Ýürekdeş!
Diýmedim-ä ýürek deş!
Içim dökjek,
Gel, gowusy kömekleş.
Jogapsyz sowallar, doýurýar kemden.
Ýadadym düýnden.
Ertirdenem öýkeli.
Gepleşemok şugün bilen.
Göwün bilen,
Işiň ýok ýaly seňem.
Huşym ýok ýaly meňem,
Seni her gün okap ýörün täzeden.
Muny däp eden,
göwnüm ynjyk,
hasda beter çagadan
Çykmaýan deý kadadan,
Gijelerem borçly ýaly,
düýşlerime getirmäge,
Utanmaga mejbur edýär aşyklar,
Gol tutuşyp gideninde.
Bedenimde birzatlar-a ýetmeýär,
Lukmanlar sagdyn diýýär,
Keselimi aýtmaýar.
Ah, senli durmuş,
edenimiň nämesi ýalňyş!?
Ujuny ýitirdim kelebiň.
Çarhypelek, bir azajyk durup geç...
Ýürekdeş,
Diýmedim-ä ýürek deş!
Içim dökýän,
Gel, gowusy kömekleş..!
© Ylham GURBANALYÝEW

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.