Arada bir gün, günortanky arakesmede umumy tanşymyzyň hudaýýolusyna bilelikde görünmek barada dostum bilen dilleşdik. Onuň ulagy bar. Şol sebäpli men onuň bilen jaňlaşdym-da, gelýändigini aýdansoň iş ýerimden uly ýola çykdym. Dostumyň geljek tarapyna laýyklap, pyýadalar üçin çyzykly ötelgeden gatnawly ýoluň gaýrasyna ötdüm-de, oňa garaşmaga durdum. Birsalym duranymdan soň birdenkä aňyrdan gelýän ulaglaryň biri pyýada ötelgä ýetiberip saklandy.
Men: “Be-e, bi näme üçin beýle bişeýkel durduka?” diýen geňirgenme bilen ulaga garşy äňetsem, sürüjisi, takmynan öz ýaşlarymyzdaky görmegeý zenan eken. Özem onuň men köçeden geçmekçi bolýandyryn öýdüp, maňa ýol bermek üçin säginendigi göz-görtele. Ulagyň öň aýnasynyň aňyrsynda goluny üzäýjek bolup, gyssanmaç galgadýar. Onuň: “Geç-dä geçjek bolsaň, sypaty guramyş! Nä, atdanlykda ýatagyndan boşanyp, indem nirä jyrtlajagyny bilmän aňalyp galan sammyk öküzçe kibi, agzyňa guş gonduryp dursuň!” diýýän terzde maňa gaharly yşarat edýäni düşnükli.
Men sürüji hanyma ýoldan geçmekçi däldigimi aňlatmak üçin, ilk-ä pyýada geçelgäniň çyzyklaryndan sähel gapdala tesdim. Soňam oňa uçursyz minnetdarlygym bilen birlikdäki çäksiz hormatymy aňlatmakdan ötri, özbek gardaşlarymyz kimin sag elimi gursagyma goýdum-da: “Kelin apa, hoş boluňlo-o-r! Ýollariňiz ak bolo-o, açik bolo-o!” diýýän pisint, oňa tarap başymy çalaja egdim. Emma meniň beýdenim bilen sürüji hanym köşeşip, öz ýoluna rowana bolubermekden geçen, gaýta, agzyny-burnuny towlaşdyryp, gözüni alardyp bolmajysyny bolup gidip barýar. Dahan üste dodaklaryny ýaman çalt-çalt açyp-ýapyşyndanam: “Geç-dä, meýdi çüýremän galan! Nä, bi adamlaň bar işi şeýdip, ýedi ýoluň üstünde gazarylyp, sen-sähnäň köçeden öterine garaşyp durmakmy?!” diýip käýinýäni bes-belli, ýetişibildiginden ak goluny dikuçar edip, maňa “öt, bahym” yşaratyny edýär.
Menem bu oslagsyz ahwala aňk-taňk halda, demsalym durdum-durdum-da, içimden: “Äý bolýa-laý! Dawagäriň heleý bolmasyn-laý! Göwni galmasyn, aýdanyny edenim bilenem aýagymdan kireý islämok-laý...” diýip pikir öwürdim-de, howlukmaç haýdap, ýoluň o ýüzüne geçdim. Gaharjaň gelin sol eliniň süýem barmagyny çekgesine diräp, eýläk-beýläk towlaşdyrdy, Ol: “Waý akmag-a sen, waý akmag-a!” diýen yşarat bilen deňämden geçip gidenden soň, ol “yzyna gaňrylaýmasyn-laý” diýen ätiýaç bilen ýene sekunt sellem eglendim. Soňam waz-waz ötýän ulaglaryň arasyndan maý alyp, yzyma ötdüm.
Biraz garaşýançamam dostumyň ulagy deňämde togtady. Münüp, ugranymyzam şoldy welin, dostumy köçäň beton jähegini etekläp duran ýol gözegçisi saklady. Dostum durup, penjiresiniň aýnasyny aşak düşüren badyna-da, aňyrdan gelen gözegçi ýigit, sürüji bilen däl, aşak egildi-de maňa bakyp, loh-loh gülmäge başlady:
-Ha-ha-ha, aý agam-aý! Ýamanammyr sabyrlydan giň adam ekeniň-aý! Ýaňky gelnejäň göwnüni ýykmajak bolup, özüňe gerek dälem bolsa, ýoluň o ýüzüne gidip geldiň-aý...
Asyl olam beýleräkde duran ýerinden bolşumyzy synlap duran bolsa nätjek?!
Heh.
“Hatyn hata etse, ondan ötünç soralýar” diýýärmidi, orus gardaşlar?!
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Sekizinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...