Hümmetlidir tagam-duzuň,
Zenan bagtyýar bolanda.
Hormat goýar ogul-gyzyň,
Zenan bagtyýar bolanda.
Dünýäňi ala-ýaz eýlär,
Göwün guşuň perwaz eýlär,
Aýdym aýdar, şygyr söýlär,
Zenan bagtyýar bolanda.
Tygşytlar owkat-azygyň,
Bagyşlar ähli ýazygyň,
Bagt guşuň gitmez tazygyp,
Zenan bagtyýar bolanda.
Gara gözleri sürmeli,
Söýüp hem söýlüp ýörmeli,
Artar barar görk-görmegi,
Zenan bagtyýar bolanda.
Duýarsyň özüň «Görogly»,
Halal ojagyň gorogly,
Azatsyň sowal-soragdan,
Zenan bagtyýar bolanda.
Niýet-päliň sözden çaklar,
Ahwalyňy gözden çaklar,
Söýgiňi iki esse haklar,
Zenan bagtyýar bolanda.
Öý – ýerbe-ýer, tämiz – howly,
Şähdiň – açyk, işiň – şowly,
Bolar mydam seňki dogry,
Zenan bagtyýar bolanda.
Haly – Älem,
Älem – haly,
Nepis barmy zenan ýaly?!
Çyn eýlär gözel hyýaly,
Zenan bagtyýar bolanda.
Güler ýüzi misli kamar,
Ýerin bilip sözlär, dymar,
Kem-käslerňe gözün ýumar,
Zenan bagtyýar bolanda.
Zenan bilen juwan dünýä,
Her bir işde çeper, sünnä,
Sözlemeseňem düşünýä,
Zenan bagtyýar bolanda.
Ýurt – parahat, durmuş – ajap,
Çöreklidir tamdyr, saçak,
Üwrelip durar sallançak,
Zenan bagtyýar bolanda.
Gurbanjemal Annakowa

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.