«Adam garrandygy üçin söýmegini bes etmeýär, tersine, söýmegini bes edendigi üçin garraýar.»
Gabriel Garsia Markesä 1982-nji ýylda Nobel baýragyny getiren dünýä edebiýatynyň öçmejek klassikasy "Ýüzýyllyk ýalňyzlyk".
Eserde adamyň ýalňyzlygy, taryhyň we ýalňyşlyklaryň gaýtalanmagy, söýgi we ömür yaly müdümi pelsepewi temalar gozgalýar we bu eseri okap "düşünmedim" diýýänler köp eken. Dogrusy, düşünmek hakykatdan hem aňsat däl, sebäbi tutuş bir ýurduň we bir neberäniň ýedi arkalyk taryhy ýekeje romana sygdyrylypdyr. Üstesine, akla sygmajak, adaty düşünjelere ters gelyän birnäçe pursatlar hem bar.
Durmuş pelsepesi toslama bir ýurduň we şol yerde ýaşayan bir nesliň ýedi arkasynyň başdan geçirmeleri arkaly düşündirilyär. Käbir yerlerinde fantastik goşantjagazlar, öwüşginler hem bar. Ýazyjynyň ussatlygynyň esasy aýratynlygy hem hut şonda. Ol şol geň-taň, adatdan daşary wakalary edil gündelik durmuşdaky adaty zat ýaly ynandyryjy suratlandyrmagy başarýar we okyjyny hiç hili müýnürgetmeýär ( elbet-de bu meniň synçy pikirim😅)
Okanymyza degýärmi? Oňa "plaaan..." diýip, kesgitli bir zat aýdyp bilmerin. Yöne haçanda okap başlap, romandaky wakalar göz öňüňde janlanyp ugranda, pikirleriň hem edil at ýaly çapyp başlaýar. Eger «okanymda pikirlerim oýansyn, tayýar netijäni okaman, aňymy işledip okayyn, kitap meni oýlandyrsyn, meseläni özüme çözdürsin, täze garayyşlar edineyin, munuň üçin bolsa ýaltalygym bilen göreşmäge-de taýyn» diýseňiz, onda hökman okamaly! Onsuzam bu eser wagt geçse-de öz ähmiyetini ýitirmeýän, baky temalary gozgayan we her bir adamyň okamaly kitaplarynyň hataryna girýän klassika.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň