Haktagala ýetmiş ýedi müň Älemleriň hemmesini ýaradanda, her bir owunjak zada-da many-mazmun çaýypdyr. Şol manylaň käbirlerine aklymyz ýetýär. Galan tükeniksiz ymgyrlygy bolsa çözgütsiz tapmaçalygyna galýar.

Ynsanam – matal.

Şol matalyň açaram ikä bölünen.

Ýarysy erkekde.

Ýarysy zenanda.

Zenan hemişe-de hormata-ha mynasyp, mähre-de mätäç.

Pygamberimiz Muhammet Alaýyhssalamyň hadyslarynyň birinde: “Jennet – eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýilýär.

Ene ýüreginiň, hatyn söýgüsiniň özi aň ýetirip bolmaýan gudrat.

Türkmen halk döredijiliginden ýadyňyza düşýän bolsa, ir döwürler birine ok degip, peýkamyň ujy (soň-soňlar gülle) onuň ýarasynda galyp, iriňlese, şo ýaraly synaň üstünden bigäne erkek kişi hakda gümürtik pikirem edip görmedik, ýüzi açylmadyk gyz ätlese, şol azarly demriň ýaradan öz-özünden zompuldap çykýandygyna, şiberläp duran ýaraňam gaty bahym bitýändigine ynanylypdyr.

Ýa-da “Gorkut ata” dessanynda ölüm halynda ýatan ýaradar ýigide enesiniň süýdüne garylan melhem içirilenden soň onuň göni gelen ajalyň deminden sypyşy hakda hekaýat.

Ýa-da haýwan-u-ynsana owuz süýdüniň ýetirýän üýtgeşik täsiri...

Galyberse-de, biziň halkymyzda-da, beýleki halklaryň aglaba köpüsinde-de, üýtgeşik gözel keşpli, hoşnut sypatly-syratly ýa-da haýsydyr bir ajaýyp gowulyklary gaýyrýan hatynlar hemişe melege (hüýr-peri, peýker, feýa, muza, perişde we ş.m.) deňelipdir.

Döredijilik bilen meşgullanýan hatyn bolsa, göwnüňe bolmasa, hasam päk jadyny emele getirmäge ymtylýan ýaly. Üstesine-de hakyky şygryň doga, sena, mynajat bilen deňeşdirilýän ýerlerine kän gabat gelmek bolýar.

Zenan şahyrlarymyzyň döredijiligi özboluşly bir Şygryýet bagyny emele getirýär.

Zenan şahyrlarymyzdan ýadyma düşýänlerini sanasam:

Laçyn Pürjäýewa;

Suraý Babanyýazowa;

Aýgül Baýadowa (Garaýewa);

Ogulnur Ataýewa;

Orazgül Kemendirowa;

Meňli Aşyrowa;

Bägül Ataýewa;

Gülşirin Hanowa;

Bagtygül Tekäýewa;

Aýsapar Emelowa;

Aýjemal Gurbanowa;

Mahym Nurgeldiýewa;

Şähribossan Geldimämmedowa;

Gyzylgül Annagylyjowa;

Gülnar Geldimyradowa;

Ogulnur Pirjikowa;

Oguljennet Bäşimowa;

Ogultäç Oraztaganowa;

Oguljemal Çaryýewa;

Aknur Rozyýewa;

Bilbil Kakabaýewa;

Annasoltan Kekilowa;

Zöhre Öwezowa;

Amangözel Gurbanowa;

Sona Ýazowa;

Selbinýaz Durdyýewa;

Oguljan Bäşimowa;

Bibi Orazdurdyýewa;

Dürnabat Aşyrowa;

Gülnabat Begenjowa;

Enejan Hangulyýewa;

Aýşat Hojamuhammedowa;

Gülnabat Hurşidowa;

Nartäç Ýusupdyrdyýewa we beýlekiler.

 

Bu şahyra-hanymlarymyzyň her haýsynyňam öz sesi, öz ynanjy, öz dünýägaraýşy, biri-biriniň döredijiligi bilen düýpli sesleşýän şygyr düzüş usuly bar:

Nusgawy galyplar;

Modernizm;

Lirizm;

Minimalizm;

Günbatar bilen Gündogar stilleriniň sintezi, simbiozy;

Täze, diňe özüňe mahsus ýoluňy, usulyňy gözlemek;

Batyrgaý eksperimentler...

...Umuman, näçe sanasaň sanap oturmaly.

Bujagaz sanawda ýatlanan-ýatlamadyk hemme zenan şahyrlarymyza döredijilik üstünliklerini arzuw edýän. Aýatda bar zenan şahyrlarymyza bu dünýede abraý, iman, bagt, ähli gowulyklary, gaýyby-älemdäkilere bolsa Allanyň rehmet etmegini dileýärin.

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Bäşinji kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.