik, gyz klas ýolbaşçydan jogap alypdyr, hamana Tibete gaçyp giden ýaly drama edýär).

McM: Onda yza däl, diňe öňe seretmeli sen… Yzdakylary yzda taşlamaly… Taşlap bilmeseňem synanyşyp görmeli… (Baýbooo, nätdiňäý?!).

Dost oglan: Dogry aýdýarsyň… Yzdakylar yzda galdy… Yza ýol ýok… (Haý, Maýor Toparkow bol-a).

Ine dostlar, şu dialoglar "True Detective" filmindäki Rust Cohle bilen Marty Hart arasynda däl-de, hut 16 ýaşly iki ýetginjegiň arasynda bolup geçýär. Dialoglar ýazyşym ýaly yzygider hem däl,her sözlemiň arasynda duran bolýarys, uludan dem alan bolýarys, ses tonumyzy üýtgeden bolýarys, gözlerimizi gysyp hala (potologa) seredýäris — hamana çuňňur manyly sözler aýdýan ýaly, göz öňüňe getir. Bäh! Häzir ýazyp otyrkam öz gülkim tutýar... Soň men dost oglana seretdim:

— Saňa bir zat aýdaýynmy dost?

Dost oglan meniň gözlerimiň içine seredýär, çiliminden bir tüsse alýar:

— Aýt dost, diňleýän…

McM çiliminden bir tüsse datýar, gözlerini dost oglanyň gözlerine dikip, häzirem düşenip bilmejek, näme üçin diýendigine özem haýran boljak, taryha gyzyl harplar bilen ýazylaýjak, filosofik, çuňňur manyly şu sözlemi diýýär:

— Garaňkyda hemme zat birmeňzeşdir!!!

Dost, seret, men şu sözlemi diýdim-ä, hä?! Ikimizem kellämizi öňe sallap, 5 minut ýaly pikirlendik-ow, çynymy aýdýan. Hany, gürleşip oturan adamyň bir zat aýdanda, senem düşünmeseň, düşünen ýaly bolan bolup gürlemän oturarsyň-a, ana, biziňki hem şeýle boldy. 5 minut ýaly dymyp oturdyk. Hawa, dost oglan-a düşünmedi welin, menem düşünmedim näme diýenime. Alyslara garap gözlerimizi gysdyk, dym-dyrslyk boldy. Dym-dyrslygy dost oglan pozdy:

Dost oglan: McM!

McM: Hää, dostum, diňleýän seni, wujjanaaa… (pýan bolupdyr).

Dost oglan çiliminden ýene bir tüsse dartýar we gürläp başlaýar:

Dost oglan: Seniň aýdan filosofik sözlemiňe nemedeýin, bolýar-da… (“Nemedeýiniň” ýerine näme diýenini aňýansyňyzla).

McM: Dogry aýdýarsyň-aý dost, menem öz aýdanyma düşenip bilmän otyryn häliden bäri…

Dost oglan: Bar, öpdir… *(“Öpdiriň” deregine näme söz gelýänini bilýäňiz-ä).

Tur, öpdir! Ejem dagy gelýär häzir. Blýat, "Garaňkyda hemme zat birmeňzeşmişin…" Ýok bol bar, git...

McM: Ýok how, aslyýetinde çuňňur many bar, azajyk pikirlenip gör…

Dost oglan: Bar-ow, öpdürsene-aý… Kolbasaň hem hemmesini sen iýdiň (Pýanlykdan açylyp başlady).

McM: Bäh, nemetme-dä dost!

Şondan bäri filosofik söz ulanmajak bolýan. "Garaňkyda hemme zat birmeňzeşdir..." diýsene... Bäh... Ana şeýle. Nemetmäň sizem.

Awtory:McM