Daniil HARMS kim?

Daniil Iwanowiç Harms (çyn familiýasy Ýuwaçýow) 1905-nji ýylda Sankt-Peterburgda dogulýar.

Ol rus we sowet ýazyjysy, şahyr we dramaturg. 1941-nji ýylyň awgustynda tussag edilip repressirlenýär. 1942-nji ýylyň fewralynda 36 ýaşynda Leningradda türme hassahanasynda ýogalýar. 1960-njy ýylda reabilitirlenýär (aklanýar).

Onuň ýazyjylyk ugurlary: modernizm, zaum, manysyzlyk, alogizm, grotesk, gara ýumor, absurd.

Goşgy, proza, drama, traktat eserleri bar. Eserlerini rusça ýazypdyr.

***

10 belgili gök depder

Bir çypar adam bardy, onuň ne gözi ne-de gulagy bardy. Onuň saçy hem ýokdy, çypar diýibem şeýlekin diýäýýädiler. Gepläbem bilenokdy, sebäbi onuň agzy ýokdy. Onuň burnam ýokdy. Hat-da onuň eli-aýagam ýokdy. Garnam ýokdy, arkasam ýokdy, oňurgasam ýokdy, onuň hiç hili iç-goşam ýokdy. Hiç zady ýokdy! Şonuň üçin, gürrüňiň kim hakdadygam düşnüksiz. Gowusy, biz gaýdyp onuň gürrüňini etmäliň.

Daniil HARMS.

Terjime: Mango