Akpamykdan soň ýedi doganlarynyň we Gara döwüň biznesi

"Akpamukus" kafesi, özüniň meşhur firmennyý kökesi bilen açylyp, işe başlabersinler. Habary kimden al, garşy tarapdan al.
Bir aý ýa bolandyr, ýa bolan däldir, garşy tarapda, köçeden geçen ýeriňde täze restoran açyldy. Diňe et önümlerini hödürleýär.
Restoranyň adam "Ýedi doganus ethanaus" ("Ýedidoganus steýkhaus").


Bu ýerde (ýedi doganlaryň awuna görä) her hili haýwanlaryň her hili edip bişirilen et tagamlary taýýarlanylýar.
Şeýdip bir ýandan Akpamyk, beýleki ýandan ýedi doganlaryň biznesi gülläberdi, gazançlary artyberdi. Olar gazanjyndan obadaky garry ejelerine-de kömek iberýärdirler. Bular şeýde durabersinler, habary kimden al. Gara döwden al.
Döwem bu bolşum-a bolanok, bir zad-a edip gazanç etmeli diýip oýlanypdyr.
Ahyram, Akpamygyň etegine köz oklaýyşy ýadyna düşüp (şondan ylhamlanyp) belli bir karara gelipdir.
Çişlik bişirmek üçin ýörüte közi kömüri paketläp bazara çykarypdyr.
Owadan adam dakypdyr kömür pakedine - "Gara Döwus kömürus".


Şondan bärem, Döwem, Akpamygam, Ýedi doganlaram gowy ýaşaýamyşlar.


mango