Ynanmak – ömrüň manysy. Nähili ýönekeý görünse hem ynamsyz ýaşamak mümkin däl. Nämä ynanmaly? Dünýä, daş-töwerege, adamlara... iň esasam özüňe ynanmaly. Ol hiç ýerde satylmaýar. Özüne ynamsyz adam hemişe özgeleri diňleýär. Olaryň aýdany bilen ýaşaýar. Elbetde, degräňi gurşap alýan alýan adamlar bilen maslahatlaşyp, pikir alşyp durmak gowy zat. Şeýle-de bolsa, her kim öz bilenini «okaýar». Köplenç, saňa senden gowy düşünýän ýok. Saňa nämäniň gerekdigini diňe sen bilip bilersiň.Ynamda uly güýç bar. Lukmanlar sagaljagyna ynamy güýçli bolan agyr hassalaryň keselden açylyp gidýändigini aýdýarlar.
Öň zähmet çeken hususy kärhanamdaky hasapçymyzyň hemişe gaýtalaýan bir jümlesi aňymda galypdyr: «Ynam güýçlümi ylym?». Ol özüniň ýokary okuw mekdebini tamamlamasa-da, arzuwlaryna ýetendigini tekrarlardy. Özüne, öz güýjüne hemişe ynanandygy barada gürrüň bererdi. Hawa, işdeşimiň aýdýanynyň jany bar. Ynamyň güýji daglary süýşürmäge hem mümkinçilik döredýär. Meşhur fransuz ýazyjysy Onore de Balzak özüňe bolan ynamyň gudrat döretmäge ukyplydygyny ýazypdyr.
Kimdir biri: «Men bu işi başarmaryn» diýýän bolsa, diýmek, ýeňliş gapysy uzakda däldir. Bir döwletli işe, maksada girişmezden owal onuň amala aşjakdygyna 100 göterim ynanmalydyr. Ýogsa oňa başlamagyň manysy näme? Eger sen özüňe ynanmaýan bolsaň, töweregiňdäki adamlar saňa nähili ynansyn? Ynamly hereket eden ynsan üstünlige ýeter, eger adam gorka uly ähmiýet berýän bolsa, şol bir ýerde gozganman durar. Gorkusyny ýeňip geçen ynsan özüne bolan ynamy kemala getirýär.
Iki sany deňizçi dost günleriň birinde durmuşda öz orunlaryny tapmak üçin uzak ýola rowana bolupdyrlar. Birnäçe günden soň olar bir ada baryp düşüpdirler. Ol ýeriň taýpa öňbaşçysynyň iki gyzy bolup, ulusy diýseň owadan, kiçisi görmeksizräk eken. Deňizçileriň biri beýlekisine özüniň bu ýerde galyp, gyzlaryň kiçisine öýlenmek isleýändigini ýaňzydypdyr. Beýleki deňizçi dostunyň bu saýlawyna haýran bolup, ýoluny dowam etdiripdir. Öýlenmek isleýän ýigit taýpa ýolbaşçysynyň öýüne baryp, niýetini mälim edipdir. Ýerli däbe görä, bu ýerde gyzyň galyňy hökmünde on sygyr alnar ekeni. Ýaş ýigit galyň hökmünde on sygyr getirendigini gyzyň kakasyna aýdypdyr. Ýaşuly uly gyzynyň görk-görmeginiň, akyl-huşunyň ýerbe-ýerdigini, bu toýa garşy däldigini bildiripdir. Şonda ýigit özüniň kiçi gyza hyrydarlygyny beýan edipdir. Kakasy kiçi gyzyň galyňy üçin üç sygyrdan kän almajagyny aýtsa-da, ýigit sözünde berk durup, gyzyň galyňyna on sany sygyr geçiripdir.
Aý aýlanyp, ýyl ötüpdir. Uzaklara syýahata giden deňizçi dostunyňka dolanyp gelipdir. Görse, kenarda bir näzenin otyrmyşyn. Dostunyň salgysyny alyp, öýüne barsa, ol çagalary bilen ala-ýazmyşyn. Şol barmana ýaňky näzenin bosagadan ätläpdir. «Bu meň gelnim» diýip, ol myhmany maşgalasy bilen tanyşdyrypdyr. Şonda dosty bu zenanyň öňki görmeksizräk gyzdygyna şübhelenipdir. Dostundan oň hikmetiniň nämedigini sorapdyr. Şonda dosty ony gelniň özünden soramagy maslahat beripdir. Gelniň jogaby örän täsin ýaňlanypdyr: «Bir gün men özümiň hem on sygra degýän gyzdygyma ynandym».
Hakykatdanam, ynsan özüne kembaha garasa, adamlaram oňa kembaha garaýar. Adamyň özüne göwni ýetse, beýlekilerem oňa göwniýetijilik bilen baha berýärler. Adam çagalyk döwründe höweslendirilse, onuň özüne bolan ynamy artyp başlaýar. Kämahal: «Howa gowy däl, kelläm agyrýar» diýseň, gowy howa ýaramazlaşyp, agyrmaýan başyňam dertlän ýaly bolýar. Şol mahal seni halas etjek zat – howanyň gowudygyna, janyň sagatlygyna ynanmak.
Gulagymda şol bir sözler gaýtalanýar: «Ynam güýçlümi, ylym?», haýsyny bijebaşy etjegimi bilemok. Haýsynyň güýçlüdigine ynansam, olaryň iň güýçlüsi şoldur, megerem...
2024-nji ýyl.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň