Hemmetaraplaýyn birkemsiz meýilnamaňyz bolmasa, bank talamaga asla synanyşmaň. Men muny etdim. Kemsiz meýilnamam ýokka – has açyk aýdaýyn – ýekeje-de meýilnamam ýokka, bank talaňçylygyna baş goşdum. Netijesimi? Taladym banky. Ýöne siz etmäň.

Biziň mähellämizdäki kiçijik bank şahamçasydy. Rast, öňünden geçip barýarkam, birden netijä geldim-de, okladym özümi içine. Kassanyň öňünde iki müşderi, aňyrsynda üç işgär, burçda aýak üstünde bir howpsuzlyk işgäri. Kyn bolmajagyna şol bada göz ýetirdim. Ýantorbamy egnimden düşürip, bankyň orta gürpünde goýdum. Bir elimi ýokaryk galdyryp, gygyrdym:

— Bu talaňçylyk! Hiç kim ýerinden gozganmasyn, ýogsam üstümdäki bombany partladaryn!

Howpsuzlyk işgäri ýerinden gozganman, meni başdan-aýak göz eleginden geçirdi. Ol seredensoň, menem biygtyýar özüme seretdim. Egnimde ýukajyk ak futbolka, aýagymda jinsi jalbar, sport aýakgaby.

— Bolýar, düzediş berýän; bomba üstümde däl, ýantorbamda... Hawa, bomba ýantorbamda. Indi bankdaky bolan puly bärik getirmegiňizi isleýän. Sähelçe säwlik bolsa-da, hemmämiz howa uçarys.

Mundan anyk nädip aýdyp bolar, bilemok.

Howpsuzlyk işgäri Ersin aýasyny maňa görkezip, elini galdyrdy-da:

 — Bolýar, köşeş, Nüsret, isläniňi alarsyň, hiç kime zyýan ýetirmegiň geregi ýok — diýdi. Jübüsinden täzeje şykyrdap duran ýüzlük çykaryp, seresaplylyk bilen maňa uzatdy:

— Bankdaky ähli pul şu, me, al-da öýüňe git.

— Bolýar onda, men häzir çykýan. Diňe gahrymançylyk görkezmäge milt etmäň — diýdim-de, puly alyp, assa-ýuwaş yzlykgan ädimläp, ýantorbam bilen ol ýerden ökjäni göterdim.

Meni bilen biler, mejbur bolmasam, beýle zat asla etmezdim. Bankdan soň göni köçäniň başyndaky saglyk öýüne gaýtadan bardym. Biraz öňem şu ýerden çykypdym. Nobatçynyň ornunda oturan aýalyň garşysynda dikilip, bankdan alan pulumy stoluň üstüne patyladyp goýdum. Aýalyň ünsi başga ýanda eken, tisginip, ýerinden syçrap turdy.

— Alla janyňy almasyn, Nüsret, ýüregimi ýardyň! — diýdi.

— Islän puluňyzy tapdym, Muazzez ýeňňe, indi derrew Aýsunlaryň öýüne bir lukman ugradýarsyňyz! — diýip kararly bir tonda aýtdym.

— Diňle, Nüsret, — diýdi Muazzez ýeňňe, — mesele pulda däl. Biz öz kellämize görä hiç kimiň öýüne lukman ugradyp bilmeýäris. Diňe şol adamyň özi talap etse lukman ugradýarys. Sen indi özüňi horlama, öýüňe git. Ynanýaryn, Aýsun birki günde gowulaşar. Onsuzam adaty sowuklamamyş.

— Düşünmeýärsiňiz, — diýdim, Muazzez ýeňňä. — Hiç biriňiz düşünmeýärsiňiz. Aýsun meniň ýüzümden bejergiden ýüz öwrüp, özüne kast edýän bolmagy ahmal ahyryn.

— Aman-aý, Nüsret, nireden tapýaň bu zatlary? Biraz öň sen gideniňden soň Aýsunyň ejesi bilen gürleşdim. Adaty bir wirusa ýolugypdyr, biraz gyzgynam barmyş, öýde dynç almagy gerek bolany üçin, iki gündür öýünden çykmandyr. Käbir zatlary aşa ulaldýarsyň senem. Hany, öýüňe git. Söz berýärin, zerurlygy ýüze çyksa özüm lukman ugradaryn. Ýöne görersiň, bu gün-erte “hä” diýmän gowulaşar.

Gördüm-durdum, bu işden hiç zat çykjak däl, saglyk öýünden çykdym. Yzymdan Muazzez ýeňňe gygyrdy:

— Puluňy unutdyň, Nüsret!

— Onsuzam meniňki däldi, — diýdim.

Adamlar näme üçin hemme zady özleri bilýändir öýdýärler? Näme üçin hiç kim meniň aýdýanlaryma çynlakaý garamaýar? “Şu Nüsretem öte sada, juda arassa ýürekli ýigit” diýip, arkamdan aýdýarlar. Bu-da däli diýmegiň sypaýy görnüşi. Hamala düşünýän däldirin-ow...

Aýsun biziň apartmanymyzda (köp öýli, zynatly ýaşaýyş jaýymyzda), garşydaky goňşymyz. Bu ýyl liseýiň* soňky synpynda okaýar, uniwersitete taýýarlanýar. Orta mekdepde üç ýyl bir synpda bile okadyk. Şol ýyl bir heläkçilik boldy, men liseýe gidip bilmedim. Öýde ýörite bilim alýaryn. Çünki Datçada meniň ýalylar üçin ýörite mekdep ýok. Bilýäňiz-ä...

Aýsun okuwa gidende her gün irden gapydan ugradaryn, gelende-de garşy alaryn. Gapyda aýak üstünde gürleşeris. Maňa diňe Aýsun düşünýär.

Mekdebe gitmändigini görüp, çydaman gapysyny kakdym. Ejesi Keriman daýza açdy. Men entek hiç zat aýtmankam:

— Nüsret, balam, Aýsun biraz syrkaw, gyzgyny bar. Şonuň üçin öýden çykanok. Sen biynjalyk bolma, bar, öýüňe git, — diýdi.

Hamala, aýal bilgiç (medium) deý, näme diýjegimi derrew öňünden aňdy.

— Ýok, men Aýsun üçin gelmedim, Keriman daýza. Ejem dagy: “Eger wagtyňyz bolsa... Eger wagtyňyz bolsa, agşam bile kenara aýlanmaga gideliňmi?” diýip soramagymy haýyş etdi.

— “Wagtlary ýokmuş diýersiň”, Nüsretjigim. Hany, indi öýüňe git.

Göni gapyny ýüzüme ýapdy. Elbetde, ýene kakdym. Ol bolsa hiç gaharlanman:

— Näme boldy, Nüsret? — diýip sorady.

— Eger Aýsunyň wagty bolsa, şu dynç güni bile ýüzmäge gidip bilerismi? — diýip, sesimi biraz beýgeldip soradym. Aýsun içerden meni eşidendir. Ol näme diýjek bolýanyma gowy düşüner.

— Muny-da ejeň dagy soraýarmy? — diýdi Keriman daýza.

— Ýok, muny özüm soraýaryn, — diýdim.

— Aýsun gowulaşsyn, soň gürleşeris, balam, bolýarmy? Hany, indi sen öýüňe git.

“Öýüňe git, öýüňe git!”. Hemme kişem meni hemişe öýe ugratmak isleýär.

— Lukman geldimi? — diýip, ol gapyny ýapjak bolup durka soradym.

— Aýsun lukmana gitmek islemedi, meniň pikirimçe geregem ýok. Biraz dynç alsa geçer. Biynjalyk bolma, bolýarmy, Nüsretjigim? Hany, balam, sen öýüňe git.

— Bolýa, Keriman daýza, salam aýt, Aýsuna.

— Aýdaryn, balam.

Birden aňyma ýetdi. Hemme zada düşündim, elbetde. Aýsun bilgeşleýin bejergi almaýar. Soň saglyk öýüne gitdim. Puly dert etdiler öýdýän, aýdyşym ýaly, puly-da tapdym — ine, şol nähoş bank talaňçylygy-da. Ýöne maňa hiç düşünenoklar.

Agşam öýde kakamam sorady. Oňa-da düşündirip oturmakda many görmedim, barybir maňa düşünmezdi.

— Bu gün biziň bankymyzy talapsyň, oglum, — diýdi.

— Ersin aýtdymy? — diýip biraz gaharlanybrak soradym.

— Men bankyň müdüri ahyry, oglum. Ol bolup geçen ähli zatlary maňa aýtmaga borçly.

Kakamyňky dogrudy. Ersini günäkärlemegiň hiç hili manysy ýokdy.

— Hany pul-zat gerek bolanda gönüden-göni meniň ýanyma geljekdiň-ä? Beýle zady etme, oglum! Bu örän nädogry hereket. Mundan beýläk  ne biziň bankymyzda, ne-de başga bir ýerde beýle zatlary asla etmek ýokdur! Saňa gelşenog-a, bu nä boluş, tüýkesme ogry ýaly bolup ýörşiň?! Bolýarmy, gürleşdikmi?

Gürrüňi uzatmak islemedim. “Hamala, Aýsunyň bejergisi üçin senden pul sorasam, maňa düşünjekdiňmi?” diýmedim.

— Bolýa, kaka, gürleşdik, — diýdim.

Ejem maňa biraz düşüner, emma... Saçlarymy öpüp, ysgady.

— Aýsun syrkawlapdyr kakasy. Meniň arslan oglum oňa lukman getirmek isläpdir. Şonuň üçin edipdir bu işi — diýdi. — Elbetde, barybir beýle zatlary etmek bolmaz, oglum — diýibem goşdy.

Muazzez ýeňňe ejeme aýdandyr. Bilýän, bu mähellede hiç zat gizlin galmaz, hemmeler hemme zady bilýändiris öýdýärler, ýöne hiç kim hiç zada düşünmeýär. Diňe Aýsun düşünýär.

Mundan iki gün öň apartmanyň girişinde Aýsunyň Serwer bilen gürleşýänini eşitdim. Aýsuna bu gezek aşakda garaşaryn diýip oýlapdym. Serwer bilen bile okuwdan gelýärdiler, Serwer öýüne çenli ýoldaş bolan bolmaly. Men apartmanyň içinde, basgançakda garaşyp otyrdym. Meni görmediler.

— Dynç güni çykyp bilseň, bile ýüzmäge gideli, — diýdi, Serwer.

Aýsunam:

— Bolýa, gowy bolar, — diýip jogap berdi.

Soňra Serwer:

— Hüşt, maňa seret, gyz, isleseň Nüsreti-de getir, biraz degşeris, üstünden düşeris, gülşeris, — diýdi.

Aýsun hem:

— Samahyllamasana! Näme isleýäň şol biçäreden?.. — diýip, garşy çykdy.

Soňra megerem Serwer Aýsuny öpmek isledi, emma Aýsun rugsat bermedi-de, ylgap içerik girdi. Bu ýerini doly görmedim, ýöne meniň pikirimçe şeýle bolan bolmaly. Aýsun içerik girip-girmänkä, göz-göze geldik.

— Sen şu ýerdediňmi, Nüsret? — diýdi.

— Ýaňy geldim, — diýdim, ýöne ynanmady. Çünki elimde bir gysym çigit, öňümde bolsa üýşmek çigit gabygy bardy.

— Hany onda, soň görşeris, — diýip, ýanymdan geçip, basgançak bilen ýokary çykdy.

Menem yzyndan gygyrdym:

— Isleseň, şu dynç güni ikimiz bile ýüzmäge gideli.

Ikinji gatyň basgançaklarynda sähel salym saklandy, soň çaltlyk bilen aşak düşüp, gaýtadan ýanyma geldi-de oturdy.

— Diňle Nüsret, senden ötünç soraýan, gaty görme, Serwer diňe oýun edýär. Sen meniň iň gowy dostumsyň. Bu hemişe şeýle-de bolup galar, düşünýärmiň? — diýdi.

— Sen meniň iň gowy dostum däl, ýöne, Aýsun, sen meniň... Sen meniň... Seni öpüp bilerinmi? — diýdim.

Aýsun ýaňagymdan öpdi.

— Sen meniň üçin örän gymmatly, Nüsret, saňa bir zat bolsa, men muňa çydap bilmerin. Şonuň üçinem seniň bilen ýüzmäge gitmek islemeýärin. Düşünýärmiň maňa?

Birhili boldum. Tolgunmadan demim tutuldy.

Kynlyk bilen:

— Bolýar, düşünýän, — diýdim.

— Menem saňa düşünýän, hemişe-de düşündim, muny bilmegiňi isleýän.

— Bolýar.

Soň gitdi. Men muny onsuzam hemişe duýýardym. Aýsun maňa düşünýärdi, ýöne muny özünden eşitmek maňa has gowy geldi.

Şol gije Aýsunyň aýdanlaryny kellämde aýlap durdum: “Saňa bir zat bolsa, çydap bilmerin” diýipdi maňa. Bu meniň pikirimçe örän gowy zat. Ýöne Serwer bilen ýüzmäge-de, gezelenje-de gitmegini islemeýärdim. Kellämde bir meýilnama biçdim. Aýsuny howsala saljak meýilnama garaz. “Maňa bir zat boldy” diýip pikir etsin, gynansyn, Serwer bilen ýüzmäge gitmesin diýip”, öýden gaçan kişi boldum.

Ertesi irden ejeme gysga hat ýazdym:

“Eje, indi maňa garaşmaň, men öýi terk edýän, belki-de, dünýänem...”.

Biraz syrly bolmagyny isledim.

Ol gün agşama çenli öýe dolanmadym, köçelerde, kenarda gezdim ýördüm. Diňe bir gezek ajygamsoň, günortan öýe nahar iýmäge bardym, ýöne ejem bilen kän gürleşmedim. Bir gezegem agşama golaý täretim gyssany sebäpli öýe, hajathana gitmeli boldum, onda-da köp eglenmedim. Garaňky düşensoň, “ýene biraz alada etsinler, Aýsun hem gowuja howsala düşsün” diýip, ýene azajyk eglendim. Öýe baranymda ejem:

— Nirede galdyň, oglum? Garaňky düşensoň alada etdim. Indi gaýdyp gijä galma, — diýdi. “Hä, ine şeýle-dä onda...” diýdim içimden.

— Bu gün Keriman daýzalara gitdiňmi, eje? — diýip soradym.

— Hawa, oglum. Näme üçin soradyň? Irden sen öýden çykanyňdan soň birazajyk baryp gaýtdym, — diýip, aşhanadan jogap berdi.

— Olary howsala salmasaňda bolardy, — diýdim.

— Näme üçin howsala salýarmyşym, oglum? Keriman daýzaň bilen ony-muny gürrüň edýäs.

— Bolýar, näme-de bolsa, indi boljak iş boldy. Aýsun-da gynanandyr, — diýdim.

— Hä, hawa, Aýsun mekdepden gelende ýüzi salykdy, keselläpdir öýdýän. Biçäre gyzjagaz düşeginden turman ýatyr.

Muny eşidip, bir tarapdan gaty gynandym, bir tarapdanam içimi begenç gaplady. “Hakykatdanam gynandym, ezizim, ýöne maňa başga ýol goýmandyň”, — diýip oýlandym.

Men Aýsuny orta mekdepden bäri söýýän, ýöne oňa hiç wagt aýdyp bilmedim. Käwagtlar Aýsunyň yşgyndan ýaňa bogulýan ýaly bolýaryn. Şonda derrew baryp aýdasym gelýär. Soňra ýene ýüz öwürýän. Çünki Aýsunyň maňa düşünýändigini bilýän. Ýöne onuň Serwer bilen duşuşmagyna-da, gezmegine-de çydap bilemok. Diňe şonuň özem meni bogýar. Ýadyma düşdügiçe-de has beter bogulýan ýaly bolýaryn.

Orta mekdebi ýakynda gutarypdyk. Synpdaşlar bilen deňziň kenaryna ýüzmäge gitdik. Üç bolup deňiz welosipedinde biraz aýlandyk. Men, Aýsun we Serwer. Aýsun deňiz welosipediniň öň tarapynda oturyp, aýaklaryny suwa sokupdy. Serwer ikimiz pedal aýlaýardyk. Serwer öňdenem ýakymsyz, erbet çagady. Aýsuny söýýänimi bilýärdi, şonuň üçinem käwagtlar üstümden gülüp meni ynjydýardy.

Aýsun ýanymyzda wagty, Serwer ýaňzydyp-ýaňzydyp gürlärdi. Men utanardym, Aýsunam utanardy. Deňiz welosipedi bilen buýlardan hem geçip, kenardan ep-esli daşlaşanymyzdan soň, ýüzmek üçin durduk. Serwer kän ýüzmän, welosipede çykdy, Aýsunam onuň yzyndan. Men bolsa ýene biraz ýüzdüm. Ýadanymy duýanymda, welosipede çykmaga synanyşdym. Ýöne Serwer her gezek meni gaýtadan deňze itýärdi. Birnäçe gezek çykmaga dyrjaşdym, ýöne ol meni itip, kah-kahlap güldi. Ikisi-de hezil edýärdiler. Emma men halys ýadapdym. Deňiz welosipediniň gyralaryndan ýapyşyp, çykmaga synanyşmakdan ýaňa gollarymda ysgyn galmandy. Birnäçe gezek gaharlanyp:

— Ýeter indi, halys ýadadym, bes ediň şuny! — diýdim, ýöne ikisi-de kellelerini oýna-gülkä aldyrypdylar.

Indi suwda durmaga mejalym galmandy. Duzly suwy ýuwutmaga, gusmaga başladym. Soňky güýjüm bilen elimi welosipediň gyrasyna atdym, ýöne Serwer meni ýene suwa itdi. Biraz suwuň düýbüne tarap gitdim. Kynlyk bilen ýüzüne çykyp bildim. Ögeýärdim, gusýardym, dem almaga çalyşýardym. Şol pursat Serweriň welosipediň oturgyjyna oturyp, pedaly aýlap ugranyny gördüm. Başyny öwrüp, gülüp maňa seslendi:

— Hany, arslanym, sen oňararsyň, kenarda saňa garaşýarys!

Aýsunyňam ýüzi maňa tarap, aýak üstünde durup, gülüp seredýärdi.

Gürlär ýa-da gygyrar ýaly halda däldim. Üsgürip, gusup, diňe: “Bogulýaryn!” diýip bildim. Ellerimi, aýaklarymy gymyldadyp bilmedim. Barha uzaklaşýandyklaryny görýärdim, ýöne henizem kah-kahlary eşidilýärdi. Iň soňky eşiden seslerim şol kah-kahlar boldy. Suwuň ýüzüne çykyp bilmedim. Deňziň astynda urnup durdum. Hakykatdanam demigýärdim, döşüm, gulaklarym ýarylaýjak bolýardy, gözlerim çukanaklaryndan atylyp çykaýjaga çalym edýärdi. Demim ýetmän, agzym öz-özünden açyldy. Deňziň ähli suwy öýkenime dolan ýaly boldy. Ejemi, kakamy, birem Aýsuny ýatladym. Gözüm garaňkyrady, gulaklarymda basyş bilen uwwuldy kesildi.

Gözümi açanymda hassahanadadym. Dört gün komada ýatypdyryn. Meni suwdan Aýsun çykarypdyr: deňiz welosipedinden suwa böküpdir, Serwerem ýokary çekmäge kömek edipdir. “Birden suwa çümüp, gözden ýitdi” diýip, biziňkilere gürrüň beripdirler. Men şol gün bolan zatlar barada hiç kime hiç zat aýtmadym. Uzak wagt beýnime kislorod barmansoň, beýnime zeper ýetipdir. Lukmanlar: “Hatda diri galmagymyň özem gudrat” diýen ekenler. Şol günden bärem beýnim zeperli. Elbetde özüme beýle däl, ýöne daşymdan şeýle görünýän bolmaly. Men hemme zada doly düşünip bilýändigime ynanýan, ýöne hiç kim maňa dogry düşünmeýär. Diňe Aýsun düşünýär.

Şonuň üçinem onuň kesellemegine dözüp bilemok. Meniň ýüzümden bolandygyny bilýärin, muny ýüregim duýýar. Dogry, öýden gaçan kişi bolanymdaky ýazan hatymy jübimde undup çykypdyryn, ýöne barybir adam öz duýgusynda ýalňyşmaz ahyry. Aýsun sagalsa, belki ýene bile ýüzmäge gideris. Şol günden bäri hiç ýüzmedim, çünki ýüzüp bilmedim. Serwer bilen ýüzmäge gitmeginem islämok. Gitmez megerem, inşallah ýagny... Olar ýüzmäge gidenlerinde, özümi suwda bogulýan ýaly duýýan. Aýsun maňa düşünýär, meni suwdan ol çykardy. Ýöne iň köpem Aýsunyň yşgyndan ýaňa bogulýan ýaly bolýaryn. Yşk, megerem bogujy bir zat öýdýän.

 

© Selahattin Demirtaş

Terjime eden: Resul Garryýew

 

*Türkiýede 4+4+4 diýip bilinýän, hökmany döwlet orta bilim ulgamy:

Başlangyç bilim: 1, 2, 3, 4-nji synplar;

Orta bilim: 5, 6, 7, 8-nji synplar;

Liseý ýa-da ýörite orta bilim: 9, 10, 11, 12-nji synplar.