Agyr etmişi bolan, gelşiksiz, aýyp iş eden adama ýüzügara diýýärler. Munuň bilen ugurdaş alnygara, petigara diýen sözlerem bar. Alyn – maňlaý, pet – ýüz, pete-pet ýüzbe-ýüz diýmegi aňladýar. Alnygara we petigara maňlaýy pes, edeni tersine, işigaýdan ýaly manylarda ulanylýar.
Eýse, näme üçin eli gara ýa aýagy gara diýmän, ala-böle ýüzügara diýdilerkä?
Meniň pikirimçe, bu sözüň döreýişinde-de o dünýäniň işleri ýatyr. Delil hökmünde ýene-de Gurhana ýüzlenmekçi.
Ýunus süresiniň 27-nji aýatynda ýaman işleri eden adamlar barada “Olaryň ýüzleri göýä garaňky gijäniň bir bölegi bilen örtülen ýalydyr” diýilýär.
Zümer süresiniň 60-njy aýatynda bolsa: “Kyýamat gününde Alla babatda ýalan sözlänleriň ýüzleriniň gara-ört bolandygyny görersiň” diýen sözler bar.
Indi Al Ymran süresiniň 106-107-nji aýatlaryny okaýarys: “Kyýamat gününde käbir ýüzler ak bolar, käbir ýüzler gara bolar. Ýüzleri gara bolanlara: “Imandan soň inkär etdiňizmi? Inkär edendigiňiz sebäpli bu azaby dadyň!” diýler. Ýüzleri ak bolanlar bolsa, Allanyň rahmetinde bolarlar. Olar ol ýerde baky galarlar.”
Üns beren bolsaňyz, soňky mysalda ýüzleri ak we gara bolanlar barada aýdylýandyr. Gara diýýäni biziň gürrüňini edýän ýüzügaramyz, olar dowzahda galmaly. Ak diýýäni onuň tersine. Ýagşy iş edip, sogap gazananlaryň ýüzleri ak bolmaly, olar jennete girmeli.
Gepiň gerdişinde bellemeli zat, seýregrägem bolsa, käbir türkmen şiwelerinde “ýüzüň ak bolsun” diýen dileg bar. Alkyşa ýugrulan şeýle dileg “Görogly” eposynda-da duşýar. “Ar alyş” şahasynda Görogly Reýhan Araba garap:
– Ähä, şeý diýsene, Arap aga, oýunçy utulanyny bilse ýagşy, ýüzüň ak bolsun, Arap aga! – diýýär.
Görşümiz ýaly, “ýüzüň ak bolsun” diýen dilegem, “ýüzügara” diýen käýinjem dini ynançlar esasynda dörän ekeni.
Ýüzügaralyk düşünjesi Magtymgulynyň döredijiliginde-de telim ýerde gabat gelýär. Şahyr “Päli bendäniň” goşgusynda:
Gabryňa salmazlar dünýä malyndan,
Ýüzi gara, jowap gelmez tilinden –
diýse, “Adamzat” goşgusynda ony ruýy-syýa görnüşinde getirýär:
Günäden gorkmagan ruýy-syýadyr,
Munuň maglum güni ruzy-jezadyr.
Parsçadan terjime edilende ruý – ýüz, syýa – gara diýmegi aňladýar. Magtymgulynyň setirlerinde ýygy duşýan rusyýa sözi-de ýüzügara manysynda bolup, ruýy-syýanyň ses taýdan gysgaldylan görnüşidir.
9-njy fewral, 2013-nji ýyl.
Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň