Arada bir gün, türkmençe internet saýtlarynyň birinde ýyladyşhana gurup, oňa banan ekmek we ondan garaşylýan girdejiler hakda ChatGPT neýrosetiniň kömegi bilen düzülen işewürlik meýilnamasyny (biznes-plany) okadym. Şondan soňam bu barada pikir alşyp käbir zatlary ýazdym. Ine şu aşakdakylaram şol ýazgylarym:
Oba ýerinde ýaşandygym sebäpli 5 ýaşymdan bäri, mellek, meýdanyň potraty, kärendesi bilen meşgul... garazam, gök ekiniň içinde. 1996-njy ýyldan bäri ýyladyşhanada ekin ekýäris. Şonuň üsti bilen eklendik, öýli-işikli, hojalykly bolduk. Häzirem çagalar okuwyň, işiň daşyndan bir gapdalynda şol.
Şol sebäpden neýrosetiň özüniň tapanmy ýa-da bir ýerden «taýynjagyny çilenmi» bi biznes-meýilnamasynyň birje kemçiligi bar hasaplaýan: ondaky garaşylýan girdejileri azyndan üçe bölmeli-de, şol üçden bir bölegiňem «ýarysyny alyp bilsem» diýen hasapdan ugur almaly.
Hiç kimiň elini sowatjagam bolamok. Biri bir işiň başyny tutmanka ony dil bilen «gark etmek» üçin dyzabam ýatmaýyn. Isaýy dinindäki tymsaly-ýagşyzada Foma Müňkürdenem ybrat alamok. Ýöne real durmuşy tejribeden ugur alýan: «Gowulyga garaş, erbetlige taýyn bol» diýilýär-ä. «Islendik meýilnama söweş başlaýança hereket edýär» diýen, serkerde (ofiser) aforizmem bar. Bu-da şonuň ýaly.
Ýöne, banan ideýasy biçak gowy ideýa.
Häzir ekýän az.
Islegem gowy.
Harydam bazarda gereginden artykmaçlyk etmez, ýagny banan her niçigem bolsa entek-entekler köpelmes-ä-hä öz bahasyny saklar.
Ýöne ýaňky neýrosetiň çyzan işewürlik meýilnamasynda prognoz berlen: “10 sotok teplisadan 14 müň 750 dollardanam gowrak girdeji” diýýäni birhili eşidilýär.
Elbetde:
-kesel degmese;
-gazyň pes bolup sowuk urmasa;
-suwsuz galdyrmasaň;
-hasyla duranda oňa gurçuk düşüp, zaýalap äpbermese;
-gara ýel turup sowuk güni teplisaň kleýonkasyny jyrym-jyrym etmese;
-hasylyň ýetişende söwdagärler itiň mugty bahadan seň ýetişdiren harydyňy bazara dökmese;
-hasylyňam bol bolup, bahasam ýetse;
...onda «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýlişi ýaly, girdejiň ondanam gowy bolar :-(.
Emma-ki, şu kyrk ýyla barabar meniň tejribämd-ä-hä şunuň ýaly ähli pozitiw faktorlaryň jem bolup, seniň daşyňda Täze ýyl arçasynyň daşyndaky ýaly aýdym aýdyp, heýjanelek pyrlanýan halaty diňe ýekeje sapar bolup gördi.
Şol sebäpdenem, elbetde ChatGPT biziň hemmämizdenem akyllylygyna akyllydyr. Emma, uzak ýolda barýarkaň hajatyň näçe gyssasa-da, ýolgyrada duran çalamydar hajathana girip görmesden burun, onuň astyna ilki bir aýagyňy basyp, barlap görmek lazym bolaýmasa. Çünki oturyp oturmankaň aşaklygyna opurylyp, güwläp, üstünden tas asyr aşyryp ýatan bir zatlardan ybarat batga gaçaýsaň nätjek?
Her niçigem bolsa ýyladyşhana gurmagam, oňa ekmek üçin banan nahalyny satyn almagam, ony idetmek üçin dürli däri-dermanlary edinmegem, çykdajysy kän pişeler-dä.
Ýöne şu ýerde ýyladyşhananyň aşaklygyna gazylyp gurulýany kellä gelmändir. «Стереотип мышления» diýilýäni-dä. Gök ekine Günüň şöhlesi, howa has köp gerek bolýar. Şonuň üçinem beýle ýyladyşhanalar topragüste edilse gowy bolýar. Emma bag, özüne gerek şöhläni, howany ýokardanam gowy alyp bilýär-ä. Gowy pikir. Teplisany guranyňda zähmeti känräk, ýöne soň köp tebigy bela-beterlerden goranmaga ýardam berýän usul.
Edibermeli zat.
Üstüni pleýonka bilen ýapmagam aňsat boljak: beýige münmeli däl.
Şemalyň täsirem az bolar: sebäbi pesde.
Sowugam az täsir eder: sebäbi teplisaň üçeginden galan ýeri ýerastynda: ýylylyk has gowy bolýar, gowy saklaýar.
Neýrosetiň bu biznes-meýilnamany düzüşi hakda bolsa, şulary aýdyp biljek (bilýänje zatlam ýa-da “bilýändirin” öýdüp hasaplaýan zadym): Neýroset, hiç maglumaty özünden toslap tapmaýar. Sebäbi onda abstrakt oýlanmaga, ýok zady öz tejribesiniň, hyýalynyň, fantaziýasynyň we ş.m. kömegi bilen göz öňüne getirip, onuň hakykata ýakyn, reallyga laýyk gelýän modelini gurmaga başarnygy ýok...(...myka diýýän).
Ol diňe öz ygtyýarlygynda (elýeterinde) bar bolan maglumat gorunyň esasynda öz öňünde durýan wezipäni, özeninde (hamyrmaýasynda) duran algoritmlere laýyklykda çözýär. Ýagny, şu teplisa bilen baglylykda, ChatGPT elýeterli bolan ähli maglumat gorlarynda, mysal üçin: 1 000 000 sany biznes-plan, teplisaň konstruksiýalary, aýry-aýry ýerleriň klimat şertleri, materiallaryň bahalary barada nijeme terabaýtlyk maglumatlar bar bolsa, ol derrew şol maglumatlary analizläp, summirläp, seniň beren başky şertleriňe görä bu plany düzmäge ýardam berýär ýa-da öň şoňa meňzeş plan ChatGPT-e elýeterli bolsa, taýynjagyny alýar-da, redaktirläp saňa hödürleýär.
Her wagt her dürli ýyladyşhanada ekin ekip gördüm.
Irräk döwürler, ýaşkam, elim degýärkä, 15-20 sotok teplisa ekin ekerdim. Hasyllylygy her sotoga 1 tonna pomidor ýa hyýar alynsa gaty gowy hasyl hasaplanýardy. Ýöne adatça, 1 sotoga 500-600 kg pomidor ýa hyýar hasylyny berýär. Bahasy bazaryň göterişine görä bolýar. Her ýyl her hili.
Ýöne adatça, meniň bar ekýänim mellegimdäki 5 sotok teplisa. Hasyly her ýyl ortaça 3-3,5 tonna. Bahasam her möwsümde birhili. Geçen ýyl (2022-2023-nji ýylyň gyşy) mysal üçin, gyşda ekini sowuk urdy-da, hiç hili hasyl alyp bilmedik.
Ekinden iň gowy gazanan ýylym, 2004-nji ýyl 3 müň dollar alypdym. Şol döwür uly puldy. Laýygrak (wremýanka) jaý gurup bolýardy ýa-da şäherde 1, kä ýerde 2 otagly jaýlaryň bahasy şeýledi. Ulag edinip bolýardy. Täzesini bolmasa-da, laýygyny.
Biziň teplisalarymyz “çopan teplisasy”.
Häzirki gurulýanlar – telekeçileriňki gaty gowy. Hemme şerti bar. Eşitmişime görä, olar her gektardan 250-350 tonna hyýar-pomidor alýarmyşlar. Özlerem adatça hasylyny 25 tonna ýük äkidip bilýän uly ýük ulagly daşadyp, daşary ýurda satansoňlar kg-sini 1 dollardan dagy berýärler öýdýän. Ýöne olaryň çykdajysam esli bardyr. Sebäbi olar tozanlaýyş geçmek üçin ýörite arylara çenli her ýyl satyn almaly bolýarlar. Ýörite agronom, derman-däri, ýörite tohumlar, köp işgär, tehnika, gaz, tok, suw, ýer tölegi, salgytlar we ş.m.
Umuman: “Çykdajy çykman girdeji girmez” diýilmeýärmi?
Adatça, halys bagtyň küle çöküp, “düýäniň üstünde it ýaraýmasa”, girdejiňem çykdajyňa, gazanç üçin siňdiren yhlasyňa baglyrak, barabarrak bolýar. Nireden okandygyma-ha anyk ýadyma düşenok, ýöne iş we netije meselesinde geçirilen seljermelere görä, köplenç halatlarda umumy sarp edilen zähmetiň, yhlasyň, maýa goýumyň segsen göterimä-hä garaşylýan netijäniň ýigrimi göterimini berýärmiş. Kynçylykdan basylman, bihuda ýaly bolup görünýän, “okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmejek” diýip hasaplamaga iterýän müşgilliklerden gaçman, tutanýerlilik bilen başyny başlan işiň ahyryna çenli eltmek üçin ýapyşyp ýatanyňda welin, meýilleşdiren işiň galan ýigrimi göterimi, garaşylýan netijäniň beýleki segsen göterimini gazandyrýarmyş.
Muňa näme diýjek?
“Çyndyr, ýalan bolmasa...” diýäýmeseň :-).
Özüm bolsa ýyladyşhanada pomidor, hyýardan başga kelem, bulgar burçy, badamjan ekip gördüm. Gül ekenleri, gawun-garpyz, salat ekenleri bilýän. Ýöne hiç haýsam pomidoryň ýa hyýaryň berýän girdejisini bermeýär. Iki-ýekesi şol ekinlerden gowy girdeji alan bolaýmasa. Munuň üçinem gaty köp zat deňme-deň gelmeli.
Edil şonuň ýaly-da ýyladyşhana bilen bagly başga bir işewürlik meýilnamasynda 1 ga ýyladyşhanany 20 müň ABŞ dollaryna gurup boljakdygyny, umumy ony ekmek üçinem takmynan 150 müň ABŞ dollarynyň gerekdigi bellenilipdir.
Bu maglumatlar barada aýtsam: ýene-de maglumatlar real ýagdaýa laýyk gelmeýän ýaly bolup dur:
1. Telekeçileriň gurýan döwrebap ýyladyşhanalarynyň 1 ga üçin bahasy 140 müň dollardan başlanýar. Ýöne ol ýyladyşhanalaram Hytaýdan getirilýär-de, hemme şertleri, tehniki hili ýokary hasap edilenok. Adatça, esasan Türkiýeden taýýar konstruksiýalary getirýärler, olaryňam ortaça bahasy 250-400 müň dollar;
2. «1 ga = 20 000 $» diýýäni, bu biziň «çopan teplisa» diýýänimiziň bahasy. Ýa-da demir-dümrüni arzanrak bahadan alyp bilmeseň, şoňa-da ýetjek pul däl. Ýarpy esseräg-ä gymmat bolaýjak ýaly. Obada şu wagt arzan demirden, arzan agaçdan, arzan simden (hemmesem öň ulanylyp, bir ýerden sökülip aýrylan bolýar) gurulýan ýyladyşhanalaryň bahasy 1 sotogyna ortaça takmynan 4-5 müň manat hasaplanýar. Ýöne beýle ýyladyşhanalarda howa bermek, çyglylyk, derman-däri sepmek, suw bermek, gerekli temperaturany kadaly üpjün etmek mümkin däldigi sebäpli, ekiniň hasyly pes bolýar. Döwrebap teplisalarda, mysal üçin 1 düýp pomidordan 10-15 kg hasyl alýan bolsalar, «çopan teplisasynda» 1 düýp pomidordan 5 kg hasyl alsaň begenjiňe telpegiňi ýyrtýaň. 1 ga meýdanly ýyladyşhana, degişli ölçegleri saklap pomidor ekseň 25 000 düýpräk pomidor şitil ýerleşýär.
5 sotok çopan teplisa ortaça 1 500 düýp pomidor ekilýär.
Limon ekilende arasy darrak ekilse 3 metre 3 metr edilip ekilýär.
Hurmany teplisa ekýänlerini eşitmedimem, görmedimem.
Karlik (girdenek) bananyň nahalyny, tohumyny uruş başlanmazdan öň Ukrainada ýetişdirýän meşhur kärhananyň bardygyny okapdym. Banany Maryda bir uly kärhanaň ekendigini bilýän. Telewizorda gördüm. Hatda öz mellegimdäki ýyladyşhanama ekmek üçin öwrenibem ugradym. Ýöne soň doly öwrendim welin, olam gaty ynjyk ekin ekeni. Ýene şol howa, çyglylyk, kadaly temperatura, damjalaýyn suw we ş.m. şertler bolmasa, hasyly, «okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmeýär» diýilýänine baraýýan eken.
Meniň pikirimç-ä 150 000 $-y töwekgelçiligi has azrak, girdejisi has durnuklyrak zatlara-da sarp edip bolarmyka diýip pikir edýän.
Ýöne, «alma biş agzyma düş» diýip ýatanyň bilenem zat ýok. «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýilýär. Ýer ýaly, daýhançylyk ýaly bereketli, hudaýhalan kär, megerem adam döräp bolmadyk bolaýmasa. Sebäbi hemme zat daýhanyň gerşinde dur. Daýhanyň ýok ýerinde durmuş ýitýär diýen ýaly. Şonuň üçinem durnukly gazanç etmek, eklenmek, kadaly ýaşamak üçin daýhançylyk gaty gowy kär. Ozaly bilenem tüýs daýhan üçin döredilen aýtgy bar: «Dileseňem ekip dile».
Hakykatda, pomidoryň modifisirlenen tohumlarynyň kagyzynyň ýüzünde 1 düýbüň 30 kg hasyl berýändigini ýazýarlar :-).
Megerem laboratoriýa şertlerinde, her düýbüň daşynda üç sany ak halatlyja, “tilwizere düşmek üçin” makiýažy, pedikýur-manikýury we gaýry ş.m.-leri gaýym ýetirilen, gelşiklije laborant gyzjagazlar, eller-ä porhan deprekli, boýunlaram guş-puş süňkünden hünjüli, «küşt depip, gazal aýdyp» her düýbe izzik çaga sereden ýaly seretseler, şeýle hasyl alýan bolmaklary ahmal. Mysal üçin: barlagçy gyzlaryň biri, lälik, ynjyk ýigdekçelere mahsus tekepbirlik bilen töweregine seretmän, “dodak çömmerdip” ösüp duran pamadur düýbüniň daşynda pyr-pyr-pyrlanyp, näzirgeýär:
-Aýdaý-da, ji-a-nymjyk! Haýsy ýapragyňy sypalaýyn? Aşakyňymy ýa ýokarkyňy? Öňümi ýa yzyňy?
Beýleki laborant hanymjagazam kärdeşinden kem galyp barýan ýaly süýkdürip suwjarýar:
-A men bolsa sütüniňi sypap beräýin? Ýa düýbüňi ýumşadaýynmy, hä-ä-ä, ji-a-nymjagaşjana-a-a?!
Üçünjisem diýýä:
-Gara gözüm, ballym, baljagaşym balajyk! Wah, ýapragyňa-da döneýin, baldagyňa-da, ýaňy gunçalap başlan güljagaşlaňňa-da! Aýlanaýyn pamadurym senden! Aýt hany, dillen ýowwarsym, düýbüňe konýak damdyraýynmy ýa ýapraklaryňa şampan şerabyny sepeýin?! Belki, düýbüňe ders deregine, dökün edip tiramisu pirožnysyny owratmalydyr?! :-)
...Onsoň şeýdip ulaltsalar, ol-a pamadur ekeni, özüňem “her düýbüňe 30 kg hasyl” berermikäň diýýän :-).
...Oba şertinde bolsa, haýsy daýhan şeýle hasyl alaýsa, onda, günämi Alla bagyşlasyn welin, ol megerem daýhançylygyň täze piri diýlip yglan edilse gerek. Mysal üçin: bütin oba bolup, hasyl toýuna üýşüp, jar çekdirýärler:
-A-how, adamlar! Şuwundan şeýläk daýhançylygyň piri Babadaýhan däl-de, Sapby murtdur-la-a-a-ho-o-w! «Nämüçin» diýseňizem, sebäbi onuň tiplisgedäki pamadury Hydyr görüp, her düýbünden 29,72 kg hasyl alandyr-la-a-a-ho-o-w! Şonuň üçribem şuwundan şeýläk, ekin ekmäge başlanyňyzda: «Ýa pirim Babadaýhan! Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli!» diýip, dileg etmeli däl-de: «Ýa pirim, hezreti Sapby murt babam jan! Biziň elimiz däl, Sapby murt babamyzyň eli!» diýip, «bissimylla» etmelidir-le-e-e-ho-o-w!!! :-)
Ýene-de, maňa ýyladyşhanada ekini Günüň howrundan nädip goraýandygymyz hakda sorag berdiler. Ine-de şo sowalyň jogaby:
“Ekini Günüň dik şöhlesinden goramak wäpçe mesele däl-ä.
Biz ýyladyşhana ýylda iki gezek ekin ekýäs.
Birinjisi: awgustyň jokrama yssysynda.
Ikinjini, birinji ekin fewralda sowulsa, ýyladyşhanany taýýarlap ýetişsek (depmeli, derslemeli, täze kleýonka ýapmaly, joýa çekmeli, içinde kesel öler ýaly kükürt tütedip, soň ol ekine zelel etmez ýaly birki gün ýelejiretmeli we ş.m.), onda fewralyň aýagyna, ýetişmesek martyň başyna ekýäs.
Pamaduryň :-) birinji ekininde, aglaba köp tohumy, eken günüňden soň 80-100 günüň içinde, ikinji – ýazky ekini eken günüňden soň 70-80 günde ýolduryp ugraýar.
Yssyda kleýonkaň üstüne palçyk sepýäs. Onsoň howa sowap, ekine günüň şöhlesi ýetmän başlasa, kleýonkaň palçygyny ýuwup aýyrýas. Teplisaň içi gaty gyzgyn bolmaz ýaly, öňüni, yzyny, ýokarsyndaky penjireleri açyp goýýas. Onsoň kölegäň aşagynda, garaz şemal çalyp, ýaşajyk şitilleri Günüň howrundan goraýar.
Ýöne suwy az bermeli.
Diňe geregini.
Sebäbi gyzgyn howada çyglylyk, ýaşajyk şitilleri «garaýak» edýär, ýagny şitiller, edil baldagynyň topraga galtaşýan ýerinden garalyp çüýreýär-de, gapdallygyna ýykylyp, guraýýar.
Onsoň suwuny, howasyny ýalňyşsaň, wagtynda köküni, baldagyny iýmitlendirýän witaminleri sepmeseň, eken şitilleň, käte 20-30%, käte bolsa 60-80%-ni ýitirýäň.
Bu bolsa hem-ä goşmaça çykdajy (ýene şitil satyn almaly), hemem ekiniňi täzeden ekeniňde-de, hasylyň gijä galýar.
Olam owal-a baha hasabyňy bulaşdyrýar.
Onsoňam indiki ekiniň gijigip, olam ýere ekilen pomidor bilen birwagtda ýetişýär-de, ýene hasylyň bahasy pes bolýar.
Elbetde, ýyladyşhanaň üstüne setka ýa-da arzan biýz mata tutup bolar.
Ýöne, näme etjek, biderek çykdajy edip. Palçykda sarp edýän zadyň, diňe öz zähmetiň. Setka ýa mata-da bolsa, näçe arzan tapsaňam, ýene pula durýar. Onsoňam hatda 5 sotok meýdanly ýyladyşhana-da näçe setka ýa mata gerek bolar?
Hasaplabermeli.
Ýene bir ýagdaýy, setka-da, mata-da biziň agressiw Günümiziň jöwzasyna çüýräp, pide bolýar.
Gitse, yzba-yz iki ýyl ulandyrar-da.
Soň zyňaýmasaň.
Onsoň näme etjek?
Ýene täzesini aljakmy?
Oňa derek, Hudaýa şükür, gum-a mugt. Suwa garyp, näçe palçyk edesiň gelse edibermeli”.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Ýedinji kitap. – Aşgabat, 2024. Golýazma hukugynda.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...