Jan Ýüjel kim?
Ol 20-nji asyryň modern türk şahyry, žurnalisti, terjimeçisi. 
Onuň lirikasy gödek we gönümel bolsa-da, özüniň ýürekdeşligi bilen tapawutlanýar.

1926-njy ýylda Stambulda doguldy. Ankara we Kembrij uniwersitetlerinde latynçany we grekçäni öwrendi. Dürli ilçihanalarda terjimeçilik etdi, Londonda BBC-Türkçe bölüminde diktorlyk etdi. Esgerligini Koreýada geçirdi. Türkiýä dolanyp az salym Bodrumda turist ýolbeledi bolup işledi. Soň özbaşdak terjimeçi we şahyr hökmünde Stambulda ýaşady.

1999-njy ýylyň 12-nji awgustynda ýogaldy we özüniň halaýan günebakar gülleri bilen soňky ýoluna ugradyldy.

 

25 ÝAŞLY, 35 ÝAŞLY, 40 ÝAŞLY WE BUGÜNKI MEN

- Olary bir ýere toplaýyn. Söhbet ederis, ýagşydan ýagşy - diýip pikir etdim.

Başym çykýar nahar-şordanam.
Ýazdym saçagy.
Baý, iş edindim-ä.
Gowy bilýän kimiň näme iýip-içmegi halaýanyny.
Sowdum pul baryny.

Biriniň iýýänin o biri iýmez.
Aňyrkyň içýänin bärkisi içmez.
Taýyn etdim dört kişilik saçagy.
Hem ýakdym şemleri.
Hä.. olar Erik Satiň aşygydyr.
Ýadyma düşdi.
Aýtdyrdym onuň sazlaryn.

Geldiler.

20 yaşynda men,
35 yaşymda men,
40 yaşymda men we
bugünki men - dördümiz.

20 ýaşymy oturtdym 35 ýaşymyň garşysynda.
40 ýaşymyň öňünde-de özüm oturdym.
Birden, ýigrimi ýaşym otuz bäş ýaşyma köneçil diýdi.
Kyrk ýaşym akmak diýdi ikisine-de.

Köşeşdirjek boldum.
- Işiň bilen bol, garry - diýdiler. Turdy uly galmagal.
Goňşular aşakdan hem ýokardan kakdy diwara.
Ýigrimi ýaşym kyrk ýaşyma zyňdy käsäni.

Öýüň-ä işini gördüler.

Özümde belaň körügi.
Nämä çagyrýaň öýüňe tanamaýanlaryňy…

Jan ÝÜJEL.

Terjime: Mango